Modul 5. Internedi ulanmagy dolandyrmak
Transkript
Modul 5. Internedi ulanmagy dolandyrmak
Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy Modul 5 Internedi ulanmagy dolandyrmak Ang Peng Hwa APC CT 1 ÖSÜŞ ÜÇIN INFORMASIÝA WE KOMMUNIKASIÝA TEHNOLOGIÝALARY BOÝUNÇA AZIÝA‒ÝUWAŞ OKEAN OKUW MERKEZI Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy IKT Akademiýasynyň döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin modullarynyň tapgyry Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak Bu iş Creative Commons Attribution 3.0. ygtyýarnamasy boýunça goýberildi. Ygtyýarnamanyň nusgasy http://creativecommons.org.icenses/by/3.0/ salgy boýunça elýeterlidir. Bu çap edilişde beýan edilen pikirler, suratlar we bahalandyrmalar boýunça jogapkärçilik awtorlardadyr, hem-de olar hökmany ýagdaýda Birleşen Milletler Guramasynyň makullan nukdaýnazary ýa-da materiallary hökmünde seredilmeli däldir. Bu çap edilişdäki ulanylýan belgilemeler we materialy beýan ediş ol ýa-da beýleki ýurduň, territoriýalaryň, şäheriň ýa-da etrabyň, ýa-da olaryň administrasiýasynyň, ýa-da olaryň serhetleriniň delimitasiýasynyň hukuk statusy barada Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň adyndan haýsy hem bolsa bir pikiri aňlatmagy göz öňünde tutmaýarlar. Firmalaryň ýa-da telekeçilik önümleriniň atlarynyň ýatlanylmagy olaryň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan makullanylmagyny aňlatmaýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş üçin Informasiýa we Kommunikasiýa Tehnologiýalary boýunça Aziýa-Yuwaş okean okuw Merkezi (UN‒APCICT) Bonbudong, 3-nji gat, Songdo Tehniki Parky, 7-50 Songdo-dong, Yeonsu-gu, Inçeon şäheri, Koreýa Respublikasy Telefon: +82 32 245 1700-02 Faks: +82 32 245 7712 Elektron poçta: info@unapcict.org http://www.unapcict.org Copyright © UN ‒APCICT 2009 ISBN: Dizaýn we sahaplama: Scandinavian Publishing Co., Ltd and studio triangle Çap edildi: Gyrgyz Respublikasynda 2 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak DÖWLET DOLANDYRYŞYNYŇ LIDERLERI ÜÇIN AKADEMIÝASYNYŇ MODULLARYNYŇ TAPGYRYNA SÖZBAŞY IKT 21-nji asyr globallaşýan dünýäde adamlaryň artýan özara baglanyşygy bilen häsiýetlenýär. Bu adamlaryň durmuşyny ymykly gowulandyryp we garyplygy azaltmaga hemaýat berip biljek täze tehnologiýalaryň, zerur maglumatlara we bilimlere elýeterliligiň giňeldilmeginiň kömegi bilen adamlaryň millionlary üçin mümkinçilikler açylýan dünýädir. Emma bu diňe, eger-de, ösýän özara baglanyşyk gymmatlyklaryň alyş-çalşygy, progresiň ähli halklara gulluk edýän ählumumy we durnukly ösüş üçin eýerjeňlik we raýdaşlygy bilen ugurdaş alnyp barlan ýagdaýynda mümkindir. Informasion‒kommunikasion tehnologiýalaryň (IKT) ösüşi babatynda soňky ýyllarda Aziýa we Ýuwaş okean ―üýtgeşik ýokary derejede sebit‖ boldular. Halkara elektriki aragatnaşyk Birleşiginiň maglumatlaryna görä sebitde fiksirlenen aragatnaşygyň müşderileriniň 2 milliarddan köprägi we mobil aragatnaşygyna ýazylanlaryň 1,4 milliarddan köprägi ýaşaýar. 2008-nji ýylyň ortasynda diňe Hytaýda we Hindistanda dünýäniň mobil telefonlarynyň dörtden biri bar diýlip hasaplanyldy. Aziýa ‒ Ýuwaş okean sebitine dünýäniň Internet ulanyjylarynyň 40 göterimi düşýär we dünýäniň möçberinde 39 göterim paý bilen giň zolakly Internediň dünýäde iň uly bazary bardyr. Çalt tehniki progresiň fonunda köpler sifrleýin deňsizligi aradan aýyrmagyň mümkinçiligi barada özlerine soragy berdiler. Gynansak hem, bu soraga jogap ‒ häzire çenli ―entek ýok‖. Hat-da Ženewada 2003-nji ýylda bolup geçen informasion jemgyýetiň soraglary boýunça ýokary derejedäki Bütindünýä duşuşygyndan (IJSÝDBD) bäş ýyl geçeninden soňra, hem-de ähli täsir galdyryjy tehnologiki üstünliklere we sebitdäki esasy oýunçylaryň borçnamalaryna garamazdan, aragatnaşygyň esasy serişdeleri entek hem adamlaryň agdyklyk ediji, aýratyn hem garyplaryň elýeterliliginden daşda bolmagyna galýarlar. Sebitiň 25 ýurdundan gowragynda, esasan hem, adalarda ýerleşýän uly bolmadyk döwletlerde we deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlarda 100 adama Internedi ulanyjylardan 10-dan azy düşýär, hem-de bu ulanyjylar, esasan, uly şäherlerde toplanandyrlar, şol bir wagtda bolsa sebitdäki käbir ösen ýurtlar 100 adama Internedi ulanyjylaryň 80-den gowragyna eýedirler. Giň zolakly Internet bilen üpjün edilişde ösen we ösýän ýurtlar bilen aradaky tapawut has-da täsir galdyryjydyr. Sifrleýin deňsizligi ýeňip geçmek maksatlary bilen we sebitde ählumumy sosial-ykdysady ösüş üçin IKT-iň potensialyny durmuşa geçirmek boýunça ösýän ýurtlarda syýasaty işläp düzüjilere öňe sürülýän meseleleri kesgitlemek, syýasaty kabul etmek, kadalaşdyryjy-hukuk esaslary işläp düzmek, maliýe serişdelerini bölüp bermek, hem-de bolsa IKT-senagatynyň pudagynyň we öz raýatlarynyň 3 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy arasynda IKT ugrunda endikleriň ösüşine hemaýat berýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýardam bermek gerekdir. Hereketleriň IJSÝDBD meýilnamasynda ―... her adam informasion jemgyýetiň we bilimler ykdysadyýetiniň artykmaçlyklaryna düşünmek, gatnaşmak we ulanmak üçin gerekli endikleri we bilimleri gazanmaga mümkinçilige eýe bolmalydyr‖ diýlip aýdylýar. Bu maksat üçin hereketleriň Meýilnamasynyň çäklerinde IKT oblastynda ýokary kär derejeli (kwalifikasiýaly) hünärmenleriň we bilermenleriň kritiki massasyny döretmeklige aýratyn üns bermek bilen, potensialy ösdürmek oblastynda halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyga çagyryş bar. Hut şu çagyryşa jogap hökmünde Ösüş üçin Informasion we kommunikasion tehnologiýalar boýunça Aziýa ‒ Ýuwaş okean okuw merkezi (IKTÖ AÝOM) ösüş üçin IKT-i okatmak boýunça bu ählitaraplaýyn okuw maksatnamasyny ‒ Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasyny ‒ işläp düzdi, ol syýasaty işläp düzüjilere IKT oblastynda has netijeli görnüşde başlangyçlary meýilleşdirmäge we amala aşyrmaga kömek etjek esasy bilimleri we tejribäni ýaýratmaga gönükdirilen häzirki wagtdaky sekiz özbaşdak, emma özara baglanyşykly modullardan durýar. IKTÖ AÝOM Aziýa we Ýuwaş okean üçin Ykdysady we sosial iş toparynyň (AÝOYSIT, ESKATO) bäş sebitleýin institutlarynyň biri bolup durýar. AÝOYSIT Aziýada we Ýuwaş okean sebitinde durnukly we ählitaraplaýyn sosial-ykdysady ösüşe derňew, kadalaşdyryjy iş, potensialy, sebitleýin hyzmatdaşlygy we bilimleriň alyş-çalşygyny ösdürmek esasynda hemaýat berýär. BMG-iň beýleki agentlikleri, halkara guramalary, milli hyzmatdaşlar we gyzyklanýan taraplar bilen hyzmatdaşlykda AÝOYSIT guramasy IKTÖ AÝOM-yň üsti bilen Akademiýanyň bu modullarynyň dürli ýurtlarda ulanylmagyna, kämilleşdirilmegine we terjimesine, hem-de bolsa hökümetiň ýokary we orta derejeli wezipeli adamlary üçin milli we sebitleýin maslahatlaryň üsti bilen regulýar esasda olaryň okadylmagynyň guralmagyna goldawy bermäge borçlanýar, bu işleriň maksady artan potensialyň we alnan bilimleriň IKT-iň bähbitlerine ulalýan düşünmelere we ösüş oblastynda maksatlara ýetmäge anyk çärelere öwrülmeginden ybaratdyr. Noelin Heýzer Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň Orunbasary, AÝOYSIT-iň Ýerine ýetiriji sekretary 4 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak SÖZBAŞY Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasynyň modullarynyň tapgyryny işläp düzmek prosesine syýahat hakykatdan hem ylham beriji we öwrediji tejribe boldy. Ol diňe bir IKT oblastynda potensialy döretmekde boşluklary doldurmak üçin hyzmat etmedi, eýsem köpsanly adamlaryň gatnaşmagy we prosese dahyllylyk duýgusy arkaly okuw kurslarynyň maksatnamalaryny işläp düzmek üçin täze ýoly geçirdi. Akademiýa IKTÖ AÝOM maksatnamalarynyň flagmanydyr, ol bar bolan okuw materiallaryň güýçli we pes taraplarynyň işeňňir barlaglarynyň we derňewiniň esasynda, hem-de öňdebaryjy bilermenleriň arasynda resenzirlemek prosesinde işlenilip düzüldi. Köp sebitlerde Akademiýanyň okadyjy maslahatlary geçirildi, olar dürli ýurtlardan bolan gatnaşyjylaryň arasynda tejribäni we bilimleri alyş-çalyş etmek üçin bahalandyryp bolunmajak mümkinçiligi üpjün etdiler, bu proses Akademiýanyň uçurymlaryny modullary laýyklaşdyrmakda we emele getirmekde alyp baryjy oýunçylara öwürdi. Akademiýanyň başdaky sekiz modullaryny milli derejede okatmaga başlamak ähli sebit boýunça ösüş üçin IKT syýasatyny işläp düzmek (IKTS) oblastynda potensialy güýçlendirmek üçin bar bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek we täzelerini gurmak boýunça kemala getiriji prosesiň döremegini aňladýar. IKTÖ AÝOM syýasaty ähli işläp düzüjileri Akademiýa tarapyndan gurşap almak prosesini üpjün etmekde özüniň esasy çemeleşmesi hökmünde milli Akademiýalaryň işleriniň başynda tehniki goldawy bermäge taýýardygyny aňladýar. Merkez merkezi, döwlet we ýerli dolandyryş edaralary bilen eýýäm göni baglanyşygy bolan sebitleýin we milli okuw edaralarynyň birnäçesi bilen, olaryň IKTS oblastynda potensialyny güýçlendirmek üçin, Akademiýanyň milli zerurlyklara we öňe sürülýän meselelere aýratyn üns berýän modullaryny anyklamak, terjime etmek we olary okatmak ýoly bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Bar bolan modullaryň çägini we gurşap alşyny mundan hem buýanky giňeltmek we täzelerini işläp düzmek boýunça meýilnamalar hem bar. Ondan başga-da, IKTÖ AÝOM Akademiýanyň modullarynyň mazmunynyň sebitde has uly auditoriýa ýetmegini üpjün etmek üçin köp derejeli çemeleşmäni ýarag edinýär. Sebitleýin we milli Akademiýalaryň üsti bilen Akademiýanyň materiallaryny gös-göni okatmak bilen bir hatarda IKTÖ AÝOM öz IKTÖ AÝOM Wirtual Akademiýasyny esaslandyrdy (APCICT Virtual Academy, AVA), ol Akademiýanyň torlaýyn distansion okadyjy platformasy bolup durýar, hem-de ol gatnaşyjylary öz saýlawy boýunça materiallary öwrenmek mümkinçiligi bilen üpjün etmek üçin niýetlenilen. AVA prezentasiýalaryň slaýdlary we tematiki barlaglar ýaly Akademiýanyň ähli modullarynyň we bilelikdäki materiallarynyň torda ýüklemek, köp gezek ulanmak, kämilleşdirmek we ýerleşdirmek üçin ýeňil 5 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy elýeterlidigini kepillendirýär, hem-de ol dürli wezipeleri, şol sanda wirtual leksiýalary, okatmak prosesini guramak we täze mazmuny işläp düzmek we ygtyýarnamalaşdyrmak üçin okuw serişdelerini özünde saklaýar. Sekiz sany moduldan ybarat başdaky tapgyr we olaryň Akademiýanyň sebit, sebitden daşary we milli maslahatlarynyň çäklerinde okadylmagy köp adamlaryň we guramalaryň işe wepalylygy we başlangyçly gatnaşmagy bolmasa mümkin bolmazdy. Men Akademiýanyň uçurymlarynyň we döwlet pudaklaýyn edaralaryndan, okuw jaýlaryndan biziň hyzmatdaşlarymyzyň, hem-de Akademiýanyň maslahatlaryna gatnaşan sebitleýin we milli guramalaryň tagallalaryny we ýeten sepgitlerini bellemek üçin bu mümkinçilikden peýdalanmak isleýärin. Olar modullaryň mazmunyna gymmatly goşant goşmakdan başga, has wajyp zat, olar öz ýurtlarynda Akademiýanyň tarapdarlaryna öwrüldiler, onuň netijesinde IKTÖ AÝOM we milli, sebitleýin edaralaryň ‒ hyzmatdaşlaryň birnäçesiniň arasynda Akademiýanyň kurslaryny kämilleşdirmek we ýurtlarda regulýar kurslaryny geçirmek maksatlary bilen ylalaşyklar baglaşyldy. Ondan başga-da, men bu adaty däl syýahaty mümkin eden köp öňdebaryjy adamlaryň özüni aýamazdan görkezen tagallalaryna aýratyn minnetdarlygymy aýtmak isleýärin. Bu Şahid Akhtar, Akademiýanyň taslamasynyň maslahatçysy; Patrisia Arinto, redaktor; Kristina Alikul, goýberiji redaktor; Akademiýanyň modullarynyň ähli awtorlary we IKTÖ AÝOM-yň komandasy. Akademiýada beýan edilen gymmatly bilimleriň Aziýanyň we Ýuwaş okeanyň ähli burçlarynda adamlaryň arasynda rezonans döredip ýaýramagy üçin IKTÖ AÝOM we onuň ähli hyzmatdaşlary Akademiýanyň terjimesini we mazmunyny ýerleşdirmegiň üstünde üznüksiz işlediler. Hut şu tagallalar bilen biz häzirki wagtda Akademiýanyň rus wersiýasyny çap edýäris. Akademiýanyň rus wersiýasyny taýýarlamak boýunça komanda terminologiýanyň dilde häzirki wagtda ulanylýana laýyk gelmegi, nýuanslaryň we inçelikleriň şöhlelendirilmegi, mazmunyň terjimesiniň bolsa esaslandyrylmagy üçin köp wagty sarp etdiler. Bu manyda olar Akademiýanyň modullarynyň ikinji awtorlary boldular. Men Informasion maglumatlaryň Gyrgyzystandaky Milli merkezine, onuň işgärlerine, olaryň özüni aýamazdan görkezen tagallalaryna we bu başlangyja wepalylygy üçin meniň çuňňur minnetdarlygymy aňlatmak isleýärin. Hususan-da, Almaz Bakenow, Munar Usubaliýewa, Bella Moldobaýewa, Andreý Smirenskiý, Dmitriw Petrenko, Amanbek Bawlankulow, Emil Albanow we Meder Mamutow tarapyndan ýerine ýetirilen ajaýyp işleri bellemek isleýärin. Men Akademiýanyň IKT oblastynda adam resurslarynyň ýetmezçiligini azaltmak, IKT-i ornaşdyrmak ýolunda barýerleri aradan aýyrmak, sosial-ykdysady ösüşi tizleşdirmekde IKT-i ulanmaga hemaýat bermek we Müňýyllygyň ösüşiniň maksatlaryna ýetmekde halklara hemaýat berjekdigine çyndan umyt bildirýärin. Heun-Suk Ri, IKTÖ AÝOM-yň Direktory 6 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak OKUW MODULLARYNYŇ TAPGYRY BARADA Häzirkizaman ―maglumat asyrynda‖ maglumata ýönekeý elýeterlilik biziň ýaşaýyş, iş we dynç alyş keşbimizi üýtgedýär. ―Sifrleýin ykdysadyýet‖, ol ―bilimler ykdysadyýeti‖, ―torlaýyn ykdysadyýet‖ ýa-da ―täze ykdysadyýet‖ hökmünde hem belli, harytlary öndürmekden ideýalary döretmäge geçmek bilen häsiýetlendirilýär. Bu ykdysadyýetde we umuman alanyňda tutuş jemgyýetde maglumat we kommunikasion tehnologiýalarynyň (IKT) rolunyň baştutanlygyny bolmasa-da, artmaklygyny nygtaýar. Netijede tutuş dünýäde hökümetler ösüş maksatlary üçin IKT (IKTÖ) has uly ünsleri berýärler. Bu ýurtlaryň hökümetleri üçin IKTÖ diňe bir IKT senagatynyň ýa-da ykdysadyýetiň sektorynyň ösmeginde däl-de, eýsem sosial, şonuň ýaly-da syýasy ösüşi höweslendirmek üçin IKT-iň ykdysadyýete girizilmeginden ybaratdyr. Şonda-da, IKT oblastynda syýasaty işläp düzmekde hökümetiň duçar bolýan kynçylyklary bilen bir hatarda, syýasaty işläp düzüjileriň köplenç özleriniň milli ösüş maksatlary üçin ulanýan tehnologiýalary bilen tanyş däl bolmak fakty hem bardyr. Hiç kimiň tanyş däl zadyny dolandyryp bilmejekdigi sebäpli köp syýasatçylar IKT oblastynda syýasaty işläp düzmekden gaça durýarlar. Emma IKT oblastynda syýasaty işläp düzmegi ―tehnarlara‖ bermek hem dogry däldir, sebäbi köplenç olarda tehnologiýalary işläp düzmegiň we ulanmagyň berjek syýasy netijeleri barada düşünjeler ýok. IKT Akademiýasynyň döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin modullarynyň tapgyry BMG-yň Ösüş maksatlary üçin Informasiýa we Kommunikasiýa Tehnologiýalary boýunça Aziýa-Yuwaş okean okuw Merkezi (UN‒APCICT) tarapyndan aşakdakylar üçin işlenilip düzüldi: 1. IKT oblastynda syýasaty işläp düzmek üçin jogapkär umumymilli we ýerli derejeli dolandyryş syýasatçylary; 2. IKT esasynda amalyýetleri işläp düzmek we ornaşdyrmak üçin jogapkär döwlet wezipeli adamlary; 3. Döwlet sektorynyň IKT serişdelerini taslamalary dolandyrmak üçin ulanmaga ymtylýan ýolbaşçylary. Modullaryň tapgyrlary IKTÖ bilen syýasat, şonuň ýaly-da, tehnologiýa nukdaýnazaryndan bagly bolan amaly ähmiýetli soraglar bilen tanyşdyrmaga ymtylýar. Maksat IKT boýunça tehniki gollanmany işläp düzmekden däl-de, eýsem, häzirkizaman sifrleýin tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine ýa-da onuň haýsy ugurda ösjekdigine, hem-de syýasy çözüwleri işläp düzmek üçin onuň nämäni aňladýandygyna gowy düşünmegi üpjün etmekden ybaratdyr. Modullarda 7 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy açylýan temalar okatmakda zerurlyklaryň derňewi we dünýäniň beýleki ýurtlarynda ulanylýan okuw materiallary esasynda kesgitlenildiler. Bu modullar olar aýratyn okyjylar tarapyndan özbaşdak öwrenmek, ýa-da taýýarlanyşda ýa-da maksatnamanyň gidişinde resurs hökmünde ulanylyp bilner ýaly görnüşde işlenilip düzüldiler. Bu modullar özbaşyna awtonomdyrlar, emma şol bir wagtda öz aralarynda baglanyşyklydyrlar, hem-de tapgyryň modullaryndaky temalary we ara alyp maslahatlaşmalary öz aralarynda baglanyşdyrmak üçin tagallalar edildiler. Modullary degişli ygtyýarnamalaşdyrmakdan geçip biljek bitewi kursa birleşdirmek uzak möhletleýin maksat bolup durýar. Her modulyň başynda okatmagyň maksatlary we wezipeleri beýan edilýärler, olar boýunça okyjy öz üstünliklerini bahalandyryp biler. Modulyň mazmuny aýratyn bölümlere bölünendir, olara esasy baş ýörelgeleri çuň düşünmäge kömek edýän tematiki barlaglar we gönükmeler girýärler. Gönükmeleri özbaşdak we toparlarda hem ýerine ýetirip bolýar. Ara alyp maslahatlaşmagyň kesgitli aspektlerini şöhlelendirmek üçin modula tablisalar we suratlar girizildi. Okyjylaryň ünsüne edebiýat çeşmelerine we Internet resurslaryna ýüztutmalar berlendir, olar goşmaça maglumaty we bilimleri almak mümkinçiligini berýärler. IKTÖ-i ulanmak dürli taraplaýyndyr, şonuň üçin okuw modullarynda seredilýän käbir tematiki barlaglar we mysallar biri-birine gapma-garşy durýan hökmünde görünmekleri mümkin. Muňa garaşmalydyr, sebäbi bu örän täze we çylşyrymly ders, hem-de dünýäniň ähli ýurtlary ösüş üçin gural hökmünde IKT-iň mümkinçiliklerini öwrenmek prosesine girişmeli diýlip göz öňünde tutulýar. Akademiýanyň modullarynyň tapgyryny çap edilen formatda goldamak torda interaktiw distansion okatmagyň platformasynda ‒ IKTÖ AÝOM-yň Wirtual Akademiýasynda ‒ (AVA ‒ http://www.unapcict.org/academy) ‒ amala aşyrylýar, onda okuw modullarynyň PowerPoint wideo formatynda we prezentasiýalarynda mugallymlaryň çykyşlary görkezilýär. Ondan başga-da, IKTÖ AÝOM bilelikdäki iş üçin IKTÖ-iň elektron merkezini işläp düzdi (e-Collaborative Hub) (e-Cob Hub ‒ http://www/unapcicit.org/ecohub), ol praktiki işgärler we syýasatçylar üçin okatmak we sapak bermek oblastlarynda olaryň tejribesini ýokarlandyrmak maksatlary üçin bölünip berlen torlaýyn resursdyr. E-Co Hub IKTÖ-iň dürli aspektleri boýunça bilimleriň resurslaryna elýeterliligi berýär hem-de bilimleri we tejribäni alyş-çalyş etmek, IKTÖ-i öňe sürmekde hyzmatdaşlyk üçin interaktiw giňişligi üpjün edýär. 8 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak MODUL 5 Internet döwlet syýasaty we adam resurslarynyň durnukly ösüşi üçin halkara möçberde hem, şeýle-de, aýratyn ýurtlarda hem, ymykly gapma-garşylyklary döredýär. Şeýlelikde, halkara syýasatynyň we prosesleriň mundan buýanky ösüşi Internet torunyň ulanylmagyny we işini dolandyrmakdan ybaratdyr. Aziýa-Ýuwaş okean sebiti Internedi ulanyjylaryň dünýäde iň uly paýyna eýe bolsa hem, şondada, onuň Internedi ösdürmäge dahyly bolan syýasaty işläp düzýän forumlarda ýeterlik wekiliçiligi ýok. Sebitleýin many-mazmunda Internedi dolandyrmak soraglary bilen baglanyşykly käbir soraglar we anyk problemalar bar. Kemala gelýän bazar ykdysadyýetli hökümetler, eger-de olar global infromasion torda ses hukugyna eýe boljak bolsalar, bu problemalara düşünmelidirler. Modulyň maksatlary Bu modul şu maksatlary yzarlaýar: 1. Internet toruny ulanmagy we ekspluatirlemegi düzgünleşdirýän halkara syýasatynyň we proseduralarynyň häzirki ösüşini beýan etmek; 2. Sebitleýin many-mazmunda Internedi ulanmagy dolandyrmak bilen baglanyşykly problemalar we anyk meseleler barada umumy düşünjäni bermek. Okatmagyň netijeleri Moduly öwrenmek tamamlanandan soňra okyjylar başarmalydyrlar: 1. Internet toruny ulanmagy we ekspluatirlemegi düzgünleşdirýän halkara syýasatynyň we proseduralarynyň ösüşini beýan etmegi; 2. Internedi ulanmagy dolandyrmagyň esasy soraglaryny ösýän ýurtlaryň nukdaýnazaryndan ara alyp maslahatlaşmagy; 3. Öz ýurtlarynda Internet toruny ulanmagy has netijeli dolandyrmak tarapyna birinji ädimleri görkezmegi. 9 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy MAZMUNY Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasynyň modullarynyň tapgyryna sözbaşy ......................................................................................... Sözbaşy .......................................................................................................... Okuw modullarynyň tapgyry barada ............................................................. Modul 5 ......................................................................................................... Modulyň maksatlary ...................................................................................... Okatmagyň netijeleri ..................................................................................... Tematiki barlaglaryň sanawy ........................................................................ Suratlaryň sanawy ......................................................................................... Gysgaltmalar ………….................................................................................. Şertli belgilemeleriň sanawy ......................................................................... 1. Problemalar we Internedi dolandyrmak oblasty ........... 1.1. 1.2. Giriş ........................................................................................... Internediň taryhy we döremeginiň tehniki şertleri .................... 3 5 7 9 9 9 11 11 12 12 13 13 13 Internedi ulanmaklygy köptaraplaýyn we köpsektorlaýyn dolandyryş ..................................................... 19 2.1. 2.2. Kesgitleme ................................................................................ Maslahat bermeler ..................................................................... 19 21 Internedi dolandyrmagyň çarçuwalary 1 – Internedi ulanmak ......................................................................................... 25 Düzgünleşdirmek režimleri ........................…........................ Teklip edilýän ―ýol kartasy‖ ..................................................... 25 27 4. Internedi dolandyrmagyň çarçuwalary 2 – Internetde hyýanatçylyklar ........................................................... 35 Internetde näme üýtgeşik zat bar .............................................. Internetde hyýanatçylyklar ........................................................ Sanksiýalar ................................................................................ 35 36 40 2. 3. 3.1. 3.2. 4.1. 4.2. 4.3. 5. Real dünýä bilen kesişýän soraglar ..................... 5.1. 5.2. 5.3. 10 Konkurent syýasat ..................................................................... Senzura we söz azatlygy ........................................................... Diffamasiýa ............................................................................... Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak 45 45 46 48 Awtorlyk hukugy we intellektual eýeçiligiň beýleki hukuklary Şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi ............................................ 49 50 6. Ösüş aspektleri: sifrleýin deňsizlik ........................... Ösüş maksatlary üçin IKT ........................................................ Çäklendirmeler we barýerler ..................................................... IKTÖ-ni ulanmak ...................................................................... 53 53 55 55 7. Internedi dolandyrmak: geljege nazar aýlama ........... 57 Goşundy. .......................................................................................... 60 60 61 62 64 5.4. 5.5. 6.1. 6.2. 6.3. Goşmaça edebiýat ........................................................................... Glossariý .......................................................................................... Instruktor üçin bellikler ................................................................... Awtor hakynda ................................................................................ Tematiki barlaglaryň sanawy 1. Elektron şahadatnamalary ykrar etmek 2. Bikanun mazmun: global utgaşdyrylma 3. ―ILoveYou‖ wirusy 4. Sazy ygtyýarnamasyz ulanmak 5. ÝB-iň standartyna laýyk gelmek 6. Her ýylky sarp edijiniň arassalamalary 7. Spam, spam – haçan ol gutarar 8. Internet-baglylyk problemasyny çözmek 9. Öňünden tölemek ýa-da Nigeriýa kezzapçylygy 419 10.Kibergiňişlikde zorluk 11.Kiberjenaýatçylyk barada Ýewropa Geňeşiniň Konwensiýasy 12.Spam bilen göreş alýansy 13.Elektroaragatnaşyk sektorynyň liberallaşdyrylmagy we Internethyzmatlaryň gymmaty 14.Meýletin öz-özüňi bahalandyrmak bilen filtrlemek 15.Oba üçin Internet 29 30 31 32 33 37 38 39 40 41 42 43 45 46 54 Suratlaryň sanawy Surat 1. Internetde web-saýtyň kesgitlenilmesi Surat 2. Internedi ulanmaklygy dolandyrmaklyga köptaraplaýyn we köpsektorlaýyn gatnaşmak 11 16 21 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy Surat 3. Awtorlyk hukugynda deňagramlaşdyrmak 49 Gysgaltmalar IKTÖ AÝOM Ösüş üçin Informasiýa we Kommunikasiýa Tehnologiýalary boýunça Aziýa-Yuwaş okean okuw Merkezi ccTLD Ýokary derejedäki milli domen CoE Ýewropa Geňeşi CSC Umumy hyzmat merkezi, Hindistan DEC Sifrleýin enjamlaryň korporasiýasy DNS Domen atlaryň ulgamy ESKATO, Aziýa we Ýuwaş okean sebiti üçin ykdysady we sosial iş topary AÝOYSIT ÝB Ýewropa Bileleşigi FOSS Erkin we açyk programma üpjünçiligi GPS Global Pozisionirlemek Ulgamy gTLD Ýokary derejeli umumy domen ICAAN Internetde domen atlaryny we san salgylaryny dolandyrmak boýunça Internet-korporasiýa ICPEN Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we kezzapçylyk bilen göreş boýunça halkara tory ICRA Internet mazmuny bahalandyrmak boýunça assosiasiýa IKT Informasion we kommunikasion tehnologiýalar IKTÖ Ösüş üçin informasion we kommunikasion tehnologiýalar IP Internet protokol IPv4 4-nji wersiýaly Internet protocol IPv6 6-njy wersiýaly Internet protocol HEAB Halkara elektroaragatnaşyk Birleşigi MÖM Müňýyllygyň Ösüş Maksatlary YHÖG Ykdysady Ösüş we Hyzmatdaşlyk Guramasy RIAA Ses ýazýan kompaniýalaryň Amerikan assosiasiýasy RIR Regional Internet Registrator TCP/IP Geçirmegi dolandyrýan protokol / Internet protokol TLD Ýokary derejeli domen BMG Birleşen Milletler Guramasy ABŞ Amerikanyň Birleşen Ştatlary IUDIT Internedi ulanmagy dolandyrýan Iş topary IJSBÝDÄD Informasion jemgyýetiň soraglary boýunça ýokary derejede bütindünýä duşuşygy 12 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak Şertli belgilemeleriň sanawy Tematiki barlag Amaly gönükmeler 13 Oýlanmak üçin soraglar Özüňizi barlaň Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy 1. PROBLEMALAR WE INTERNEDI DOLANDYRMAK OBLASTY Bu bölümiň meselesi Internediň gysga taryhyny we ony ulanmagy dolandyrmagyň gerekliginiň şertlerini bermek, hem-de bolsa Internedi ulanmagy dolandyrmagyň hereketleriniň oblastyny gysgaça sypatlandyrmak bolup durýar. 1.1. Giriş. Internet atlandyrylýan täze aragatnaşyk gurşawy düzgünleşdirilip bilinmez diýip köplenç hasap edýärler. Bu düşnükli, sebäbi ony birinji ulanyjylar Internediň ýadro hüjüminde diri galmak, aýlanyp geçýän marşrutyň kömegi bilen gabawy geçmek, köpsanly halkara serhetlerini kesip geçmek üçin niýetlenilip oýlanyp tapylandygy barada ýygy-ýygydan we gaty ses bilen yglan edýärdiler, hem-de şunlukda, ol senzura üçin elýeterli bolmaly däl diýilýärdi. Senzura üçin elýeterli bolmazlyk onuň mazmunyny haýsy hem bolsa bir syýasata boýun egdirmegiň kyn boljakdygyny, mümkin hem bolmazlygyny aňladýar, hem-de gelip çykýan netije hökmünde ulanyjylary dolandyrmak çylşyrymly bolar.1 Indi, Internet köpçülige elýeterli bolanyndan 10 ýyl soňra, biz Internet barada bu pikir ýöredişleriň miflerdigini we Internediň düzgünleşdirilip bilinjekdigini bilýäris. Hakykatdan hem, ýurt näçe ösen bolsa, şonça-da ol Internede degişli köp düzgünlere eýedir, şol bir wagtda bolsa az ösen ýurtlarda Internedi düzgünleşdirýän düzgünler örän az ýa-da ýok. Düzgünleriň ýoklugy Internedi ulanmak bilen zyýan ýetirmäge gyzyklanýanlar üçin, meselem, spam ýa-da kezzapçylyk üçin ösýän ýurtlaryň gaçybatalga bolmagyna getirip biler. Iş Internedi ulanmagy basyp ýatyrýan düzgünleriň we kanunlaryň sanynda däl. Eger-de bu şeýle bolsady, onda ABŞ Internedi gysmakda öňde bolardy, infrastrukturany gurmak problemalary bilen entek hem başagaý bolup ýören Laos Halk Demokratik Respublikasy ýaly ýurt bolsa Internetde gülläp öserdi. Internedi düzgünleşdirýän düzgünleriň ýuridiki we tehniki aspektlere aýdyň düşünmek esasynda we halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde işlenilip düzülmegi möhümdir. Bu modulyň maksady bu soraglary we Internedi ulanmagy dolandyrmak oblastynda halkara hyzmatdaşlygyna ýetmegiň mümkin bolup biljek ýollaryny düşündirmek bolup durýar. Peng Hwa Ang, Haosy tertipleşdirmek: Internedi düzgünleşdirmek (Singapur: Tomson, 2005) (Peng Hwa Ang, Ordering Chaos: Regulating the Internet (Singapore: Thomson, 2005)). 1 14 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak 1.2. Internediň taryhy we döremeginiň tehniki şertleri Taryhy we tehniki ösüş Internet ýadro hüjüminden soňra işe ukyplylygyny saklap biljek kommunikasion gurşawy döretmek üçin däl-de, eýsem intensiw hasaplamalary talap edýän meseleleri çözmek üçin dürli ýerlerde ýerleşen kompýuterleri ulanmaga fiziklere mümkinçilik berýän tory döretmek üçin oýlanylyp tapyldy. Ol wagtlar kompýuterler uly gabaraly, gymmat durýan, giň meýdany eýeleýän enjamlardylar. 2 Kompýuterleriň birleşdirilen usuly 1960-njy ýyllarda oýlanyp tapylan protokoly ulanýardy, ol torda ulanylýan tehnologiýa bagly däldi. Bu çözüw standart däldi, sebäbi islendik adam bir ýerden başga ýere habary goýbermek üçin ýeterlik gowy enjamlary we tehnologiýalary ulanmak gerek diýip pikir edýär. Onuň ornuna teklip edilen protokol kompýuter habarlaryny we transaksiýalaryny aýratyn paketler hökmünde goýbermäge mümkinçilik berdi, olar niýetlenilen ýerlerine gelende täzeden ýygnalýardy. Eger-de habar doly göwrümde ýa-da ýalňyşlarsyz alynmadyk bolsa, onda ol täzeden goýberilýärdi. Goýbermegiň beýle usuly geçirýän toruň ýa-da kanalyň ―intellekt‖ häsiýetiniň bolmagynyň gerek däldigini aňladýar. Bar gerek zat – bu marşrutlaýjylar, olar habarlaryň nirä gitmelidigini görkezýärler, ondan soňra habarlar öz ýoluny ―samsyk toruň‖ içinde tapýarlar. Bu ―Torara protokolyň‖ kömegi bilen habarlar dürli torlary telefon aragatnaşygy üçin ulanylýan protokol bilen bolanyna garanyňda has gowy kesip geçýärdiler. Torara protokolyň artykmaçlygy 1970-nji ýyllarda, haçan-da telefon kompaniýalar öz torlaryna intellektual tehnologiýalary ornaşdyryp başlanlarynda has köp aýdyň boldy. 3 Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) global aragatnaşyk torlaryny utgaşdyrmak üçin agentligi bolan Elektriki aragatnaşygyň halkara Birleşiginiň (EAHB) birnäçe protokollary we standartlary işläp düzendigine garamazdan, garaýyşlarda tapawutlar çaknyşyga getirdi, ol, ahyrky hasapda, Torara protokolyň telefon kompaniýalarynyň protokolynyň üstünden peýdasyna getirdi. Keýt Hafner we Metýu Lýon, Ussatlar nirede Giç wagta çenli galýarlar: Internediň döreýşi (NýuÝork: Simon we Şuster, 1998) (Katie Hafner and Mathew Lyon, Where Wizards Stay Up Late: The Origins of the Internet (New York: Simon and Schuster, 1998)). 3 Dawid S. Isenberg, ―Samsyk Toruň Başlangyçlary‖, ACM Tory 2.1. Fewral/Mart (1998): 24-31, (David S. Isenberg, ―The Dawn of the Stupid Network,‖ ACM Networker 2.1 February/March (1998): 24-31, http://www.isen.com/papers/Dawnstupid.html)). 2 15 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy Internedi ulanmagy dolandyrmagyň taryhy4 Protokollaryň we standartlaryň tehnologiýalar dünýäsinde örän möhüm ähmiýete eýedigini göz öňünde tutmak gerekdir, sebäbi olary gözegçilikde saklaýan höküm edip biler, gözegçilikde saklamaýan bolsa elmydama tehnologiýalaryň ösüş tarapyna eýerer. Internet ýagdaýynda dürli torlary birleşdirmek üçin ulanylan protokol indi Geçirmegi dolandyrýan Protokol / Internet Protokoly (Transmission Control Protocol/Internet Protocol - TCP/IP) diýlip atlandyrylýar. Winton Serf (Vinton Cerf) we Bob Han (Bob Kahn) tarapyndan 1974-nji ýylda oýlanyp tapylan bu kommunikasion protokol toruň funksionirlemegi üçin şeýle ähmiýetli boldy, TCP/IP ulanýan islendik tora Internet hökmünde seredildi. Modulyň esasy maksadyny açmak üçin protokolyň işiniň iň gyzykly ýörelgesini belläp geçeliň – bu tor boýunça maglumatlary geçirmek prosesine gösgöni dolandyryşyň ýoklugy; diňe onuň üsti bilen kommunikasiýa amala aşyrylýan salgy (adres) dolandyrylýar. Salgylar problemasy salgylaryň konfliktiniň ýoklugyny üpjün edýän kimdir biriniň gerekliginden ybaratdy. Torlary belgilemek üçin Salgylanmalaryň Global Ulgamy belgileri (nomerleri) ulandy. Kimdir biri ýa-da edara hiç bir iki salgynyň meňzeş belgileri ulanmaly däldigini üpjün etmeli — ýagny bu hilli konfliktleri aradan aýyrmak üçin merkezi ýolbaşçylyk bolmaly. Şeýlelikde, gürrüň Jon Posteliň (Jon Postel), ol öz ähli ylmy derejelerini Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetinde aldy, soňra bolsa Informatizirlemek Institutynyň (Information Sciences Institute) direktory hökmünde Günorta Kaliforniýa uniwersitetine işe geçmek bilen, ―Internediň Hudaýy‖ bolmagy barada barýar, ony beýle diýip ―Ykdysatçy‖ žurnaly atlandyrdy. Ol bu hilli konfliktleri çözýärdi, şonuň bilen, toruň mundan buýanky ösmegine hemaýat berýärdi. Torlaryň sanynyň artýandygy sebäpli, olaryň hersi üçin belgileri ýatlamak has çylşymlaşýardy. Meselem, 1983-nji ýylda Postel we Pol Mokapetris (Paul Mockapetris) belgilere atlary bermegi teklip etdiler. Meselem, 64.233.161.18 ýygnamagyň deregine gözleg ulgamyny çagyrmak üçin google.com diýip görkezmek bolardy. Bu telefon belgileri ulgamyna atlary bermek bilen deňdi. Şeýlelikde, Domen Atlaryň Ulgamy (Domain Name System, DNS) peýda boldy. Internediň taryhyna degişli islendik kitap gowy çeşme bolup biler. Onuň ýaly iki kitap şular: Hafner we Lýon: Ussatlar nirede Giç wagta çenli galýarlar (Where Wizards Stay Up Late) hem-de Jek Godlsmit we Tim Wu: Kim Internedi gözegçilikde saklaýar: Serhetsiz Dünýäniň Illýuziýalary (Jack Goldsmith and Tim Wu‘s Who Controls the Internet: Illusions of a Borderless World). Ynanyp boljak onlaýn çeşme Internet Jemgyýetiniň Taryhlarydyr, olary şu ýerden tapyp bolar: http://www.isoc.org/internet/history. 4 16 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak DNS-iň özi hem käbir hukuk problemalaryny döretdi, olar indiki bölümde seredilerler. Bu pursatda tutuş problema düşünmek üçin DNS-iň işine ýöne düşünmek gerek.5 DNS iýerarhiki ulgam bolup durýar, ol torlar we kompýuterler barada maglumaty guramak üçin agaç görnüşli strukturany ulanýar. Bu poçta salgysyny ýada salýar: kimdir biriniň köçäniň salgysyny başda we ýurduň adyny soňda ýerleşdirişi ýaly, şol hilli görnüşde ýokary derejeli domen (TLD) soňda ýerleşýär, has anyk torlaýyn salgy bolsa – başda. Şeýlelikde, haçan-da Kompýuter Internetde salgyny gözläninde gözleg sagdan çepe her indiki serweri at barada ondan çep tarapdan sorag geçirmek ýoly bilen amala aşyrylýar. 1985-nji ýylyň ýanwarynda haçan-da ýokary derejeli domenler (TLDs) birinji gezek girizilenlerinde olar bary-ýogy alty sanydylar: COM – telekeçilik guramalary üçin EDU – bilim beriş edaralary üçin NET – torlaýyn prowaýderler üçin ORG – telekeçilik däl guramalar üçin MIL – ABŞ-nyň harbylary üçin GOV – ABŞ-nyň hökümeti üçin.6 Ondan bäri umumy niýetlenilişli ýokary derejeli beýleki domenler (gTLDs) goşuldylar. 7 Biziň maksatlarymyz üçin has möhümlisi ýurtlar boýunça ýokary derejeli domenleriň (ccTLDs) döredilmegi bolup durýar. Bu kodlar halkara söwdasynda ulanylan, ýurtlar we garaşly territoriýalar üçin ISO 3166-1 alfa-2 iki harply kodlary ýatladýar, ýöne olar bilen deň däldir. 8 Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hem iki harply ccTLD (US) kod bar. Emma özüniň taryhy taýdan dominirlemegi sebäpli we birinji açyjynyň artykmaçlygy sebäpli, umumy niýetlenilişli, ýokary derejeli gTLD ýurduň kody bolmadyk domenler, aýratyn hem COM, ABŞ-nyň ýa-da kimdir biriniň täsiri astynda diýlip hasaplanylýar, bu global ambisiýalary görkezmegi aňladýar. ccTLDs-iň bolmagy hökümetleriň agaç şekilli iýerarhiki strukturanyň esasynda has aşaky derejeli domenlere özbaşdak eýeçilik edip biljekdigini aňladýar. Meselem, yahoo.fr Fransiýada DNS administratory tarapyndan kesgitlenilen DNS üçin has jikme-jik maglumat üçin seret: http://en.wikipedia.org/wiki/Domain_name_system . TLD ulgamy barada has jikme-jik maglumat üçin seret: http://en.wikipedia.org/wiki/Generic_toplevel_domain 7 Doly sanaw üçin seret: http://data.iana.org/TLD/tlds-alpha-by-domain.txt. Okyja has amatly sanaw şu ýerde bar: http://en.wikipedia.org/wiki/List_of_Internet_top-level_domains. 8 ISO 3166-1 alfa-2 üçin has köp jikme-jiklikler üçin seret: http://en.wikipedia.org/wiki/ISO_31661_alpha-2 . 5 6 17 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy düzgünlere boýun eger. Meselem, belli ýagdaýda fransuz kazyýeti Yahoonyň öz websaýtynda fransuz auditoriýasy üçin niýetlenilen nasist suwenirlerini satyp bilmejegi barada çözgüt çykardy. Fransuz kazyýeti ara goşulyp biler we şeýle çözüwi boýna dakyp biler, sebäbi domen ady — yahoo.fr — Fransiýada hasaba alnandyr. Yahoo soňra fransuz ulanyjylary üçin öz websaýtyny fr.yahoo.com ada täzeden atlandyrdy. Görşüňiz ýaly, websaýtyň täze salgysy COM domeninde Yahooda hem-de FR markirlenen serwerde ýerleşýär. Täze salgy hakykatdan hem Yahoonyň fransuz kanunlaryny hasaba alman biljekdigini aňladýar, ýöne munuň üçin agramly telekeçilik sebäpleri ýok. Hakykatdan hem, Yahoo ähli öz daşary ýurt saýtlaryny salgylar COM bilen tamamlanar ýaly görnüşde täzeden atlandyrdy. Ara alnyp maslahatlaşylmaly ýene-de bir tehniki sorag bar. Bu kök serwere degişlidir. Haçan-da kompýuter salgyny gözläninde, ol muny sagdan çepe ýerine ýetirýär. gTLD-iň web-salgynyň sag tarapynda ýerleşýändigi sebäpli, kompýuteriň birinji seredýäni – bu iň sag ahyrda ýerleşýän zatdyr. Meselem, www.google.com üçin kompýuter gözlegi .com ýazgydan başlamaly. Häzirkizaman DNS-düzgünler görünmeýän simwoly (göz öňünde tutulýan nokady) ―ara saldylar‖: Internetde ähli domen atlar hakykatdan hem nokat (―.‖) bilen ýa-da doly togtama bilen (full-stop) tamamlanýarlar, ol kök serweri diýilýän serwere gönükdirilýär. Kök serwerleriň operatorlary diýlip atlandyrylýan 12 kök guramalar bar, olar A harpdan başlap M harpa çenli markirlenen serwerlerde işleýärler. A serwer esasy (baş) serwer hökmünde işleýär, ol B-den M-e çenli serwerler bilen informasiýany günde birnäçe gezek alşyp-çalyşýar, şu sebäpli informasiýa elmydama gündelik bolup durýar. Tejribelikde informasiýanyň uly bölegi beýleki serwerlerde saklanylýar, olar Internetde traffigi minimallaşdyrmak we elýeterliligi çaltlandyrmak üçin bütin dünýä boýunça ätiýaçlyk üçin paýlanandyrlar. Bu ähli oblast kök zona diýlip atlandyrylýar.9 Kök zonanyň ähli Internediň işi üçin ägirt ähmiýete eýe bolandygy sebäpli, ýapyk serwer atlandyrylýan, hakerlerden gizlenen ýene-de bir serwer bardyr. Gizlenen serwer we A baş-serwer fiziki taýdan ABŞ-da ýerleşendir. Surat 1. Internetde web-saýtyň kesgitlenilmesi (Çeşme: DiploFoundation, http://textus.diplomacy.edu/textusbin/env/scripts/Pool/GetBin.asp?IDPool=1175) Wolfgang Kleýnwahter, ―Internet Köküniň Demistifikasiýasy: Bize Hökümediň Gözegçiligi gerekmi?‖ Internet Dolandyrylyşyny Reformirlemek, düz. Wilýam J.Dreýk (Nýy-Ýork: UN IKT Iş Topary, 2005), 209-225 (Wolfgang Kleinwächter, ―De-Mystification of The Internet Root: Do We Need Governmental Oversight?‖ in Reforming Internet Governance, ed. William J. Drake (New York: UN ICT Task Force, 2005)), 209-225, http://www.wgig.org/docs/book/WGIG_book.pdf. 9 18 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak Bu ýerde ABŞ bilen uruş ýagdaýynda bolan ýurtda Internet bilen näme bolup geçer diýen sorag ýüze çykýar. ABŞ-nyň administrasiýasy, meselem, bu ýurdy kök zonanyň faýlyndan ol Internetden ýok bolar ýaly aýryp bilermi? Yrak bilen urşuň öň ýanynda IQ domen ady Internetden ýitdi. IQ domenini Saddam Hüseýniň hiç bir ýakyny ulanmaýardy, ony diňe Tehasda ýaşaýan palestin araplary ulanýardy. Domen adynyň operatorlary doganlar Elaşi (Elashi) we olaryň iş hyzmatdaşlary tussag edildiler we olara 2002-nji ýylda kompýuter bölekleriniň Liwiýa we Siriýa bikanun eksporty barada günä bildirildiler. Bilgeşleýinmi ýa-da ýok, emma IQ domen at ulgamy edil urşuň öň ýanynda ýapyldy. 2005-nji ýylyň 28-nji iýulynda, Internedi dolandyrmak boýunça BMG-yň Işçi toparynyň (IUDIT) mandaty astynda hasabat tamamlanan wagtynda, hem-de ol BMG-yň resmi dillerine terjime edilen pursadyna çenli, IQ domen ady Yragyň hökümetine berildi. Sebäp diňe şu wagtda hemişelik we işe ukyply Yrak hökümetiniň ýüze çykandygyndan ybaratdyr. Kök zonanyň üstünde kontrol, görnüşi ýaly, Internedi ulanmagy dolandyrmakda esasy sorag bolup durýar. Emma başga problemalar hem bar. Käbir ýurtlar hem IP-salgylary paýlamak soragy barada biynjalykdyrlar. Internediň ösüşiniň tötänleýin we meýilnamalaşdyrylmadyk bolandygy sebäpli, käbir amerikan uniwersitetleri käbir ýurtlara garanyňda IP-salgylaryň köp sanyna eýe bolup çykdylar. Problema diňe bir IP-salgylary paýlamak ýörelgesinde däl, eýsem, IP-salgylaryň sanynyň gutaryp bilinjekdigindedir hem. 4 (IPv4) wersiýanyň Internet-protokolynyň ulgamynda ulanmak üçin 4,294,967,296 unikal IP-salgylar elýeterlidi. Global ilatyň sanynyň bu sana garanyňda has köpdügi sebäpli IPsalgylaryň gutarmagynyň ähtimallygy bardyr. Bu sorag kesgitli bir derejede IPsalgylaryň ulgamynyň has netijeli ulanylmagy bilen we 6 (IPv6) wersiýaly 19 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy Internet-protokolyň ornaşdyrylmagy bilen çözüler, ol 340,282,366,920,938,463,374,607,432,768,211,456 (340 milliard trillion trillion) unikal IP-salgylara eýedir.10 Internedi ulanmagy dolandyrmak soragy 2003-nji ýylda Informasion jemgyýetiň soraglary boýunça ýokary derejedäki bütindünýä duşuşygy (IJSBÝDÄD) wagtynda galdyryldy. Köp ýurtlaryň Internedi ulanmagy dolandyrmak soragyna seretmek isleýän wagtynda, bu soragy çözmäge gatnaşmak üçin entek ýeterlik potensialyň, aýratyn hem ösýän ýurtlarda ýokdugy barada ABŞyň öz pikiri bardy. Şeýlelikde, BMG-yň Baş Sekretary tarapyndan işçi topar dörediler diýlip çözüw kabul edildi, ol bu sorag boýunça hasabat hödürlär. IJSBÝDÄD ýörelgeleriniň deklarasiýasy yglan edýär: 50. Internedi ulanmagy dolandyrmagyň soraglaryny halkara derejesinde ylalaşykly görnüşde çözmeli. Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretaryna Internedi ulanmagy dolandyrmak boýunça işçi topary döretmek barada haýyş bilen ýüz tutýarys, bu açyk we ählumumy prosesiň çäklerinde bolmalydyr, ösýän ýurtlardan hem, şeýle hem, ösen ýurtlardan hem döwlet dolandyryşynyň edaralarynyň, hususy sektorynyň we raýat jemgyýetçiligiň, şol sanda, degişli hökümetara we halkara guramalarynyň we forumlarynyň hem doly ölçegli we işeňňir gatnaşmagy üçin mehanizm üpjün edilmelidir, maksat Internedi ulanmagy dolandyrmak soragyny öwrenmek we 2005-nji ýylda degişli ýagdaýlarda Internedi ulanmagy dolandyrmagy guramak babatda çözüwleri kabul etmek üçin teklipleri bermek bolup durýar.11 Internedi ulanmagy dolandyrmak boýunça Iş topara (IUDIT), ol 40 adamdan durýar, ýagdaýlary derňemegi geçirmek we faktlary kesgitlemek tabşyryldy – ýagny Internedi ulanmagy dolandyrmagyň nämeden ybaratdygyny kesgitlemeli, haýsy soraglar bar we kim näme etmeli. Bu IUDIT-iň hasabatyndan alyndy, ol soňra serediler. YHÖG, ―Hökümetler we biznes Internet salgylaryň ýetmezçiligini bilelikde çözmelidirler, YHÖG aýdýar,‖ 2008-nji ýylyň 15-nji maýy (OECD, ―Governments and business must tackle Internet address shortage together, says OECD,‖ 15 May 2008), http://www.oecd.org/document/29/0,3343,en_2649_34223_40542045_1_1_1_1,00.html. 11 Informasion Jemgyýet barada Bütindünýä duşuşygy, Ýörelgeleriň Deklarasiýasy – Informasion Jemgyýeti gurmak: Täze müňýyllykda global çagyryş (2003-nji ýylyň 12-nji dekabry) (World Summit on the Information Society, Declaration of Principles – Building the Information Society: A global challenge in the new Millennium (12 December 2003)), http://www.itu.int/wsis/docs/geneva/official/dop.html. 10 20 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak Oýlanmak üçin soraglar Siziň ýurduňyzda Internedi ulanmagy dolandyrmak nähili ähmiýete eýe? Özüňizi barlaň 1. Internediň ýüze çykmagynyň çeşmesi näme boldy? Ol aragatnaşyk serişdeleriniň ýadro hüjümini başdan geçirmegi başarmagy üçin döredildimi? 2. Internediň merkezi dolandyryş edarasynyň ýoklugy barada köplenç eşitmek bolýar. Bu dogrumy? 3. DNS haýsy görnüşde Internedi gurnaýar? 4. IP-salgy bilen domen adyň arasyndaky tapawut nämeden ybarat? 5. IPv4 we IPv6 arasyndaky praktiki tapawutlar nämeden ybarat? 21 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy 2. INTERNEDI ULANMAKLYGY KÖPTARAPLAÝYN WE KÖPSEKTORLAÝYN DOLANDYRYŞ Bu bölümiň meselesi IUDIT-iň tamamlaýjy nutugy, Internedi ulanmagy dolandyrmagyň iň jedelli aspektleriniň töweregindäki syýasy dartgynlyk, hem-de bolsa Internedi ulanmagy dolandyrmak boýunça Forumyň roluny ýokarlandyrmak barada umumy düşünjeleri bermek bolup durýar. Internedi ulanmagy dolandyrmak oblastynda kanunçylygy berjaý etmek soraglarynda biynjalyklyk maslahat bermeleriň Internediň funksionirlemegine zyýan ýetirmezliginden ybaratdyr. Şeýlelikde, IUDIT Internediň işi boýunça birnäçe ýolbaşçylyk ýörelgelerini kabul etdi, has takygy, Internet durnukly we howpsuz bolmagyny dowam etmeli, onuň arhitekturasyny we standartlaryny ösdürmek açyk we merkezleşdirmeden aýrylan bolup galmagyny dowam etmeli, domen atlary we sanlar bolsa geljekde hem işi bilmeklik bilen dolandyrylmaly. 2.1 Kesgitleme Internedi ulanmagy dolandyrmagy kesgitlemäge seretmek käbir gapmagarşylyklardan başlandy. HEAB-yň Baş Sekretary Ýoşio Utsumi (Yoshio Utsumi), IJSBÝDÄD-iň Baş Sekretarynyň rolunda çykyş edip, IUDIT-e öz ýüzlenmesinde Internedi ulanmagy dolandyrmagy kesgitlemegi daraltmak islegini bildirdi. Ol mälim etdi: ... ―Internedi dolandyrmak‖ diýen has giň syýasy düşünjäniň astyna düşüp biljek soraglaryň köpüsi IJSBÝDÄD-iň birinji tapgyrynyň gidişinde eýýäm giň ara alnyp maslahatlaşyldylar, birinji tapgyryň tamamlaýjy resminamalarynda ylalaşylan ýörelgeler we hereketler şertleşildiler. Hökümetleriň arasynda, Hammametde mälim edilişi ýaly, bu soraglaryň täzeden ara alnyp maslahatlaşylmazlygy barada giň ylalaşyk bar. Şeýlelikde, meselem, informasiýany erkin geçirmek, spama garşy durmak, toruň howpsuzlygy, sebitleýin kök serwerler, konfidensial maglumaty goramak ýa-da IKT-i nädogry ulanmak ýaly soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin hiç hilli zerurlyk ýok. Onuň ornuna biz ICANN-yň (Internet Corporation for Assigned Names and Numbers – Domen atlary we IP-salgylary bilen baglanyşykly soraglary düzgünleşdirmek üçin telekeçilik bolmadyk Halkara 22 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak guramasy) Internet-resurslary dolandyrmak boýunça esasy işlerine, aýratyn hem, çözülmän galan has möhüm soraglar bolan ýokary derejeli domenlere, ünsi jemlemeli.12 Iş topary bu dar nukdaýnazar bilen ylalaşmady we onuň ornuna Internedi ulanmagy dolandyrmagyň has giň kesgitlemesini kabul etdi: Internedi dolandyrmak hökümet, hususy sektor we raýat jemgyýetçiligi tarapyndan, olar öz degişli rollaryny ýerine ýetirenlerinde Internediň ewolýusiýasyny we ulanylmagyny düzgünleşdirýän umumy ýörelgeleri, kadalary, düzgünleri, çözüwleri kabul etmek proseduralaryny we maksatnamalaryny işläp düzmegi we ulanmagy bolup durýar. 13 Bu kesgitleme, aýratyn hem beýleki teklip edilenler bilen deňeşdireniňde gysga boldy. 14 Kesgitlemede birnäçe wajyp pursatlar bar. Birinjiden, Internedi ulanmagy dolandyrmagyň dar düşünilmegi ret edildi, ol ýöne ICANN-yň funksiýalaryna eltilýärdi, HEAB olary eýýäm ýerine ýetirilýänlere ekwiwalent diýip hasaplady. Ikinjiden, kesgitleme döwlet syýasatynyň şu möhüm soraglaryny gurşap alýar: spam, şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi, kiberjenaýatçylyk, howpsuzlyk we Internediň ösüşi — bu soraglar HEAB-yň strukturasy bilen guramaçylyk taýdan deň gelmeýärler. Üçünjiden, kesgitleme köptaraplaýyn çemeleşme işlenilip düzülende hususy sektory we raýat jemgyýetini öz içine aldy, HEAB bolsa olary öz mejlislerine erkin çekip bilmeýär, sebäbi köp ýurtlarda döwlet bilen baglanyşykly kärhanalar bolan telekommunikasion kompaniýalar HEAB-yň agzalarydyrlar. Bu kesgitleme Internedi ulanmagy dolandyrmagyň hökümetler tarapyndan diňe bir kabul edilen kanunlardan has uly düşünjedigini hem göz öňünde tutýardy. Ol Internet-jemgyýetçilik tarapyndan işlenilip düzülen sosial kadalary we düzgünleri öz içine aldy. Bu bolsa raýat jemgyýetçiligine ykrar edilmegi berdi, bu Internediň ösmeginde kesgitli roly oýnady. Ýoşio Utsumi, Gutlag Sözi (Internedi dolandyrmak boýunça Iş Toparynyň Birinji Duşuşygy, Ženewa, Şweýsariýa, 2004-nji ýylyň 23-25-nji noýabry) (Yoshio, Utsumi, Welcome Speech (First Meeting of the Working Group on Internet Governance Geneva, Switzerland, 23-25 November 2004), http://www.wgig.org/docs/Utsumi.pdf. 13 IUDIT, Internedi Dolandyrmagyň Işçi toparynyň Hasabaty (2005), 4 (WGIG, Report of the Working Group on Internet Governance (2005), 4), http://www.wgig.org. 14 IUDIT, Informasion-Maglumat Hasabaty (2005) (WGIG, Background Report (2005)), http://www.wgig.org . 12 23 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy IJSBÝDÄD-iň Deklarasiýasyndan tassyklamalar bilen üsti doldurylan kesgitleme Internedi ulanmagy dolandyrmak prosesiniň ähli gyzyklanýan taraplaryň pikirleriniň hasaba alynmalydygyny (hökümetleri, hususy we döwlet sektoryny öz içine almak bilen), köptaraplaýyn bolmalydygyny (köp taraplaryň gatnaşmagy bilen), hem-de bolsa aýdyň we demokratiki (köpçüligiň isleglerine hormat goýmak) bolmalydygyny göz öňünde tutýardy. Bu Internedi ulanmagy dolandyrmak prosesiniň möhümligini nygtady. Surat 2. Internedi ulanmaklygy dolandyrmaklyga köptaraplaýyn we köpsektorlaýyn gatnaşmak (Çeşme: DiploFounation, http://textus.diplomacy.edu/textusbin/env/scripts/Pool/GetBin.asp?IDPool=1188) 2.2. Maslahat bermeler Işçi topar käbir maslahatlary hem berdi. Birinjisi Internet bilen baglanyşykly soraglara seretmek üçin ähli gyzyklanýan taraplaryň forumy barada. Forum çözüwleri kabul etmäge mandaty ýok, gymmat bolmadyk guramaçylyk strukturasy bolmalydyr. Onuň maksady gyzyklanýan taraplara problemalary ara alyp maslahatlaşmak we öňdebaryjy tejribäni paýlaşmak mümkinçiligini bermekden ybaratdy. Internedi ulanmagy dolandyrmak boýunça Birinji Forum 2006-njy ýylda Afinyda bolup geçdi. Ikinji mejlis Braziliýada, Rio-de Žaneýroda boldy. Üçünji duşuşyk Hindistanda, Haýdarabatda 2008-nji ýylyň dekabrynda göz öňünde tutulýar. IUDIT-iň ikinji maslahaty Internetde gözegçilige dahylly. Işçi topary IJSBÝDÄD-iň ýörelgelerine esaslanmak bilen gözegçiligiň halkaralaşdyrylmagyny maslahat berdi, oňa laýyklykda bu hilli gözegçilik köpsanly gyzyklanýan 24 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak taraplaryň gatnaşmagy bilen, köptaraplaýyn, aýdyň we demokratiki bolmalydyr. Beýle gözegçiligiň Internediň gündelik funksionirlemegine goşulyşmaly däldigi sebäpli, amerikan hökümetiniň ICANN-yň üstünden gözegçilik edýän öz ýeke-täk edarasyndan ýüz döndermelidigi barada pikiri işçi topary açyk däl görnüşde aýtdy. IUDIT-iň nutugynda Internet bilen baglanyşykly halkara edaralaryň arasynda ICANN-yň iň aýdyň hökmünde bahalandyrylandygyna garamazdan, ICANN bilen baglanyşykly problemalar hem galdyryldy. Olaryň birinjisi ICANN-yň täze gTLD domenlerini döretmek boýunça haýsy hem bolsa bir möhletleri teklip etmeýändiginden ybaratdyr. Beýle çyzgydyň bolmagy täze gTLD-i teklip edýänler, hem-de teklip edilen gTLD barada bellikleri bolanlar üçin peýdalydyr. Ikinjiden, Hökümet maslahat beriş komitetiniň (Government Advisory Committee) – hökümetleriň öz tekliplerini hödürleýän forumyň - ICANN-yň iň pes aýdyňlygy bolan bölegidigi ykrar edildi. Emma dolandyrmagyň esasy problemalary, birinjiden, ICANN-yň – öňdebaryjy tejribä laýyklykda tenderiň esasynda baglaşylan şertnama bilen däl-de, ýeke-täk firma-dalaşgär bilen kontrakty bolan amerikan kompaniýasydygyndan ybaratdyr. Ikinjiden, ICANN ABŞ-yň Söwda Ministrliginiň gözegçiligi astyndadyr, olaryň arasynda özara düşünişmek barada gol çekilen memorandum bilen bu ýagdaý berkidilendir. ABŞ-yň Hökümeti ICANN-yň üstünden öz gözegçiliginiň peýdasy barada iki delillendirme getirdi: (1) Internetde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek maksatlary bilen; (2) Internede beýleki ýurtlar tarapyndan senzura edilmegine ýol bermezlik üçin. 15 Iki delil hem jedellidir. Olaryň birinjisi Internediň üznüksiz funksionirlemegini üpjün etmek boýunça ABŞ-nyň çäklerinden daşarda bilermenleriň ýoklugyny göz öňünde tutýar. Ikinji sebäp domen atlarynyň giňişliginiň iş ýüzündäki senzurasyna garşy gelýär, onda pornografiki saýtlarda ulanmak üçin niýetlenilen XXX domen adynyň giňişligi başda tassyklanyldy, soňra bolsa yzyna çagyryldy we ýatyryldy. Bu çözüw hususy kompaniýa bolan ICANN tarapyndan kabul edilen bolsa hem, yzyna çagyrmaklyk, megerem, amerikan lobbi topary tarapyndan inisiirlenen we ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan goldanylan bolmaly.16 Seret, mysal üçin, ABŞ-nyň kongresmeni Edward Markeýiň Telekommunikasiýa we Internet boýunça kiçi komitetiň başlygy hökmünde ―Markeý, Internede Gözegçilik Agentliginde Mümkin bolup biljek Üýtgemeler barada Komitetiň agzalarynyň Bellikleri‖, Kongresmen Markeýiň Ofisi (2008-nji ýylyň 6njy Maýy) ((―Markey, Committee Members Comment on Possible Changes to Internet Watchdog Agency,‖ Office of Congressman Markey (6 May 2008)), http://markey.house.gov/index.php?option=content&task=view&id=3342&Itemid=125. 16 Milton Mýuller, ―XXX Tapmaça Bölekleri Bilelikde Başlamaga Geliň: Bile we Erbet Surat‖, CircleID, 2005-nji ýylyň 17-nji awgusty (Milton Mueller, ―XXX Puzzle Pieces Start to Come Together: And the Picture is Ugly,‖ CircleID, 17 August 2005), http://www.circleid.com/posts/xxx_puzzle_pieces_start_to_come_together_and_the_picture_is_ugly. 15 25 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy Emma, eger-de ABŞ Internet özüne degişli ýaly özüni alyp barsa näme bolar? ABŞ-nyň dominirlemegi bilen şertlendirilen halkara dartgynlygynyň bar bolan iki meňzeş tehnologiýalaryň mysalyny getirmek mümkin. Birinji global pozisionirlemegiň global ulgamy (GPS – global positioning system) bolup durýar, ol ýaragly güýçler tarapyndan gözegçilikde saklanylýar we häzirki wagtda raýat ulanylyşy üçin elýeterlidir. Ýewropalylar Galileo atly parallel ulgamy işläp düzdüler, ol ABŞ GPS-e elýeterliligi ýapan ýagdaýynda nawigasiýa ulgamynyň elýeterliligini üpjün etmek üçin gerek.17 ABŞ-yň dominirlemegi bar bolan ikinji tehnologiýa tutyjy Joint Strike Fighteri döretmek boýunça maksatnama bolup durýar. 10 sany ýurduň gatnaşýan maksatnamanyň umumy gymmaty 40 milliard ABŞ dollaryndan hem köp bahalandyrylýar, her gatnaşyjy ýurduň-hyzmatdaşyň goşandy 4 milliard ABŞ dollaryny düzýär. Uçary dolandyrmak üçin esasy element bolan kompýuter programmasynyň deslapky kody ABŞ-nyň elindedir. Başda programmanyň deslapky koduny bilelikde ulanmak boýunça garşylyk hat-da Beýik Britaniýa bilen hem boldy, ol 2,5 milliard ABŞ dollaryny – hyzmatdaşlaryň arasynda iň uly goşandy girizipdi. Beýik Britaniýa taslamadan çykjakdygy we meýilnamalaşdyrylan 150 sany uçary satyn almagy ýatyrjakdygy barada haýbat atandan soňra ABŞ-nyň hökümeti uçarlar barada ―ekspluatasion garaşsyzlygy‖ saklamaga Beýik Britaniýa mümkinçilik berýän şertnama gol çekdi.18 Umuman aýdanyňda, parallel ulgamyň bolmagynyň iki ulgamyň hem ösdürilmeginiň gymmatyny artdyrýandygyny belläliň. GPS ýagdaýynda Galileo ulgamy amerikan ulgamyna garanyňda has takyk bolmagy wada berýär. Joint Strike Fighter maksatnamasy ýagdaýynda ABŞ-nyň gatnaşygy geljekde şuňa meňzeş maksatnamalary amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlygy duruzmagyň çeşmesi bolar. IUDIT-iň üçünji maslahaty Internedi ulanmagy dolandyrmaga gatnaşýan dürli guramalaryň we edaralaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy gowulandyrmakdan ybaratdyr. Hökümetara guramalaryň arasynda – bu HEAG, Intellektual eýeçiligi goramak boýunça Bütindünýä guramasy (World Intellectual Property Organization, WIPO) we Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet soraglary boýunça guramasy UNESKO (United Nations Educational, Scientific and Cultural Organization, UNESCO). Internet guramalaryň arasynda – bu ICANN, Internedi ulanyjylaryň jemgyýetçiligi (Internet Society), Internet-işläp düzmeleriň oblastynda ýörite iş topary (Internet Engineering Task Force, IETF), Bütindünýä kerebiniň Konsorsiumy (Worldwide Web Consortium, W3C) we Energiýa we Transportirlemek boýunça Baş Müdirlik, ―Galileo FAQ,‖ (Directorate-General Energy and Transportation, ―Galileo FAQ,‖), http://ec.europa.eu/dgs/energy_transport/galileo/faq/index_en.htm. 18 ―Joint Strike Fighter ylalaşygy ylalaşyldy‖, BBC Habarlary, 2006-njy ýylyň 12-nji dekabry (―Joint Strike Fighter deal agreed,‖ BBC News, 12 December 2006), http://news.bbc.co.uk/2/hi/uk_news/politics/6173143.stm. 17 26 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak sebitleýin Internet-registratorlar (Regional Internet Registries, RIRs). IUDIT-iň bu maslahaty HEAG-dan başga Internedi ulanmagy dolandyrmaga gatnaşýan beýleki köp edaralaryň bardygyny görkezdi. Gysgaça aýdanyňda, HEAG Internedi ulanmagy dolandyrmaga eksklýuziw dalaşgär bolup biljegini subut etmedi. IUDIT-iň dördünji maslahat bermesi syýasaty sebitleýin we milli utgaşdyrmaga degişlidir. Bu maslahat berme ýurtlaryň ccTLDs domenleriniň we hökümetleriň arasynda has ýakyn işçi gatnaşyklaryň diklenilmegine hem-de bolsa ―Internedi ösdürmek üçin dostlukly‖ syýasaty emele getirmäge çagyrýar. Hökümetleriň ―Internedi dolandyrmagyň milli soraglary boýunça ýolbaşçy komitetleri‖ döretmegini hem maslahat berýärler. Hususan-da, bu komitetler aşakdaky soraglary seretmelidirler: Kök zonanyň faýllaryny we kök DNS serweriniň ulgamlaryny administrirlemek IP-salgylar Torara birleşmelere çykdajylar Internediň durnukly funksionirlemegi, torlaryň howpsuzlygy we kiberjenaýatçylyk Spam Pikirleri aýtmagyň azatlygy Global syýasaty işläp düzmeklige real gatnaşyk Maglumatlary goldamak we şahsy durmuşyň eldegrilmesizligine hukuk Sarp edijileriň hukugy Köpdillilik Bu soraglar aşakdaky görnüşde dört topara bölündiler: Fiziki infrastruktura – bu klasterde syýasy gönükdirilenmeleri uly bolan temalar ara alnyp maslahatlaşylýar, olardan: ICANN bilen baglanyşykly IPsalgylar, domen atlar we kök zonanyň serwerleri babatynda soraglar. Bu kategoriýa maliýe çykdajylarynyň soraglaryny degişli etmek hem bolar. Internedi ulanmak we onda jenaýatlar – Bu klasterde şeýle soraglara seredilýär: spam, torlaýyn howpsuzlyk we kiberjenaýatçylyk. Bu problemalary çözmek Internedi ulanmagy artdyrar, şol bir wagtda bolsa, onuň nädogry ulanylyşy minimuma eltiler. Internet bilen baglanyşykly, emma has giň täsirli soraglar – Internede degişli syýasat Internetden daşarda hem täsir edip biler. Munuň aýdyň görnüşde ýüze çykýan esasy oblastlary konkurensiýa oblastynda syýasat, elektron telekeçilik we intellektual eýeçilige hukuk. 27 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy Internedi ösdürmegiň aspektleri – Ösüşiň IJSBÝDÄD-iň hereketlendiriji güýçleriniň biri bolup durýandygy faktyny ünse almak bilen, Internedi ulanmagy dolandyrmak we ösüş boýunça diskussiýalar bir diskussiýadan beýlekisine göçüp geçýän temalar bolup durlar. Ösüş üçin informasion we kommunikasion tehnologiýalary (IKTÖ) ulanmaga hemaýat bermek üçin Sifrleýin raýdaşlyk Fondy (Digital Solidarity Fund) döredildi. Bu kontekstde ösüşi Müňýyllygyň Ösüş Maksatlary (MÖM) bilen laýyklyga getirmek gerekdir. Soraglaryň bu dört kategoriýalaryna şu modulyň indiki bölümlerinde serediler. Amaly gönükme 1. Siziň ýurduňyzda Internet babatynda bar bolan syýasatlary sanaň. 2. Internet babatynda bu syýasatlaryň Siziň ýurduňyzda nähili işlenilip düzülendigini gysgaça beýan ediň. Ösýän ýurtlar Internedi ulanmagy dolandyrmak babatynda iki soraga duçar bolýarlar: (1) Internedi ulanmagy dolandyrmak mehanizmlerinde netijeli we konstruktiw gatnaşygy nähili üpjün etmeli; (2) bu soraglary çözmek üçin potensialy nähili döretmeli. Tunisdäki IJSBÝDÄD, IUDIT-iň nutugyna seredip, Internedi ulanmagy dolandyrmagyň mehanizmini, diňe milli hökümetleriň öz ccTLD-iniň üstünden aýratyn häkimiýete eýe diýen bellik bilen, takmynan şol öňki bolan görnüşinde galdyrdy. Bu ony isleýän her kime ýeňiş barada yglan etmäge mümkinçilik berdi. Jemleme IUDIT-iň nutugy Internedi ulanmagy dolandyrmaga degişli esasy soraglaryň ajaýyp gysga beýany bolup durýar. Ol Internedi ulanmagy dolandyrmak prosesini guramak üçin model hem bolup durýar. Nutuk hökümeti, hususy sektory we raýat jemgyýetini Internedi ulanmagy dolandyrmakda esasy gyzyklanýan taraplar hökmünde gurşap alýar. IUDIT-iň işiniň prosesiniň özi açyklygyň we aýdyňlygyň nusgasy bolup çykdy. Şeýle-de bolsa, IUDIT-iň nutugy perspektiw meýinama hem däldir, hereketleriň meýilnamasy hem däldir. Özüňizi barlaň 28 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak 1. IUDIT tarapyndan Internedi ulanmagy dolandyrmagyň haýsy kesgitlemesi goldanylýar? Kesgitlemäniň manysy nämeden ybarat? 2. IUDIT-iň esasy maslahat bermeleri nähili? 3. IUDIT-iň nutugyndan Internedi ulanmagy dolandyrmak boýunça haýsy esasy sapaklary çekip alyp bolar? 29 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy 3. INTERNEDI DOLANDYRMAGYŇ ÇARÇUWALARY 1 – INTERNEDI ULANMAK Bu bölümiň meselesi Internedi düzgünleşdirmegiň dürli režimlerini beýan etmek bolup durýar. Problemalary bilmek bilen Internetde düzgünleri we kadalary dolanşyga nähili girizip bolar? Internedi hakykatdan hem düzgünleşdirip bolarmy? Aslynda aýdanyňda, kesgitli çäklerde, ony ulanmagy höweslendirmek we bähbitleri almak üçin Internede käbir düzgünleri ulanmak mümkin. 3.1. Düzgünleşdirmegiň režimleri Düzgünleşdirmegiň dört režimi bar, has takygy: Kanunçylyk – Döwlet we hususy sanksiýalaryň we güýji ulanmagyň üsti bilen, şol sanda, öz-özüňi düzgünleşdirmek, aýratyn hem bu hökümet tarapyndan delegirlenen bolsa. Jemgyýetçilikde özüňi alyp barmagyň kadalary – Garaşmak, höweslendirmek ýa-da käýinjiň üsti bilen. Bazar mehanizmleri – Adatça bahalary kesgitlemek we elýeterliligi üpjün etmegiň üsti bilen. Arhitektura – Tehnologiýa nämä rugsat berýär, öňüni alýar ýa-da gadagan edýär.19 Arhitektura ―Arhitektura‖ adalgasy tehnologiýany işläp düzmeklige şeýle görnüşde degişli, onda kesgitli bir özüňi alyp barmak ýa-ha höweslendirilýär, ýa-da makullanylmaýar. Meselem, tizligiň çäginden geçmek bilen göreş üçin ýollarda ulag polisiýasynyň sanyny artdyryp bolardy ýa-da ýollarda ―ýatýan poliseýleri‖ goýup bolardy. Singapurda ýaşaýyş etraplaryndaky ýollar ulaglaryň hereketini haýallandyrmak, hem-de bolsa etraby bezemek üçin egrem-bugram edilendirler. Şuňa meňzeş görnüşde öndürijiler sazy we wideony nusgalamaklyga päsgel bermek üçin dürli gulplary we blokirowkalary ornaşdyrýarlar. Lourens Lessig, Kod 2.0 (Nýu-Ýork: Esasy Kitaplar, 2007) (Lawrence Lessig, Code 2.0 (New York: Basic Books, 2007)). 19 30 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak Internet babatynda aýdanymyzda bolsa käbir adamlar Internediň dizaýnynyň özi pikirleri aňlatmakda uly azatlyga hemaýat berýär diýip hasaplaýarlar. Bu Internediň mazmunyny düzgünleşdirmek isleýän kimdir biriniň muny amala aşyrmagyň örän kyndygyny ýüze çykarjakdygyny aňladýar. Koreýa Respublikasynda hakerleri we bot-torlary (botnets) Internetde hüjümler üçin ulanýanlary yzarlamaga we tutmaga synanyşmagyň ornuna, Howpsuzlyk boýunça Agentlik bot-torlaryň hüjümleriniň ugruny ýalan torlara elýeterlilik bilen aldamak üçin ―tutujy-torlary‖ (honeynet) işläp düzdi. Bazar mehanizmleri Düzgünleşdirmegiň bu usuly, adatça, harytlaryň we hyzmatlaryň bahalarynyň emele gelmek we elýeterlilik prosesleri bilen iş salyşýar. Bazar mehanizmlerini düzgünleşdiriji gural hökmünde ulanýan düzgünler öz içine ak ýürekli oýnuň düzgünlerini, anyk şertnama şertlerini, hem-de bolsa bazarda konkurensiýanyň ösüşini alýar. Düýp derejede – bu söwda, satyn almak we satmak düşünjeleri. Internetde konfidensial informasiýanyň söwdasy, meselem, elektron poçtanyň salgysyny tanyş bolmak hukugyny çalyşmak ýoly bilen bermek, ýa-da haýsy hem bolsa bir informasion mazmuny almak bazar mehanizmini düzgünleşdirmegiň görnüşleriniň biri hökmünde ulanmagyň mysaly bolup durýar. Ideýa, eger-de kimdir biri öz şahsy durmuşyny tanyşmak hukugyndan ýa-da haýsy hem bolsa bir mazmuny almakdan uly bahalandyrýan bolsa, onda bu şahs elektron poçtasynyň salgysyny hiç haçan bermez diýen pikirden ybaratdyr. ABŞ-da Trust-e ýaly hususy kompaniýalar ulanyjylara hususy maglumaty goramagy bermek üçin ýüze çykdylar. Ýewropa Bileleşiginde (ÝB) tersine, şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi fiziki şahs bilen kompaniýanyň arasynda şahsy şertnama bilen däl-de, eýsem kanuna laýyklykda düzgünleşdirmeli diýip hasaplaýarlar. Jemgyýetçilikde özüňi alyp barşyň kadalary Jemgyýetçiligiň kadalaryny düzgünleşdirmegiň mehanizmi hökmünde ulanmak jemgyýet tarapyndan basyş adamyň özüni alyp barşyny dolandyrýar diýip göz öňünde tutýar. Torlaýyn etiket, ýa-da ―torda‖ bolmagyň etiketi, sosial kadalaryň düzgünleşdiriji mehanizm hökmünde ulanylmagynyň mysaly bolup durýar. Torlaýyn etiket başgalaryň arasynda, forumda çap edilýän habarlaryň mazmun boýunça bolmalydygyny ýa-da ara alyp maslahatlaşmagyň temasyna degişli bolmalydygyny talap edýär, hem-de, eger-de kimdir biri Siziň ―sag bolsunyňyza‖ ―baş üstüne‖ diýip jogap berýän bolsa, onda mundan buýanky jogap hereketlerine zerurlyk ýok. 31 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy Jemgyýetçilikde özüňi alyp barmagyň kadalaryny ulanmak ýeňilleşýärler, eger-de bu sosial toparda bolup geçýän bolsa, sebäbi onda bu topar gözegçilik we ýerine ýetiriji edara hökmünde çykyş edýär. Kadalary bozýanlar sosial topardan çykarylyp bilnerler. Sosial toparda agza bolmaklyk möhüm hasaplanylýan bolsa, onda beýle sanksiýa täsirli bolup biler. Kanunlar, şol sanda, öz-özüňi düzgünleşdirmek Kanunlar syýasatyň görünmegi bolup durýarlar, hem-de parlament ýa-da Milli ýygnak tarapyndan kabul edilýärler. Umuman aýdanyňda, tehnologiýalar ýaly çalt üýtgeýän şertlerde kanunlary kabul etmek boýunça seresaplylyk bildirmek gerekdir. Bu ýerde ilkinji ýol geçiji üçin oňaýsyzlyk bar. Meselem, dünýäde şuňa meňzeş ilkinji kanun bolan, Ýuta ştatynyň sifrleýin gol baradaky Kanuny tiz wagtdan könelişdi, sebäbi täze tehnologiýalar ýüze çykdylar, olaryň netijesinde tehnologiýalara-gönükdirilen çemeleşme işlemegini bes etdi. Singapur we ABŞ, toruň operatorlarynyň (Singapuryň ýagdaýynda) we beýleki araçylaryň (ABŞ-nyň ýagdaýynda) immunizasiýasy boýunça birinji kanunlary kabul edenler, tiz wagtdan beýleki ýurtlaryň öz kanunlaryny kabul edendiklerini we olary mümkin bolan agdyk gelýän ýollar bilen kämilleşdirendiklerini ýüze çykardylar. Ähtimal, gowy maslahat, kanunlaryň tehnologiýalardan öňe düşmeli däl-de, yza galmalydyklaryndan, hem-de kanunlary kabul etmekden öň giň maslahatlaşmalar bilen köptaraplaýyn çemeleşmäni elmydama ulanmalydygyndan ybaratdyr. Internediň entek hem ösüşiň otnositel irki döwründedigini göz öňünde tutmak gerekdir. Öz-özüňi düzgünleşdirmek Internet-senagatda, adatça, öz-özüňi düzgünleşdirmek düşünjesi kanunlary kabul etmekde we olaryň berjaý edilişini üpjün etmekde uly çeýeligi üpjün etmegiň usullarynyň biri hökmünde seredilýär. Başda öz-özüňi düzgünleşdirmek özüni gösgöni düzgünleşdirýän fiziki şahs ýa-da kompaniýa bolman, senagat pudagyny düzgünleşdirmegi aňladýardy. Tejribelikde öz-özüňi düzgünleşdirmek, köplenç, entek hem hökümetiň elinde bolan ygtyýarlyklaryň, sanksionirlemegiň ahyrky häkimiýeti bilen delegirlenilmegi bolup durýardy. Bu seredilýän sektoryň düzgünleşdirilmeginde başlangyjy öz üstüne almaga hökümetiň pudaga rugsat bermegini aňladýar. Mahabat (reklama) hökümetleriň, aýratyn hem ösen ýurtlarda, öz-özüni dolandyrmagy ulanmaga ýykgyn edýän oblasty bolup durýar. Hökümetler pudagyň çözüwini äsgermezlik edýän, ýalňyşlyga eltýän ýa-da kemsidiji mahabat üçin kanuny betbällik bilen bozujylara garşy kazyýet talap arzasyny berip biler. 32 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak Emma, öz-özüňi düzgünleşdirmek höwesli hususy sektora mätäç. Bu, mümkin, mahabat senagatynda işleýän ýaly, sebäbi mahabaty makullamak üçin döwlet goşulyşmagyny ulanmak bu, okgunly üýtgeýän sektory haýalladar, hem-de ähtimal, döredijiligi bogup ýok eder. Internet-senagat öz-özüňi dolandyrmaga azrak meýilli. Bu pudakdaky käbirleri hat-da öz-özüňi düzgünleşdirmegiň pudagyň hökümetiň işlerini ýerine ýetirmegini aňladýandygy barada arz hem etdiler. Oýlanmak üçin soraglar Düzgünleşdirmegiň dört režimi Siziň ýurduňyzda haýsy möçberde ulanylýarlar? Düzgünleşdirmegiň görnüşlerinden haýsysy Siziň ýurduňyzda gowy işlemez, näme üçin? Haýsy režim ýa-da režimler gowy işlärler we näme üçin? 3.2. Teklip edilýän ―ýol kartasy‖ Internedi ulanmagy dolandyrmagyň kesgitlemesiniň öz gurşap almagy boýunça giň bolandygy sebäpli, çarçuwalaýyn syýasy strukturany işläp düzmek üçin ―ýol kartasy‖ hökmünde şu aşakdaky teklip edilýär. ―Ýol kartasy‖ soraglaryň birnäçesini gurşap alýar hem-de işlenilip düzülýän düzgünleriň we syýasatyň netijeliligini kesgitlemek üçin, her kimiň çelgileri görmegi üçin, meýilnamalaşdyrmagyň gidişiniň gözegçilik nokatlaryny görkezýär. ―Ýol kartasy‖ real wakalarda ―barlagy‖ geçendigi manysynda ygtybarlydyr.20 1996-njy ýylda ―ýol kartasy‖ işlenilip düzülende, köp ýurtlar elektron susbutnamalar bilen işlemek boýunça hat-da elementar düzgünlere hem eýe däldiler. Bu gün düýp düzgünleri bolmadyk köp ýurtlar tapdyrmaz. Muňa garamazdan, bu çarçuwalaýyn struktura entek hem ulanylýar, sebäbi ol Internet bilen baglanyşykly düzgünleriň we syýasatlaryň kämilleşdirilmegine alyp barýar. Üns bermeli soraglar möhümlik kriteriýleri boýunça takmynan kemelýän tertipde getirilýärler: 1. Elýeterliligi we hyzmaty bermek 2. Elektron telekeçilik 3. Mazmuny düzgünleşdirmek 20 33 Has doly diskussiýa üçin, seret, Ang (2005) Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy 4. Howpsuzlyk 5. Intellektual eýeçiligiň hukugy 6. Konfidensiallyk Birinji nobatda, elýeterlilik we baha soraglaryny çözmäge ýüz tutmak möhümdir, sebäbi hut olar Internedi has elýeterli etmäge mümkinçilik berýär. Öz gezeginde, elýeterliligiň bolmagy torlaýyn dünýäniň real dünýä laýyk getirilmegi bilen baglanyşykly soraglaryň köpsanlysyny döreder. Meselem, eger-de kimdir biri Internedi ulanmak bilen bank kezzapçylygyny amala aşyrsa, onda subut ediji hukugyň kadalary şeýle ulanylyp bilnerliklimi, ýagny onda adam torda ýygnalan subutnamalaryň esasynda jogapkärçilige çekilip bilnermi? Real dünýäniň kanunlaryny onlaýn dünýäniňki bilen ylalaşdyrmak boýunça bu esasy soraglary çözmek üçin telekeçilik höweslenmesi bardyr. Mazmuny we howpsuzlygy düzgünleşdirmek boýunça soraglar oflaýn dünýäde elýeterli bolan we edilip bilinjek zatlar bilen deňeşdireniňde Internetde elýeterli bolan, edilip bilinjek zatlaryň arasynda dartgynlyk bolandygy üçin ýüze çykyp durarlar. Köp ýurtlar Internetde mazmuny düzgünleşdirmekden, 12 ýaşdan pes çagalary goramak ýagdaýlaryndan başga ýagdaýlarda, eýýäm ýüz dönderdiler. Mazmuny düzgünleşdirmek we howpsuzlyk soraglaryny çözmekde kesgitli bir gyssaglyk bar, sebäbi Internetden gaça durýan potensial ulanyjylar bar, sebäbi olar, meselem, pornografiýanyň öýde elýeterli bolmagyny ýa-da öz kompýuterleriniň hakerler tarapyndan döwlüp açylmagyny islemezler. Intellektual eýeçilige hukuk we şahsy durmuşyň goragy artýan ähmiýete eýe, sebäbi Internedi ulanmak has giň ýaýraýar. Elýeterliligi we hyzmaty bermek Bu sözbaşy astynda seredilmeli soraglar Internede baha manysynda kabul ederlikli elýeterliligi üpjün etmek bilen baglanyşykly. Bu soraglar aşakdaky görnüşde formulirlenýärler: Tehniki standartlary torlaýyn gurşawda nähili dolandyrmaly Kompýuter ulgamlarynyň we torlarynyň bilelikdäki hereketini we ylalaşyklydygyny nähili üpjün etmeli Informasion hyzmatlaryň bahasyny we hilini haýsy görnüşde düzgünleşdirip bolar. Hyzmatlary we torlaýyn elýeterliligi üpjün edijileriň borçnamalaryny we jogapkärçiligini takyklamak, meselem: hyzmatlary we torlaýyn elýeterliligi üpjün edijileri üçünji tarapyň mazmuny üçin jogapkärçilikden goramak. 34 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak Immunitet soragy möhüm ähmiýete eýedir, sebäbi onsuz elektron telekeçilik boglup bilner. Oýlanmak üçin soraglar Köp ýurtlarda diffamasiýa (töhmet) baradaky kanun beýleki adama ýalan maglumatlar esasynda zyýan ýetiren islendik biriniň zyýan çeken şahsa öwezini dolmagyny aňladýar. Käbir ýurtlarda öwezini dolmagyň möçberi ýalan tassyklamanyň bilkastlaýyn edilendigine ýa-da ýoklugyna baglydyr. Beýleki ýurtlarda ýalan tassyklamanyň bilmezlik boýunça edilendigi ähmiýetli däldir. Siziň ýurduňyzda kanunlar ýalňyş beýannamalara nähili derejede geçirimli (tolerant), eger-de olar şu ýerlerde çap edilen bolsalar: (a) kitaplara synlaryň saýtynda, (b) myhmanhananyň synynyň saýtynda, hem-de (w) auksion saýtynda? Siziň ýurduňyzda Internet-hyzmatlaryny üpjün ediji ýalňyş tassyklamalary geçirendigi üçin jogapkärçilik çekermi? Elektron telekeçilik Telekeçilik nukdaýnazaryndan elektron telekeçilik köp artykmaçlyklara eýedir. Elektron telekeçilikde biznesi başlaýan firma tutuş gije-gündiz işleýän dükan açýar, onda araçy aradan aýrylýar we ýerlemegiň täze bazarlary açylýarlar. Elektron telekeçilik biznesi has netijeli edip biler, sebäbi ol biznesi awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Emma elektron telekeçilik biznesiň hemme görnüşleri üçin laýyk däldir. Elektron telekeçilik mebel ýaly gymmat bahaly predmetleri satýan kärhanalaryň işini üpjün edip bilmez, sebäbi müşderiler olary satyn almazdan öň, adatça bu zatlary barlamak isleýärler. Ondan başga-da, käbir medeniýetlerde dükana baryp görmek işden boş wagty geçirmegiň görnüşi bolup durýar, ony bolsa elektron telekeçilik elden alyp biler. Elektron telekeçiligi guramagyň soraglaryny çözmäge synanyşmagyň manysy bardyr, sebäbi Internedi has giň ulanmak ýolunda päsgelçilik bolup durýan problemalaryň birnäçesiniň çözüwi olara baglydyr. Aşakdaky soraglara seretmek zerurdyr: Elektron gurşawyň ýuridiki ykrar edilmegi Elektron şahadatnamalaryň ykrar edilmegi Elektron transaksiýalaryň ykrar edilmegi Sifrleýin goluň we sifrleýin sertifikatlaryň ykrar edilmegi 35 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy Dürli taraplaryň hukuklaryny, borçnamalaryny we jogapkärçiligini, hem-de bolsa jedelleri düzgünleşdirmegiň mehanizmlerini takyklamak Elektron töleg mehanizmlerini we olary ulanmagy höweslendirmek Elektron telekeçilik oblastynda kanunlary berjaý etmegi üpjün etmek boýunça polisiýa ygtyýarlyklary bermek Elektron telekeçilik oblastynda salgyt salnyşy takyklamak Ähtimal, elektron telekeçilik ýa-da elektron geleşikler (transaksiýalar) boýunça diýlip atlandyrylýan kanuny işläp düzmek ugrunda kanunçylyk namasyny kabul etmek gerek bolar. Beýle kanun elektron telekeçilik üçin şertleri taýýarlar. Elektron şahadatnamalary ykrar etmek Köp ýurtlarda 1990-njy ýyllaryň ortalarynda Internediň köpçülige giň elýeterli bolmagy bilen baglanyşyklykda elektron subutnamalary onuň dürli görnüşlerinde ykrar etmek zerur boldy. Meselem, sifrleýin gollar oýlanyp tapylanda subut ediji hukugyň kadalaryny kämilleşdirmek zerur boldy. 1996-njy ýylda Singapurda elektron geleşikler baradaky kanuna üýtgemeler girizildi. Hindistanda 2000-nji ýyldaky Informasion tehnologiýalar baradaky Nama düzedişler girizildi. Gysgaça aýdanyňda, oflaýn dünýäni onlaýn dünýä laýyk getirmek üçin täzeleýän täze kanunlar ýeterlik uzak bolmadyk wagtdaky gelip çykyşa eýedirler. Amaly gönükme Öz ýurduňyzda elektron telekeçiligiň güýçlendirilmegi üçin ýa-da ösüşine hemaýat bermek üçin bar bolan düzgünleri beýan ediň. Eger-de düzgünler ýok bolsa, Siziň pikiriňizçe, haýsy degişli düzgünleriň, ýurduňyzda elektron telekeçiligiň ösüşine ýa-da ýaýramagyna hemaýat biljekdigini sanaň. Mazmuny düzgünleşdirmek 36 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak onuň beýle Siziň berip Käbir ulanyjylar Internede birikmezlik üçin esas hökmünde islenilmeýän mazmuna salgylanýarlar. Emma islenilmezligiň kriteriýleri indiwidual häsiýete eýedirler. Şonuň üçin bu soragy çözmek konkurent bähbitleriň balansirlenmegini talap edýär. Islendik filtrasiýanyň ýoklugynyň esasy artykmaçlygy mazmunyň çäksiz elýeterliligi bolup durýar. Käwagt filtler ―blokirlemekde‖ şeýle gaty jan edýärler, netijede olar ýamanlyksyz mazmuny hem blokirleýärler. Mazmuny düzgünleşdirmek boýunça şu aşakdaky soraglary çözmäge üns bermek gerek: Internetde islenilmeýän materiallary, esasan hem, çagalaryň bähbidi üçin nähili blokirlemeli. Milli bähbitleri islenilmeýän daşary ýurt materiallaryndan nähili goramaly. Konfliktli bolan medeni gymmatlyklary informasion mazmunda nähili ýaraşdyrmaly. Bikanun mazmun: global utgaşdyrylmak Medeni tapawutlar sebäpli nämäniň kabul ederlikli däldigi babatynda uniwersal ylalaşyga ýetmek kyn. Emma nämäniň bikanundygy barada, nämäniň adatça zyýan ýetirýändigi barada has umumy ylalaşyk bar. Aňymyza derrew çaga pornografiýasy gelýär. Çaga pornografiýasyny ýaýratmak barlanylanda hukuk goraýjy edaralar tarapyndan global utgaşdyrylma bar. Hukuk goraýjy edaralar wagtal-wagtal arassalamalary geçirmek üçin hyzmatdaşlyk edýärler. Ýaňy-ýakynda, 1990-njy ýyllaryň ahyrynda, çaga pornografiýalarynyň şekilleriniň uly bölegi oflaýn dünýäden skanirlenilip alynýardy. Emma Internediň ösmegi bilen, webkameranyň üsti bilen geçirilen, çagalaryň üstünden hakyky durmuşdan bolan masgaralaýjy zorluklaryň şekilleri ýüze çykdylar. Beýle hyýanatlary bes etmek üçin polisiýa agentleri çagalaryň üstünden rehimsiz garamalaryň şekillerini ýükleýänleri hasaplap tapýarlar. 1998-nji (―Kafedral baş ybadathana‖ operasiýasy) we 1999-njy (―Magdan‖ operasiýasy) ýyllarda utgaşdyrylan kampaniýalaryň tapgyrlary amala aşyryldylar, olar köp ýurtlarda tussag etmeleriň ýüzlerçesine getirdiler. 37 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy Goşmaça maglumaty almak üçin serediň: WGIG, Informasion-analitiki Hasabat (2005), 34 (§ 141) (WGIG, Background Report (2005), 34 (paragraph 141)), http://www.wgig.org. Howpsuzlyk Bu tema uly ähmiýete eýe boldy, sebäbi Internet-gurçuklar, wiruslar we troýan maksatnamalary has we has hilegär bolmagyny dowam edýärler. ―ILoveYou‖ wirusy Ähli wagtda döredilenleriň içinde iň weýran ediji kompýuter wirusy şeýle çalt ýaýrady welin, hat-da Pentagon, Merkezi razwedka Müdiriýeti, Beýik Britaniýanyň parlamenti ýaly edaralar, bu wirisdan dynmak üçin öz elektron poçta ulgamlaryny ýapmaga mejbur boldular. Wirus çalt ýaýrady, sebäbi ol özüni ulanyjylaryň elektron poçtasynyň - Microsoft Outlookyň - salgy kitapçasynda saklanan salgylarynda gaýtadan döredýärdi. Elektron hatlaryň tanyşlardan gelýändigi sebäpli, ulanyjylar, oýlanyşman, habarlary açýardylar we wirusy ýaýradýardylar. Bütin dünýä boýunça kompýuter ulgamlaryndan wirusy aýyrmak boýunça ägirt uly çykdajylara garamazdan wirusyň awtory, hat-da ol tanalan hem bolsa, jezasyz galdy. 2000-nji ýylyň maýynda wirus goýberilen wagty wirusyň awtorynyň ýaşaýan ýeri bolan Filippinlerde zyýan beriji maksatnamalary ýaýratmagy gadagan edýän hiç bir kanun ýokdy. 2000-nji ýylyň iýunynda Filippinleriň elektron telekeçilik baradaky kanuny kabul edildi, ol mundan öň işläp düzmek döwründe bolupdy. Ol kompýuter wiruslaryny ýaýratmak üçin jenaýat jogapkärçiligini kesgitleýän düzgünleri öz içine alýar. Çeşme: Peng Hwa Ang, ―Aziýanyň Internediniň Polisiýasy‖, Uol Street Žurnal, 2000-nji ýyl, Sentýabr, 8 (Peng Hwa Ang, ―Policing Asia‘s Internet,‖ Asian Wall Street Journal, 7 September 2000, 8). Mazmuny boýunça howpsuzlyk soraglary bolup durýarlar: Kompýuter ulgamlarynyň we torlarynyň howpsuzlygyny bozmakdan nähili goranmaly. Sifrleýin gurşawda jenaýatlaryň öňüni nähili almaly. 38 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasynyň modullarynyň tapgyrynyň 6-njy modulynda torlaýyn we informasion howpsuzlygy hem-de şahsy durmuşyň eldegrilmesizligini üpjün etmegiň soraglaryna seredilýär. Intellektual eýeçiligiň hukugy Sifrleýin dünýä asyl nusganyň ideal nusgalaryny almaga mümkinçilik berýär. Analog dünýäden tapawutlylykda bu ýerde hili ýitirmek ýokdur. Muňa garamazdan, artykmaç gowy nusgalary alyp bolmagyň ýeňilligi, intellektual eýeçilige hukugy ýeňil bozup boljagyny hem aňladýar. Şonuň üçin intellektual eýeçiligiň häzirkizaman hukuk ulgamynda şu aşakdaky soraglara seretmek gerekdir: Häzirki bar awtorlyk hukuklarynyň ulgamynyň, oňa sifrleýin işleri hem goşmak bilen, nähili üstüni doldurmaly. Sifrleýin gurşawda hukuklary nähili almaly, goramaly we dolandyrmaly Awtorlyk hukuklary bilen goralan işleriň galtamançylygynyň (piratlygynyň) öňüni nähili almaly. Sazy ygtyýarnamasyz ulanmak Saz, ähtimal, global ölçegde galtamançylykly ulanmaga iň köp sezewar bolýan bolup durýandyr. iPod we beýleki saz oýnaýjylaryň satuwlarynyň artmagynyň dowam edýän wagty sazyň kompakt-diskleriniň satylyşlary birnäçe ýylyň dowamynda azaldylar. Giň ýaýran alyş-çalyş we aýdymlary piring maksatnamalarynyň üsti bilen ýükläp almak galtamançylygy goşmaça iýmitlendirýär. Giň ýaýran ýalňyş pikire garamazdan, aýdymlary onlaýn ýaýradýanlar yzarlanylyp tapylyp we kanun boýunça jenaýata çekilip bilnerler. Ýalňyş pikir, ähtimal, BitTorrent we LimeWire ýaly piring maksatnamalarynyň kömegi bilen ulanyjylaryň aýdymlary beýleki adamlardan ýükläp alýandyklary üçin ýüze çykdy. Ulanyjylar, ähtimal, masştab zerarly, wiruslary ýaýratmak ýaly, bir adamyň aýdymy beýleki köpsanly adamlara geçirip biljekdigini ýatdan çykarana meňzeýärler. Sazyň eýeleri garşylyk görkezdiler, özi hem ABŞ-nyň ses ýazyjy senagatynyň Assosiasiýasy (Recording Industry Association of America, RIAA) özüni has agressiw alyp bardy. RIAA kazyýet tertibinde talyplary, olaryň başgalara mysal 39 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy bolmagy üçin, maliýe taýdan eli ýuka bolandyklaryny bilendigi üçin yzarlady. Käbir maglumatlar boýunça RIAA hat-da talyplary talap arzasyny düzgünleşdirmegi tölemek üçin mekdebi zyňmaga we işlemäge çagyrypdyr. Amaly gönükme Siziň ýurduňyzda awtorlyk hukugyny goramak boýunça haýsy kanunlar we beýleki çäreler bar. Olaryň sifrleýin gurşawda nähili derejede netijeli boljagyny bahalandyryň (ýagny, sifrleýin tehnologiýalaryň ösüş nukdaýnazaryndan). Şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi Şahsy durmuşyň eldegrilmesizliginiň iň berk režimi Maglumatlary goramak barada ÝB-iň Direktiwasy bolup durýar, ol ÝB-iň ýurtlaryndan maglumatlary gaýtadan işläp bilmekden öň, üçünji taraplarda maglumatlary goramagyň ―adekwat derejesiniň‖ bolmagyny talap edýär. Emma onuň ýerine ýetirilmegi ABŞ-nyň hökümetiniň şuňa meňzeş režimiň bolmagyny islemändigi bilen yza tesdirildi. ABŞ döredijilikli alternatiwany – ―howpsuz gämi duralgasy‖ şertini teklip etdi, onda Direktiwany ýerine ýetirýänler howpsuz duralganyň gatnaşyjylary hökmünde seredilerler we bu Direktiwa laýyk gelýänler hasaplanylarlar. Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş Guramasy (YHÖG) hem şahsy durmuşyň eldegrilmesizliginiň ýolbaşçylyk ýörelgelerini işläp düzdi, olar ÝB-iň konfidensiallyk baradaky pozisiýasy bilen deňeşdireniňde şahsy durmuşyň eldegrilmesizligine has az talap ediji garaýşy diklemäge çalyşýarlar.21 Konfidensiallyk boýunça düzgünlerde esasy sorag şahsy informasiýanyň döwlet we hususy edaralar tarapdan ulanylmagyny düzgünleşdirmekden ybaratdyr. ÝB-iň standartyna laýyklyk YHÖG. ―Şahsy eldegrilmesizligi Goramak we Şahsy Maglumatlaryň Serhetaşa Akymlary boýunça YHÖG-iň Gollanmalary‖ (OECD. ―OECD Guidelines on the Protection of Privacy and Transborder Flows of Personal Data,‖), http://www.oecd.org/document/18/0,2340,es_2649_34255_1815186_1_1_1_1,00.html. 21 40 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak ÝB-iň şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi baradaky pozisiýasy gowy oýlanyşylandyr. Onuň täze çemeleşmesiniň bölegi ÝB-iň ýurtlaryndan bolan maglumatlaryň beýleki ýurda gaýtadan işlemek üçin, eger-de ol ýurtda maglumatlary goramagyň ÝB-de bolşy ýaly derejesi bolmasa, geçirilip bilinmejekdigi baradaky talap bolup durýar. Tejribelikde kadadan çykmalar bar, meselem, uçarlaryň uçuşlary üçin. Emma ÝB-iň syýasaty köp ýurtlary öz maglumatlary goramak baradaky kanunlaryny ÝB-iň standartyna laýyk gelmek maksatlary bilen täzelemäge mejbur edýär. ÝB-iň standartynyň käbir biznes-çykdajylara eltýändigine hiç hilli şübhe ýok. Şonuň üçin biznes-assosiasiýalaryň mümkin bolan ýerde standartyň minimal talaplaryna laýyk gelmäge synanyşýandyklary düşnüklidir. ABŞ-da howspuz duralga barada düzgünler bar, olar barada bölekleýin ýagdaýda ABŞ-nyň hökümeti şertleşdi, emma daş görnüşden bu hususy sektor tarapyndan amala aşyrylypdy. Howpsuz duralga barada Amerikan düzgüni olaryň maglumatlary goramagynyň standartlary howpsuz duralganyň öz-özüni düzgünleşdirýän standartlaryna laýyk gelýän kompaniýalaryň ÝB-iň ýurtlaryndan maglumatlary almaga we gaýtadan işlemäge mümkinçilik aljakdyklaryny aňladýar. Awstraliýada hökümet şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi baradaky öz kanunlaryny ÝB-i bilen ―adekwat‖ derejä getirmek üçin täzelemäge synanyşdy. Oňa garamazdan, görnüşi ýaly, işewür toparlar tarapyndan lobbirlenilmek sebäpli, düzgünler ―ýuwuldylar‖ we käbir howpsuzlyk çäreleri ýok. Diýmek, biznesiň bähbitleriniň we ÝB-iň şahsy durmuşy goramak boýuça standartlarynyň arasynda deňagramlyk bar. Maglumatlary goramak boýunça Ýewropa Komissiýasynyň web-sahypasy http://ec.europa.eu/justice_home/fsj/privacy/index_en.htm şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi boýunça resurslara we goşmaça maglumata ýüzlenmeleri saklaýar. Jemleme Internede we ýokarda beýan edilenlere gatnaşygy bolan soraglary çözmäge çemeleşmeler halkara kadalaryna esaslanýarlar, sebäbi Internet öz gurşap alşy boýunça halkara bolup durýar, hem-de hiç bir ýurt halkara jemgyýetçiliginiň galan böleginden izolirlenilip bilinmez. Ondan başga-da, mysal üçin, senagata we raýat jemgyýetçiligine wekilçilik edýän gyzyklanýan taraplar bilen, jemgyýetçilige aňbilim bermek üçin hem, şeýle-de problemalar barada habardar bolmak üçin hem, giň maslahatlaşmalary geçirmek gerekdir. 41 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy Amaly gönükme Siz nähili pikir edýärsiňiz, ýokarda beýan edilen soraglaryň alty kategoriýalarynyň klassifikasiýasy Siziň ýurduňyzyň kontekstinde maksadalaýykmy? Eger-de Siz berlen ranžirlemegi öz ýurduňyz üçin laýyk däl diýip hasaplaýan bolsaňyz, onda soraglaryň bu kategoriýalarynyň Siziň ýurduňyzda möhümlik derejesine baglylykda nähili ýerleşdirilip bilinjekdigini teklip ediň. Öz teklibiňizi esaslandyryň. Özüňizi barlaň 1. Internedi düzgünleşdirmegiň haýsy dört usuly bar? Olaryň Internedi düzgünleşdirmek babatynda çäklendirmeleri nähili? 2. Internedi düzgünleşdirmek boýunça teklip edilen ―ýol kartasy‖ diňe teklip edilýän gollanma bolup durýar. Bu ―ýol kartasyny‖ amala aşyrmak üçin praktiki çäreleri teklip ediň. 42 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak 4. INTERNEDI DOLANDYRMAGYŇ ÇARÇUWALARY 2 – INTERNETDE HYÝANATÇYLYKLAR Bu bölümiň meselesi Internetde iň köp ýaýran hukuklary bozmalar we olary çözmek üçin kabul edilip bilinjek çäreler barada habardarlygy ýokarlandyrmak bolup durýar. 4.1. Internetde näme üýtgeşik zat bar Käbirleri Internet oflaýn dünýäni ýöne şöhlelendirmek bolup durýar we bu sebäpli onuň üçin ýörite düzgünleri oýlap tapmak gerek däl diýip hasaplaýarlar. Oňa garamazdan, bu ýerde Internediň birnäçe häsiýetli aýratynlyklaryny gözden salýarlar. Birinjiden, Internetde anonim bolmak ýeňil. Gümansyz, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri ulanyjylary yzarlap tapyp bilerler. Emma munuň üçin aýratyn tagallalar we resurslar talap edilýärler. Anonimligiň güýji medisina keselleri ýaly temalara açyk we ak ýürekli aragatnaşygyň mümkinçiligini berýändiginden ybaratdyr. Şol bir wagtda, anonimlik jenaýatçylar üçin pena bolup gulluk hem edip biler. Ikinjiden, Internetde anarhiýa we bikanunlyk medeniýeti bar, ol, ähtimal, Jon Perri Barlouyň ―Kibergiňişligiň garaşsyzlyk Deklarasiýasynda‖ hemmelerden gowy görkezilendir: Siz, senagat taýdan ösen ýurtlaryň hökümetleri, teniň we poladyň ysgynsyz gigantlary, Men kibergiňişlikden, Aňyň täze mesgeninden geldim. Geljegiň adyndan Men geçmişden bolan Siziň bizi günümize goýmagyňyzy soraýaryn. Siz biziň aramyzda gutlanylyp garşy alnaňzok. Biziň ýygnanýan ýerimizde Sizde häkimlik ýok.22 Elbetde, bu beýannama çendenaşa real bolmadyk ―howa köşgi‖ ‒ bolsady ekmek ‒ bolupdy, bu kanunlara düşünmezlik barada şaýatlyk edýär: kanunlar ýerleri düzgünleşdirmeýärler, eýsem olarda ýaşaýanlary düzgünleşdirýärler. Adamlar entek barkalar, elmydama hukuklary jikme-jik düşündirýän we adamlaryň Jon Perri Barlow, ―Kibergiňişligiň Garaşsyzlygynyň Deklarasiýasy‖ (1996-njy ýylyň 8-nji Fewraly) (John Perry Barlow, ―A Declaration of the Independence of Cyberspace‖ (8 February 1996)), http://homes.eff.org/~barlow/Declaration-Final.html. 22 43 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy arasyndaky dawalary minimallaşdyrmak üçin sosial ýaglama hökmünde hereket edýän kanunlara zerurlyk bar bolar. Üçünjiden, biziň düşünip başlaýşymyz ýaly, Internet aragatnaşyklary ýola goýmak üçin kuwwatly gural bolup durýar. Bu potensial, ony ―sosial torlaryň‖ MySpace we FaceBook ýaly websaýtlary has gowy görkezýärler, indi Web 2.0 hökmünde bellidir. Web 2.0 ulgamynda öňler kiçi bolan toparlar ýygnanmaga we uly global jemgyýetleri döretmäge mümkinçilik aldylar. Mysallaryň biri barefooters.org bolup durýar, oňa gatnaşyjylar formal ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda aýakýalaňaç gezýärler. 1999-njy ýylda olar tutuş dünýä boýunça 400 adam töweregidiler. 2007-nji ýylda olar birnäçe ýurtlarda ýaşaýan 2 000 adama ýetdiler. Global derejede olar öz hususy logotipine eýe bolup biljek, ýeterlik uly topar hasap edilýärler. Şuňa meňzeş görnüşde Internet päliýamanlara ýygnanyşmaga we problemalary döretmäge mümkinçilik berýär, bu hakda aşakda aýdylýar. 4.2 Internetde hyýanatçylyklar Çaga pornografiýasy Ilkibaşda çaga pornografiýasy çap edilen wersiýadan sifrleýin nusga özgerdilen mazmundan ybaratdy. Emma tehnologiýanyň ösmegi bilen baglanyşyklykda talap boýunça pornografiýany almak mümkinçiligi emele geldi, onda çaga pornografiýasy hem talap boýunça taýýarlanylýar.23 Jenaýatçylaryň bu birleşmeleriniň öňüni almak üçin halkara hyzmatdaşlygy gerekdi. Interpol tarapyndan birnäçe ýurtlarda birwagtda reýdler geçirildiler hemde 1999-njy ýylda ―Kafedral baş ybadathana‖ (Cathedral) we 2002-nji ýylda ―Ruda‖ (Ore) operasiýalarynyň çäklerinde informasiýanyň alyş-çalşyklary geçirildi. 24 Halkara hyzmatdaşlygy mümkin boldy, sebäbi çaga pornografiýasy onuň jenaýatçylykly işdigi barada ählumumy diýen ýaly agzybirlik bar bolan az sanly oblastlaryň biri bolup durýar. Sarp edijileri aldamak Internet täze ykdysadyýetiň garşylyklarynyň hötdesinden gelmek üçin oflaýn dünýäniň kanunlaryny käwagt üýtgetmegiň gerekdigini görkezdi. Mysallaryň biri – Etel Kuaýli we Maks Teýlor, Çaga Pornografiýasy: Internet Jenaýatçylygy (Nýu-Ýork: BrunnerRoutleg, 2003) (Ethel Quayle and Max Taylor, Child Pornography: An Internet Crime (New York: Brunner-Routledge, 2003). 24 Seret, Ang (2005). 23 44 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak auksionlary geçirmegiň kanunlary. Britan Arkalaşygynyň köp ýurtlarynda auksionlary geçirmäge hukuk berýän ygtyýarnamaly kimdir biriniň fiziki taýdan auksionda bolmagy talap edilýär. Birinji garaýyşda bu kanun köne däpli bolup görünýär. Bu, meselem, eBay auksionçylarynyň olarda ygtyýarnamanyň barlygyna barlanylmalydygyny aňladýar. Emma, elektron auskionlara rugsat berýän kanun kabul edilen badyna kanun üçin logiki esaslandyrma örän çalt aýdyň boldy: auksion kezzaplygy onlaýn kezzaplygyň has ýygy görnüşi bolup çykdy. 25 Sarp edijileri aldamak munuň bilen göreşmelidigi barada ählumumy diýen ýaly agzybirligiň bar bolan ýene bir oblasty bolup durýar. Bu hilli kezzapçylyk bilen göreş Internedi ulanmagyň artmagyna hemaýat berer. 1996-njy ýyldan başlap sarp edijileri aldamak boýunça kezzapçylykdan Internedi her ýyllyk arassalamalar geçirilýär. Arassalamaga çekilýän ýurtlaryň sany hemişelik artýar. Her ýylky sarp edijiniň arassalamalary Tas 40 ýurt diýen ýaly sarp edijileri aldamak problemasyny çözmek üçin Sarp edijileri goramak boýunça Halkara hukuk goraýjy toruň (International Consumer Protection and Enforcement Network, ICPEN) garamagy astynda torda birleşdiler. Bu tor sarp edijileri aldawa düşürýän websaýtlary ýok etmek üçin her ýyl Internedi arassalamagyň Halkara gününi geçirýär. Hususan-da, arassalamalar onlaýn-aferalar we kezzapçylyk bilen göreşe gönükdirilendirler. Bu hilli onlaýn arassalamalaryň diňe, eger-de sarp edijileri goramagy teklip edýän netijeli oflaýn kanunlar bar bolan ýagdaýynda işleýändigini bellemek gerekdir. Şonuň üçin has ösen ýurtlar bu hilli arassalamalarda has işeňňir bolup durýarlar. ICPEN we onuň işleri barada has http://www.icpen.org web saýtynda tanşyp bolar. jikme-jik maglumat bilen Oýlanmak üçin soraglar 25 45 Seret, Ang (2005). Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy Siziň ýurduňyzda çaga pornografiýasy we sarp edijileri aldamak babatynda kanunçylyk haýsy derejede netijeli bolup durýar? Spam, kezzapçylyk, zyýan ýetiriji maksatnamalar, fişing Spam ýa-da telekeçilik maglumatlarynyň elektron goýbermeleriniň soralmadyk massasy barha artýan syýasy we telekeçilik goldawyny kem-kemden alýan problema bolup durýar. Bu spamyň traffigi goýberýän zolagy boş ulanýandygy bilen düşündirilýär. Onuň özüniň howpsuzlyk üçin ep-esli howp bolup durýandygy has hem möhümdir, sebäbi spam biziň günlerimizde zyýanly maksatnamalary özünde saklap biler, bu fişingi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär, ol bolsa ―jenaýat-kezzapçylyk prosesi bolup durýar, ol ulanyjylaryň atlary, parollar we kredit kartalaryň jikme-jiklikleri ýaly konfidensial maglumatlary almaga çalyşýar, bu informasiýany elektron alyş-çalyş prosesinde ynam bildirilýän ýuridiki tarap hökmünde ýaşyrylmak arkaly ýerine ýetirilýär‖.26 Özüniň uniwersitetden gelip çykandygy sebäpli Internet öz ösüşini açyk we ynanyjy medeniýet esasynda başlady. Başdaky ýyllarda, haçan-da ulanyjylar (olar köplenç amerikan uniwersitetleriniň talyplarydylar) elektron poçta bilen habarlary goýberenlerinde, köpler goldan soň öz telefon belgilerini goýýardylar, bu olaryň ýaňy goýberen zatlarynyň hakykylygynyň nyşany bolupdy. Bu gün Internede köpçülikleýin elýeterlilik bar wagtynda, elektron poçtanyň habaryndaky telefon belgisi hüjümleriň ähli mümkin bolan usullaryny özüne çekerdi. Birinji spamy mümkin Internet üçin minikompýuterleri çykaran Digital Equipment Corporation (DEC) korporasiýasynyň marketing wekili goýberendir. Bu önümi hödürlemegi mahabatlandyrýan telekeçilik habary bolupdy. Ulanyjylar şikaýat bildirdiler, hem-de, spameri yzarlamak beýle ýeňil bolmadyk häzirki günlerden tapawutlylykda, spameriň garşysyna çäreler görüldi.27 Spamyň has giň ykrar edilen görnüşiniň bu günler elektron poçtanyň üsti bilen spamy goýbermek bolup durýandygyna seretmezden, bu adalga Internet boýunça maglumatlary geçirmegiň beýleki serişdelerinde oňa meňzeş düzgün bozmalar üçin ulanylýar, meselem: habarnamalary şol bada alşyp-çalyşmak, Usenet telekonferensiýalar, gözleg ulgamlary, bloglar, wikler, ykjam telefon boýunça habarnamalary geçirmek we oýunlar. Halkara derejesinde poçtanyň üsti bilen spam diýip ―soralmadyk bolsa-da, köpçülikleýin elektron goýberiş‖ atlandyrylýar: elektron poçta olaryň goýberilmegine ulanyjylaryň razylyk bermedik mazmuny Wikipediýa, ―Fişing‖, Wikimediýa Fondy, Ink. (Wikipedia, ―Phishing,‖ Wikimedia Foundation, Inc.), http://en.wikipedia.org/wiki/Phishing. 27 Bred Templeton, ―1978-nji ýyldaky DEC Spama Reaksiýa‖ (Brad Templeton, ―Reaction to the DEC Spam of 1978,‖), http://www.templetons.com/brad/spamreact.html. 26 46 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak boýunça meňzeş elektron hatlaryň has uly kolleksiýasynyň bölegi bolup durýar. Şonuň üçin spam mazmunyň däl-de, razylygyň soragy bolup durýar.28 Bu spam babatyndaky kanunçylygyň mazmuny däl-de, razyçylyga seretmelidigini aňladýar. Spam, spam – haçan ol gutarar Spam bilen göreşi maksat edinen birinji kanun 2003-nji ýyldaky CAN-SPAM amerikan namasy boldy. Onuň doly ady: Pornografiki we mahabat häsiýetli soralmadyk materiallaryň hüjümini gözegçilikde saklamak baradaky Kanun (Controlling the Assault of Non-Solicited Pornography and Marketing Act). Kanun şahsyýetler tarapyndan kazyýet talap arzasyny bermek hukugyny berýär, hem-de ol ABŞ-da spamyň belli operatorlarynyň kazyýet yzarlanylmagy üçin ulanyldy. Kanunyň netijeliligini bahalandyrmak 2005-nji ýylda geçirildi, hem-de oňa haýsy hem bolsa bir ymykly üýtgemeler girizilmedi. Oňa garamazdan, ABŞ-da spamyň derejesi şeýle uly welin, ýurt dünýäde spam boýunça birinji ýa-da ikinji ýeri eýeleýär. Hytaý we Koreýa Respublikasy hem öňdebaryjy ýerleri eýeleýärler. Internediň ýaýramagynyň uly derejesi bar bolan Koreýa Respublikasynyň ýagdaýy ýaly, hem-de Hytaý ýaly kanunlaryň we hukugy ulanmagyň gowşak bolan ýerlerinde spamyň gülläp ösendigi barada duýgy döreýär. Işewür we düzgünleşdiriji toparlaryň koalisiýasy spam bilen Hereketleriň London meýilnamasynyň (http://www.londonactionplan.org), hem-de bolsa Spamy bes etmek boýunça Alýansyň (http://stopspamalliance.org) çäklerinde meşgul bolýarlar. Olaryň hereket edýän saýtlarynda spam hakyndaky has jikme-jik maglumaty, hem-de bolsa öňdebaryjy tejribe we işler barada soňky informasiýany tapyp bolar. Kibergorkuzmak, kiberyzarlamak, şahsy maglumatlary ogurlamak, Internetbaglylyk Bu toparda zyýan torda işlemegiň netijesi bolup durýar. Meselem, bu howplaryň ýüze çykmagynyň ähtimallygy ulanyjy Internetde näçe köp wagty 28 Spamhauz, ―Spamyň kesgitlemesi‖ http://www.spamhaus.org/definition.html. (Spamhaus, ―The Definition of Spam,‖), 47 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy geçirse, şonça-da ýokarydyr. Kibergorkuzmaklyk Internedi we kommunikasiýanyň beýleki elektron serişdelerini ulanmak bilen kämillik ýaşlaryna ýetmedigiň beýleki kämillik ýaşyna ýetmedik tarapyndan yzarlanmagy bolup durýar. Köplenç bu kemsidiji we dil ýetiriji habarnamalary geçirmek bilen baglydyr. Eger-de bu yzarlama uly ýaşly tarapyndan amala aşyrylýan bolsa, onda bu kiber-zorlukly basyşdyr. Pidany yzarlamak üçin Internedi we beýleki elektron kommunikasiýa serişdelerini ulanmak kiberyzarlamak bolup durýar. Bu köplenç oflaýn yzarlamakdan gelip çykýar, emma bu oflaýn yzarlamaklyga başlangyç hem bolup biler. Käbir pidalar öz kiberyzarlaýjylary (kiberstalkerleri) tarapyndan öldürildiler. Şahsy maglumatlary ogurlamak şahsy maglumatlary bähbit almak üçin ýa-da käbir borçnamalardan gaça durmak üçin ulanylmagy göz öňünde tutýar. Has ýaýran mysallar pidanyň şahsy informasiýasynyň kredit kartasyny almak üçin ulanylmagyny öz içine alýar. Bu kezzapçylyklar düýpli zyýan ýetirip biler, meselem, kiberstalkeriň özüniň yzarlan aýalyny öldüren ýagdaýyndaky ýaly. Çözüw beýle hadysalar bilen göreş üçin kanunlary kabul etmekden ybaratdyr. Internet-baglylyk ýagdaýynda, ol mekdebe ýa-da ofis işine zyýan bermek bilen, Internet bilen çendenaşa gyzyklanmakdan ybarat, Koreýa Respublikasynda bu meseleleri çözmek üçin täze maslahat beriji gulluklar gurnaldylar. Internet-baglylyk problemasyny çözmek Internet-baglylygyň humarly oýunlara maniakal gyzyklanmaklyga meňzeşlikdäki, erkiňe goýmaýan (kompulsiw) zyýan ýetenlik (bozulmaklyk) hökmünde hemişelik artýandygyny belläliň. Öwrendikli adamlar Internetde 17-18 sagat sarp edip bilerler. Internet-neşekeşleriň iň köp sany hasaplanýan ýurtlara Hytaý, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy we Taýwan degişlidirler. Aziýadaky bu Internet-baglylygyň köpsanly ýagdaýlary beýle erkiňe goýmaýan özüňi alyp barşa medeni faktorlaryň täsiriniň derejesi barada soragy galdyrýarlar. Bu bosulmalaryň beýleki erkiňe goýmaýan bozulmalaryň dürli görnüşi bolýandygyny ýa-da bolmaýandygyny kesgitlemek üçin köp derňewler geçirilýär. Wikipediýada ―Bozulma – Internet-baglylyk‖ temasy boýunça ýüztutma boýunça serediň (http://en.wikipedia.org/wiki/Internet_addiction_disorder), onda bu hadysanyň hakykatdan hem bozulmadygyny ykrar etmek üçin we oňa garşy delilleriň ýeterlik balansirlenen hasabaty getirilendir. 48 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak Amaly gönükme Spamy, kezzapçylygy, fişingi, kibergorkuzmaklygy, kiberyzarlamaklygy, şahsy maglumatlaryň ogurlanmagy we Internet-baglylygyň Siziň guramaňyzda, hökümetde we tutuşlygyna alanyňda jemgyýetde düşünilmeginiň derejesiniň çalt, resmi däl bahalandyrylmagyny geçiriň. Subutnamalary getiriň ýa-da öz bahalandyrmaňyzy esaslandyryň. Syýasy erk Internedi ýokardakylar ýaly görnüşli negatiw ulanmaga garşy göreş syýasy erki talap edýär. Birinjiden, seredilýän hereketler ýurtda bikanun bolmalydyrlar. Käbir ýurtlarda sarp edijileri goramak baradaky kanunçylyk şeýle gowşak welin, olary ýerine ýetirmek mümkin däl ýa-da netijesiz. Ikinjiden, halkara derejesinde hyzmatdaşlyga syýasy erk bolmalydyr. Meselem, Nigeriýa kezzapçylygy 419 Nigeriýa hökümeti tarapyndan kanunlary praktiki taýdan ýerine ýetirmegiň bolmazlygy sebäpli entek hem dowam edýär. Munuň netijesi Nigeriýada elektron telekeçiligine ynamyň pes derejesi bolup durýar. Öňünden tölemek ýa-da Nigeriýa kezzapçylygy 419 Korrupsiýanyň global indeksleriniň görkezijileri boýunça öňde barýan Nigeriýanyň umumy onlaýn-kezzapçylyk bilen baglanyşdyrylýanlygy gynanmaklyga mynasypdyr, bu kezzapçylyk ýalan sebäpler astynda eýeçiligi almak babatynda olaryň jenaýat jemkanunyndaky kararyň hormatyna atlandyryldy. Nigeriýa kezzapçylygy 419 öňünden tölemek esasynda kezzapçylyk bolup durýar, onda pidany pullaryň has uly möçberini yzyna almak umydy bilen pullaryny goýbermäge höweslendirýärler. Tipiki elektron habar pidanyň poçtasyna maliýe serişdelerine elýeterlilik almak üçin kömege mätäç kimdir birinden gelýär. Maliýe serişdeleri hökmünde, meselem, agdarylan hökümdaryň çagasynyň mirasy, bankdaky işeňňir däl hasap ýa-da paralaryň käbir möçberi çykyş edip biler. Aldawaç meňi ýuwdan islendik 49 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy adamdan, käbir göz öňünde tutulmadyk käbir kynçylyklary çözmek üçin ýene we ýene pul goýbermegi soraýarlar. Ara goşulyşýan pul jemleri sebäpli, döwletiň wezipeli şahslarynyň ýol bermeginde, bu operasiýalar köplenç professional gurnalýarlar. Derňemek üçin Nigeriýa gidenleriň käbirleri dereksiz ýitdiler ýa-da öldürildiler. Wikipediýada ―Öňünden tölemek boýunça kezzapçylyk‖ temasyna ýüztutmada (http://en.wikipedia.org/wiki/Advance_fee_fraud) aldawçylygyň taryhy, hem-de bolsa onuň wariantlarynyň jikme-jiklikleri getirilýär. Elektronika oblastyndaky amerikan kompaniýasynyň websaýty (http://home.rica.net/alphae/419coal/), eger-de kimdir biri aldawçylaryň şu hilli habarlaryny alanynda näme etmelidigi baradaky soraglar boýunça maslahatlary berýär. 4.3. Sanksiýalar Dolandyryş soraglaryny islendik ara alyp maslahatlaşmak kanunlary ýerine ýetirmek soragyna degip geçmelidir. Kanunlar ýerine ýetirilmese, iň gowy ýagdaýda, düzgünlere ideal mysal hökmünde seredýärler; erbet bolanynda, olara depeläp boljak kanunlar hökmünde bihaýalyk bilen seredýärler. Bu bölüm Internede gatnaşygy bar bolan ylalaşykly kadalary durmuşa geçirmek üçin sanksiýalary nähili ulanyp boljakdygyny beýan edýär. Kiberjemgyýetçiligiň kadalary: jemgyýetçilik tarapyndan ulanylýan torlaýyn etiket we sanksiýalar Kiberjemgyýetçilikde torlaýyn etiketiň, kadalaryň we özüňi alyp barmagyň öz hususy däpleri bolup biler. Beýle ýagdaýlarda jemgyýetçilik tarapyndan dolandyrylýan sanksiýalaryň iň agyr görnüşi sosial izolýasiýa we kowmaklyk bolup durýar. Bu hilli ýagdaý oýunda iki oýunçynyň garşysyna onlaýnda zorluk amala aşyran jenap Banglyň (Bungle) ―aýrylmagynyň‖ (―toading‖) belli mysalynda bolup geçdi. Ol izolirlenildi hem-de ahyrky netijede oýny taşlamaly boldy.29 Julian Dibbel, ―Kibergiňişlikde Zorluk‖, Obanyň Sesi, 23, 1993-nji ýylyň dekabry (Julian Dibbell, ―A Rape In Cyberspace,‖ The Village Voice, 23 December 1993), http://www.juliandibbell.com/texts/bungle_vv.html. 29 50 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak Kibergiňişlikde zorluk Onlaýn-jemgyýetler Internet ýüze çykmagyndan öň bardylar. Jemgyýetler düzümindäkileriň sany boýunça kiçidiler, hem-de maglumatlary alşyp-çalyşmak tekst esasynda bolup geçýärdi. Bu köp ulanyjylar üçin niýetlenilen onlaýnoýunlarda hem bolup geçýärdi, olary ―World of Warcraft‖ ýaly köp ulanyjylara niýetlenilen häzirkizaman oýunlaryň öň ýanyndakylar hökmünde bahalandyryp bolar. Beýle oýunlaryň LambdaMOO atly birinde, jenap Bangl atly oýunçy bir maksatnamany ulandy, ol maksatnama oňa tekstiň başga oýunçydandygyny ynandyrmaga mümkinçilik berdi. Jenap Banglyň beýan eden hereketleriniň arasynda onuň dolandyrýan awatarynyň we onuň islegi boýunça peýda bolýan beýleki awataryň arasynda jynsy ýakynlyklar bardy. Hereketler jemgyýetçiligiň kadalaryny bozdular we köp sagat dowam etdiler. Birnäçe gün geçeninden soňra LambdaMOO oýnuny ulanyjylar jenap Banglyň garşysyna gönükdiriljek çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin onlaýnda duşuşdylar. Duşuşykdan soňra jemgyýetçiligiň esasy programmaçylarynyň biri birtaraplaýyn tertipde jenap Banglyň hasaba alnyş ýazgysyny öçürmek çözüwine geldi. Şondan bäri LambdoMOO oýnuny ulanyjylar öz jemgyýetleriniň düzgünlerini bozan ulanyjylary wagtlaýyn aýyrýan maksatnamany diklediler. Şeýle-de bolsa, jemgyýetçiligiň beýle sanksiýalary seýrekdir, sebäbi hereketiň nädogry bolup durýandygy barada ylalaşyga hem-de ―nädogrulygyň‖ derejesi we jeza bermegiň ölçegi barada ylalaşyga gelmek köplenç kyndyr. Ondan başga-da, mümkin, sosial izolýasiýanyň sanksiýalary käbir adamlar üçin ýeterlik agyr bolman hem bolup bilerler. Gysgaça aýdanyňda, jemgyýetçiligiň sanksiýalary işleýärler, emma çäklendirilen görnüşde. Öz-özüňe kömek Käbir ýagdaýlarda zyýan çeken tarap öz-özüňe kömege ýüz tutup biler. Meselem, awtorlyk hukuklarynyň eýelerinde olaryň awtorlyk hukuklaryna kast edenleri kazyýet tertibinde yzarlamakda öz-özüňe kömegi ulanmak boýunça waka bar, hem-de hakykatdan hem, hukugy goramagy berjaý etmek ulgamy köplenç hut şeýle görnüşde amala aşyrylýar. Bu hukuk hereketlerini berjaý etmegi derňemek we üpjün etmek boýunça işleriň ymykly böleginiň, hat-da awtorlyk hukuklarynyň 51 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy kanunlary jenaýat işlerine degişli bolan hem bolsa, polisiýa tarapyndan däl-de, gösgöni awtorlyk hukuklarynyň eýeleri tarapyndan amala aşyrylandygyny aňladýar. 2000-nji ýylda Sidneýde Olimpiýa komiteti ―Copyright Control Services‖ (―Awtorlyk hukugynyň soraglary boýunça gözegçilik Gullugy‖) atly hususy kompaniýany Olimpiýa oýunlary barada rugsat berilmedik täzelikleri ýaýradýan saýtlary ýüze çykarmak üçin Internetde ―patrullyk‖ üçin hakyna tutdy. Sebäp netijeleri translýasiýa etmek üçin hukugyň söwdalarda 200 million ABŞ dollaryna satylandygyndan ybaratdy, hem-de informasiýanyň islendik rugsat berilmedik ýaýramalary ýeňen alyjynyň hukugyny bozardy. Internede ―patrullyk‖ eden takmynan 60 adama uly möçberli rugsat berilmedik gepleşikleri eşitdirişi togtatmak başartdy. Russiýanyň telewizion stansiýasy Moskwa TV6, hakykatdan hem, haçan-da wideony Internetde görkezip başlanda görkezmegiň azatlygynyň peýdasyna delilleri getirmäge çalyşdy. Emma Moskwanyň TV6 kanaly rugsat berilmedik translýasiýany bes etmeli boldy, sebäbi, eger-de olar gepleşikleri dowam etseler, onda telestansiýa wideosignaly bermegiň durzuljakdygy barada şert goýuldy.30 Şondan bäri, şuňa meňzeş patrul toparlary tomusky hem, gyşky hem Olimpiýa oýunlary üçin gurnalýarlar. Halkara hukugy Kiberjenaýatçylygy derňemäge we kazyýet tertibinde yzarlamaga mümkinçilik berýän halkara hukugyny işläp düzmek barada gürrüň boldy. Dogrusyny aýdanyňda, beýle kanun kiberjenaýatçylyga garşy düzgünleri kesgitlemek, kazyýet tertibinde yzarlamak we berjaý etmek üçin bitewi jemkanuny dörederdi. Halkara hyzmatdaşlygy bar, emma oňa köpsanly bolmadyk ýurtlar gatnaşýarlar. Ýewropa Geňeşiniň kiberjenaýatçylyk baradaky Konwensiýasy beýle jemkanuny amala aşyrmak boýunça sebitleýin synanyşyk bolup durýar. Ýewropanyň ýeterlik dürli-dürli bolandygy sebäpli, Konwensiýa geljekde has giň ulanyşa eýe bolup biler. Konwensiýa pikirleri aňlatmagyň azatlygyny berjaý etmekde zerurlygy hem hasaba alýar. ―Olimpiadanyň wideosy Internetde monitoringlenende düzgüni bozujylar tutuldylar‖, CNN, 2000-nji ýylyň 22-nji sentýabry (―Violators caught as Olympic video monitored on Internet,‖ CNN, 22 September 2000), http://edition.cnn.com/2000/TECH/computing/09/22/olympics.netpolice.ap/index.html. 30 52 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak Ýewropa Geňeşiniň kiberjenaýatçylyk baradaky Konwensiýasy Kibergiňişlikde netijeli bolmak üçin hukuk goraýjy edaralar Internediň serhetleri we ýurisdiksiýalary kesip geçmäge mümkinçilik berýän ýeňilligini üns merkezine almalydyrlar. Bu, eger-de, hukuk goraýjy edaralar käbir uniwersal düzgünler barada şertleşmek üçin birleşmeseler, onda düzgüni bozujylary yzarlamagyň kyn boljakdygyny aňladýar. Emma Internet-jemgyýetçilik kanunlaryň durmuşa geçirilmeginden howplanýar. Internetde ―gidýän hemme zat diýen ýaly‖ (‗almost anything goes‘) medeniýet bar, onda aňladyşlaryň azatlygy gutlanylyp garşy alynýar. Internediň entek hem emele gelmek döwründe bolýandygy sebäpli, hukugy goramagy berjaý etmek üçin kabul edilen kanunlar onuň ösüşini bogup ýatyryp biler diýen pikir bar. Ýewropa Geňeşiniň kiberjenaýatçylyk baradaky Konwensiýasy bu problemalary çözmäge synanyşýar. Ýewropa Geňeşi (ÝG) Ýewropanyň ähli diýen ýaly ýurtlaryndan ybarat. Ol ÝB-ine görä döwletleriň-agzalaryň köp sanyny öz içine alýar, ÝB bu başga guramadyr. ÝG döwletleriň-agzalaryň ratifisirläp biljek, ret edip hem biljek ylalaşyklaryny işläp düzýär, şol bir wagtda bolsa, ÝB-i döwletleriň-agzalaryň döwletiň içindäki kanunlar hökmünde ratifisirlemeli deklarasiýalaryny yglan edýär. ÝG-ne gatnaşýan ýurtlaryň sanynyň köplügi sebäpli (50 ýurt diýen ýaly) kiberjenaýatçylyk barada ylalaşyklary işläp düzmek köp soraglary ýüze çykardy. Emma, Ýewropa Geňeşiniň sebitleýin gurama bolup durýandygy sebäpli, ýakyn medeniýet we fiziki goňşulyk bu soraglary ara alyp maslahatlaşmak prosesinde gutulgyzys bolan diplomatiki çekeleşikleriň minimuma eltiljekdigini aňladýarlar. Ondan başga-da, ylalaşyklaryň tebigaty ýurtlaryň tekst boýunça agzybirlige ýetip biljekdiklerini, emma ony kabul etmän ýa-da saýlaýjylyk bilen kabul edip biljekdigini aňladýar. Bu kabul etmelimi ýa-da ýok mümkinçiligi kanunlar babatynda çözüwi kabul etmek hukugyny milli parlamentleriň elinde galdyrýar. Bu ÝB-niň parlamentinde kabul edilýän düzgünlerden tapawutlanýandyr, ol düzgünler milli kanunçylykda kanunlar hökmünde ornaşdyrylmalydyrlar. Şonuň üçin ÝG-niň düzgünleri dürli problemalaryň arasynda kompromis tapýandyr. Kiberjenaýatçylyk baradaky Konwensiýa aňladyşlaryň azatlygy boýunça potensial konfliktli ýagdaýlar babatynda Raýat azatlyklarynyň Amerikan birleşigi (American Civil Liberties Union) ýaly guramalardan teklipler bilen, halkara synynyň birnäçe raundyna sezewar edildi. 53 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy Konwensiýa kiberjenaýatçylyk baradaky kanunlary döretmegi niýet edinýän ýurtlar üçin ýolbaşçylyk ýörelgelerini kesgitleýär. Ol 2004-nji ýylyň iýulynda güýje girdi. Halkara hyzmatdaşlygy barada düzgünnama bar, ol ÝG-ne girmeýän ýurtlaryň Konwensiýa birigip biljekdigini aňladýar. Hakykatdan hem, 2007-nji ýylyň ýanwarynda ABŞ Konwensiýa birikdi. Goşmaça maglumat üçin ýüz tutuň: Ýewropa Geňeşi, ―Kiberjenaýatçylyk: demokratiýa, adam hukuklaryna we kanunyň ýokarda durmagyna howp‖ http://www.coe.int/t/dc/files/themes/cybercrime/default_en.asp. Mümkin, halkara konsensusy üçin ýene-de bir mehanizm Internedi ulanmagy dolandyrmak soraglary boýunça Forumda işeňňir birleşmelerden ybaratdyr. Işeňňir birleşmeler möhüm soraglaryň daşynda gyzyklanýan taraplaryň erkin toparlanmagy bolup durýar. Spamda ýöriteleşen dinamiki koalisiýa ýeterlik işeňňirdi. Spam bilen göreş alýansy Spam problemasy däp bolan mahabatdan tapawutlykda onuň çykdajylarynyň uly böleginiň goýberijiniň däl-de, alyjynyň çekýändiginden ybaratdyr. Dürli derňewleriň maglumatlary boýunça elektron poçtanyň traffiginiň ymykly bölegi spamdan ybaratdyr. Spamyň ―birinji nesli‖ ýürege düşýän poçta bolup durýardy, onuň uly bölegini ulanyjylar we ulgamlaýyn administratorlar filtrläp bilýärdiler. Spamyň has täze nesli howsala turuzýar. Spam indi artýan depginler bilen zyýan beriji maksatnama üpjünçiligini getirýär, ol ulanyjynyň habary bolmazdan işe goýberilýär. Kompýuter ―bota‖, torlaýyn agent-robota öwrülip bilner, ol spamer tarapyndan spamy goýbermek üçin dolandyrylýar. Käbir ýagdaýlarda spam parollary we beýleki konfidensial maglumatlary almak üçin maksatnamany öz içinde saklap biler. Bu operasiýalaryň örän ukyplylygy we möçberleri köplenç jenaýatçy bandalar bilen baglanyşdyrylýan guramalaryň derejeleri barada pikire getirýär. Bu spamerler bilen pişik-syçan oýnudyr, olar özleriniň öňki usullary ýeňlen wagtynda spamy goýbermegiň has ukyply usullaryny işläp düzýärler. Öňdebaryjy tejribäni we professional ideýalary alşyp-çalyşmak üçin Internedi ulanmagy 54 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak dolandyrmak boýunça Forumda spam boýunça işeňňir birleşme döredildi (Dynamic Coalition on Spam). Koalisiýa eýýäm bu ugur boýunça işleýän toparlary birleşdirdi. Bu iş dowam edýär, topar indi Spam boýunça göreşiň Alýansy diýlip atlandyrylýar (http://stopspamalliance.org). Oýlanmak üçin soraglar Siziň ýurduňyz haýsy derejede Internetde hyýanatçylyklar problemasyny çözmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşýar? Jemleme Internediň özüni şeýle kuwwatly gurşaw edýän mümkinçilikleriniň garaňky maksatlar üçin ulanylyp bilinjekdigi barada hiç hilli şübhe ýokdur. Internedi ulanmagyň käbir has eýmenç taraplaryny düzgünleşdirmek zerurlygynyň bardygyna hem şübhe ýok. Kemsitmegiň hemme ýerlerde näme bolup durýandygyny kesgitlemekde agzybirlige ýetmegiň kynçylyklary sebäpli Internetde zyýana we ýitgilere getirýän käbir problemalary çözmekde kynçylyklar bar. Iň göze görnükli üstünliklere sarp edijileri aldamak we çaga pornografiýasy boýunça soraglarda ýetildi. Birinji nobatda, kanunlary döretmek üçin, soňra bolsa olary ýerine ýetirmek üçin, halkara ylalaşygy gerek. Ýewropa Geňeşiniň kiberjenaýatçylyk baradaky Konwensiýasy geljekki ylalaşyk we hyzmatdaşlyk üçin esas bolup gulluk edip biler. Özüňizi barlaň 1. Internetde hyýanatçylyklar bilen göreşde hukuk goraýjy edaralar haýsy kynçylyklara duçar bolýarlar? 2. Halkara jemgyýetçiligi olar bilen göreşmek gerek bolan kiberjenaýatçylyklar hökmünde nämäni ykrar edýär? 3. Internediň güýçli ösmegi bilen haýsy täze jenaýatlar ýüze çykdylar? 4. Bu jenaýatlar babatynda Internediň kömegi bilen haýsy sanksiýalar ulanylyp bilnerler? 55 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy 5. REAL DÜNÝÄ BILEN KESIŞÝÄN SORAGLAR Bu bölümiň meselesi ykdysadyýete we döwlet dolandyryşyna dahylly esasy oblastlarda, hem-de bolsa mazmun babatynda Internediň işleriniň real dünýä bilen laýyklaşmagy barada habardarlygy ýokarlandyrmak we degişli kadalaşdyryş bazasyny döretmegiň zerurlygyna düşünmek bolup durýar. Internet real dünýä täsir edýär. Oflaýn dünýä wirtual dünýä has meňzeş bolar ýaly üýtgedilmelimidir? Ýa-da oflaýn düzgünleri torlaýyn dünýä ulanylmalymydyr? Jogap, elbetde, ortalyk bir ýerde ýerleşýär. 5.1. Konkurent syýasat Internede elýeterlilik näçe mümkin boldugyça konkurensiýa ukyply bolmalydyr. Bu elektroaragatnaşyk sektorynyň liberallaşmagyny aňladýar, aýratyn hem, eger-de, sektor monopolistiki ýa-da ondan hem beter, bitewi monopoliýa bolsa. Bu sektorda liberallaşdyrmak, tejribäniň görkezişi ýaly, hyzmat etmegiň hilini gowulandyrýar we şol bir wagtda bahalaryň peselmegine getirýär. Pes bahalar, ozal görkezilişi ýaly, Internediň ýaýramagynyň artmagyna getirýär. Internede giň zolakly elýeterlilik ýagdaýynda bolsa, bahanyň peselmegi ony ulanmagyň shemasyny üýtgedýär. Oýunlar teoriýasy netijeli konkurensiýa maksatlary üçin iň azyndan üç oýunçynyň bolmalydygyny tassyklaýar. Elektroaragatnaşyk sektorynyň liberallaşdyrylmagy we Internethyzmatlaryň gymmaty Ozal aýdylyşy ýaly, ABŞ-da Internediň ösmeginiň sebäpleriniň biri elektroaragatnaşyk sektorynyň liberallaşdyrylmagy bolupdy. Internet, ahyrsoňy, çekilen halkara aragatnaşygyň uzynlygyna baglydyr. Bu sektorda konkurensiýa bahalary peseltdi. Liberallaşdyrmagyň has aýdyň täsirini ABŞ-da görmek mümkin, onda elektroaragatnaşygyň bazarynyň liberallaşdyrylmagy boýunça hereket başlandy: beýleki ýurtlaryň köpüsinden ABŞ-da öz saýtyňy gurnamak arzandyr. Bu netijeli sikle getirýär, onda önümçiligiň masştablarynyň artmagy bilen şertlendirilen tygşytlylyk, öz gezeginde, pes bahalary saklamaga mümkinçilik berýär. 56 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak Derňewler elektroaragatnaşyga zerurlygyň ýeterlik elastik bolup durýandyklaryny görkezdiler. Ýagny bahanyň X göterim pese düşmegi islegiň X göterimden köp artmagyna getirýär. Derňewler elektroaragatnaşygyň ýerli halkasynda konkurensiýany höweslendirmegiň Internediň has çuň ýaýramagyna hemaýat berýändigini hem görkezdiler. Fransiýa, Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy giň zolakly elýeterliligi konkurensiýa syýasatynyň üsti bilen artdyrdylar. Koreýa Respublikasy giň zolakly elýeterliligiň dünýäde iň ýokary görkezijisine eýedir. 1980-nji ýyllardan başlap elektroaragatnaşyk sferasynyň esasy serişdelerine erkin elýeterlilige ýol berýän syýasat muňa gulluk etdi. Fransiýanyyň we Ýaponiýanyň ýagdaýlary has öwrenmäge mynasypdyrlar, sebäbi ýaýramagyň depginleri takmynan 2005-nji ýyla çenli onçakly ýokary bolmadylar. Ondan bäri, konkurensiýany höweslendirýän syýasat bahalary peseltdi, giň zolakly elýeterliligiň ýaýramagy bolsa ýokary bökdi. 1980-nji ýyllaryň ortalaryndan 1990-njy ýyllaryň ortalaryna çenli köp kitaplarda we makalalarda elektroaragatnaşyk sektorynyň liberallaşdyrylmagynyň artykmaçlyklary ara alnyp maslahatlaşylýarlar. Internet-sektorynyň liberallaşdyrylmagy elektroaragatnaşyk sektorynda seredilen ideýalaryň dowamy bolup durýar. Serediň, Emanuele Giovannetti, ―IT-rewolýusiýa, Internet we elektroaragatnaşyk: Ýewropa Bileleşiginde konkurensiýa ukyply senagata geçiş‖, ol şu ýerde bar: E. Giovannetti, M. Kagami we M. Tsuji, ―Internet rewolýusiýa: global perspektiwa‖ (Kembrij uniwersitetiniň neşirýaty, 2003-nji ýyl), sah. 124142. (Emanuele Giovannetti, «IT-революция, Интернет, и электросвязь: переход к конкурентоспособной индустрии в Европейском Союзе», в E. Giovannetti, M. Kagami и M. Tsuji, «Интернет-революция: глобальная перспектива (издательство Кембриджского университета, 2003 г.), стр. 124142). 5.2. Senzura we söz azatlygy Hökümet we hususy sektor tarapyndan senzura tutuş dünýäde bar. Ozal bellenilişi ýaly, sorag ýerli bähbitleri we Internetde uly bolmadyk senzurany girizmek ýa-da onuň ýoklugy barada halkara kadalaryny balansirlemekden ybaratdyr. Saýtlaryň doly blokirlenilmegi Internet-jemgyýetçilik tarapyndan ýazgarylýar. Has praktiki we kabul ederlikli çözüw ulanyjy tarapyndan haýsy hem bolsa filtrleýji elementiň bolmagy bolup durýar. Ulanyjy tarapyndan diklenilen filtrleýji maksatnama üpjünçiligi kabul ederliklidir. Emma ene-atalaryň filtrleri diklemekde we ulanmakda köplenç öz çagalary ýaly düşbi däldikleri kesgitlenildi. 57 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy Meýletin öz-özüňi bahalandyrmak bilen filtrlemek 1999-njy ýylda Bertelsmanyň (Bertelsmann) Fondy Internet-mazmuny filtrleýji ulgamy işläp düzmek üçin topary ýygnady, ol ulgam mugt bolmalydy, medeni aýratynlyklary hasaba almalydy, hem-de bolsa söz azatlygyna hukugy bozmaýan bolmalydy. Bu topar öz içine ylmy barlagçylary, regulýatorlary, hemde bolsa söz azatlygyny goraýjylary alýardy. Tamamlaýjy tapgyr Internet mazmuny bahalandyrmak boýunça Assosiasiýany (Internet Content Rating Association, ICRA) emele getirmek boldy. Topar öz göz öňüne ideal netijäni getirýärdi: ene-ata özüniň bolýan ýurduny syçanyň düwmesi bilen saýlaýar, soňra bolsa filtrleýji ulgamy saýlaýar (aýdalyň, katoliki buthana tarapyndan goýlanlaryň birini), soňra bolsa laýyk gelmeýän diýlip hasaplanylýan saýtlar filtrlenerler. Filtrleýji ulgamyň täsiri astynda saýtlar özlerini dil nyşanlary, zorlugyň bolmagy, ýalaňaç kartinalar we alkogol ýaly islenilmeýän (emma legal) mazmun boýunça bellik ederdiler (markirlärdiler). Tutuşlygyna alanyňda takmynan 40 ýarlyk bardy. Emma, ahyrynda, ICRA öz asylly maksadya ýakynlaşmady. Birinjiden ABŞ-da Demokratiýany we tehnologiki progresi ösdürmegiň Merkezi ýaly raýat hukuklary üçin göreşijiler tarapyndan garşylyk bardy. Başda öz-özüňi markirlemek bilen razylaşan täzelikler saýtlarynyň özlerini senzura režimine boýun bolýanlar hökmünde kabul ederler diýip hasaplanlaryndan soňra öz pikirini üýtgetdiler. Ikinjiden, söz azatlygy problemasyny çözmek üçin websaýtlar öz-özüni markirlemelidirler. Bu özlerini markirleýän saýtlaryň kritiki massasynyň artmagyna päsgelçilik döredýärdi. Saýtlaryň ol kritiki massasy bolmasa filtri ulanyjylar wagtal-wagtal filtrleri şeýle ýygy ulanmagy bes ederler. Üçünjiden, filtrler brauserlere goýlan bolsalar, olar iň gowy usulda işlärdiler. Şol bir wagtda bolsa, haçan-da ICRA usulyýeti herekete taýýar bolanda, brauserleriň urşy tamamlandy, ondan Microsoft ýeňiji bolup çykdy. Şoňa çenli Netscape hem, Microsoft hem öz brauserlerine funksiýalary goşýardylar. Hakykatda bolsa, Microsoftyň brauserinde 2000-nji ýylda filtrlemegiň çig ulgamy bardy. Ahyrsoňunda, ABŞ-daky V-chip ýaly beýleki meňzeş markirlemek ulgamynda synagdan geçirilip görlende, ol, göz öňüne getirilişi ýaly, edepsiz telewizion mazmuny filtrlärdi, ulanyjylardan hiç hilli iş ýüzündäki isleg ýüze çykmady, ýa-da ulanyjylar filtrlemegiň beýle shemasynyň gerekligi barada öz dilden ylalaşygy boýunça hereket etmediler. 2007-nji ýylda ICRA Maşgalanyň torlaýyn howpsuzlygy Institutyna (Family Online Safety Institute) özgerdildi. 58 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak Awtoryň Geňeşiň agzalarynyň biri hökmünde ICRA gös-göni çekilendigi sebäpli ýokarda agzalan jikme-jiklikler birinji gezek beýan edilýärler. ―Haosy tertipleşdirmek‖ («Упорядочивание хаоса») atly kitapyň ―Senzura we Internediň mazmunyny düzgünleşdirmek‖ atly babynda ICRA hakynda käbir jikme-jiklikler beýan edilendirler. Beýleki çemeleşme serwer derejesinde filtrleri goýmakdan ybaratdyr, olar ulanyjylara ýörite goşmaça hyzmat hökmünde satylýarlar. Töleg blokirlenen saýtlaryň sanawyny täzelemek we goldamak üçin girizilýär. Adaty ulanyja iş ýüzünde beýle filtriň üstünden geçmek mümkin däldir. Käwagt aşa blokirlemegiň işleýändigi ýetmezçilik bolup durýar, ondan soňra ýalňyş blokirlenen saýty ―blokirlemekden aýyrmak‖ kyndyr. Amaly gönükme 1. 2. Eger-de, olar ýalylar bar bolsa, Siziň ýurduňyzda mazmuny düzgünleşdirmek üçin kabul edilen çäreleri beýan ediň. Eger-de başga ýurduň hökümeti bu ýurtda legal bolmadyk mazmunly saýty blokirlemek haýyşy bilen Siziň ýurduňyzyň hökümetine ýüz tutsa Siziň hökümetiňiz haýsy çäreleri kabul eder? Öz maslahatlaryňyzy beriň we olary esaslandyryň. 5.3. Diffamasiýa Has uly söz azatlygy bilen Internetde diffamasiýa üçin has uly şans ýüze çykýar. Umuman aýdanyňda, bilkastlaýyn ýalan habar barada soragy çözmek konkurent bähbitleriň balansirlenilmegini talap edýär: adamyň öz hususy atabraýyna (reputasiýasyna) gyzyklanmasy we pikirleri aňlatmagyň uly azatlygyny höweslendirmek işinde jemgyýetçilik gyzyklanmasy. Internetde şahsy we jemgyýetçilik bähbitleriniň üstüne gapma-garşylykly medeni gymmatlyklaryň goşmaça çylşyrymlylyklary hem bar. Iň bir öwrenmäge mynasyp ýagdaýlaryň biri Awstraliýanyň Melburn şäherinden bolan telekeçi Jozef Gutnik bilen baglanyşykly. Dow Jones kompaniýasyna degişli Barron‘s žurnaly jenap Gutniki öz makalasynda 59 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy masgaralady. Žurnalyň Awstraliýada 14 sany abunaçysy bardy, olaryň bäş sanysy Wiktoriýa ştatyndandy. Bu Awstraliýanyň Ýokary kazyýetiniň ýurisdiksiýasyny ýaýratmak üçin ýeterlik boldy. 31 Barron’s žurnalynda Awstraliýanyň kredit kartoçkasy bilen tölän 1700 onlaýn-abunaçylary bardy. Şeýle sorag emele geldi: eger-de Gutnik bu işi utsa, onda bu ähli çap edilýän neşirleriň diffamasiýa barada iň berk kanunlar bar bolan ýurdy kriteriý hökmünde ulanyp, öz çap edýän zatlaryna seretmelidiklerini aňladarýarmy? Bagtymyza, Ýokary kazyýet jenap Gutnigiň dalaş edip biljek pul görnüşindäki öwezini dolmak (kompensasiýa) onuň atabraýyna global möçberde däl-de, diňe Melburnda ýetirilen zyýan bilen çäklendiriler diýip karar çykardy. 32 Kazyýet, göz öňüne getirilişine görä, töhmetçilikli makalanyň mümkin ýetirip biljek iş ýüzündäki zyýanyny maglumat hökmünde kabul etdi. Adatça Britan Hyzmatdaşlygynyň kazyýetleri beýle etmäge meýilli däldirler. Amaly gönükme Siziň ýurduňyzyň raýaty bolan Y-e aşakdaky ýagdaýlarda maslahat beriň: Ýagdaý 1: W-e degişli bolan blogda, Siziň ýurduňyzda Y-e töhmet atdylar. Bu bloguň meşhur ýa-da ýoklugyna bagly bolan tapawut barmy? Eger-de ol ýerde Y-i goraýan 200 habar bar bolsa näme etmeli ? Ýagdaý 2: Eger-de ABŞ-daky onlýan-täzelikleriň guramasy Y-e degişli kompaniýa töhmet atsa näme etmeli? Bu Internetde töhmet üçin ―global jogapkärçilik‖ bolup bilermi? Internedi ulanmagy düzgünleşdirýän kanunlara ýene-de bir üýtgemegi girizmäge Internet mejbur etdi: üçünji tarapyň mazmuny üçin immuniteti Dawid Fikling we Stýuart Millar, ―Diamond Joýyň diffamasiýa ýadgaýy Internediň geljegini nähili üýtgedip bildi‖, Gardian, 11, 2002-nji ýylyň Dekabry (David Fickling and Stuart Millar, ―How Diamond Joe‘s libel case could change the future of the internet,‖ The Guardian, 11 December 2002), http://www.guardian.co.uk/technology/2002/dec/11/media.newmedia. 32 Awstraliýanyň Ýokary kazyýeti, ―Dow Jons we Inc v Gutnick [2002] Kompaniýasy HCA 56‖ (2002nji ýylyň 10-njy dekabry) (High Court of Australia, ―Dow Jones and Company Inc v Gutnick [2002] HCA 56‖ (10 December 2002)), http://www.austlii.edu.au/au/cases/cth/high_ct/2002/56.html. 31 60 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak bermegiň zerurlygy. Bu websaýtyň we forumyň eýeleriniň beýlekileriň ýerleşdiren mazmuny üçin jogapkärçilik çekmeli däldiklerini aňladýar, bu abraýdan düşürýän mazmun barada habarnamadan soňra eýeleriniň hereketleriniň ―pähimlilik‖ şertinde bolar. Ýurisdiksiýalaryň köpüsinde ―pähimli hereket etmek‖ bellenilen möhletiň dowamynda abraýdan düşürýän mazmuny aradan aýyrmagy aňladýar.33 Bu ýagdaý ―habarnama bermek we aradan aýyrmak‖ diýlip hem atlandyrylýar. 5.4. Awtorlyk hukugy we intellektual eýeçiligiň beýleki hukuklary Surat 3. Awtorlyk hukugynda deňagramlaşdyrmak (Çeşme: DiploFoundation, http://textus.diplomacy.edu/textusbin/env/scripts/Pool/GetBin.asp?IDPool=1181) Awtorlyk hukugy üçin immunitetiň şuňa meňzeş ýagdaýyny üpjün etmek gerekdir. Bu websaýtyň we forumyň eýeleriniň başga şahs tarapyndan ýerleşdirilen, awtorlyk hukuklarynyň bozulmagyna getirip biljek mazmun üçin jogapkärçilik çekmeýändigini aňladýar, bu kabul edýän tarapyň ―pähimlilik baradaky‖ düzgünleri berjaý edýän şertlerinde bolmalydyr. Köp ýurtlarda ―Habarnama bermek we aradan aýyrmak‖ boýunça amerikan düzgünnamasyny has köp kabul edip başladylar, ol awtorlyk hukugyny üpjün etmek üçin hödürlenilendir. Bu düzgünnama habarnama garşy çykylmak mümkinçiligini berýär. Awtorlyk hukugynyň bozulýandygy barada tassyklaýan şahs ýa-ha yza 33 61 Seret, Ang (2005) Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy çekilip we informasiýanyň ýerleşdirilen bolup galmagyna mümkinçilik berip biler, ýa-da bu sorag kazyýet tertibinde çözüler. Domen atlaryna haryt belgileri hökmünde seretmek gerekmi – bu intellektual eýeçilik hukugynda jedelli oblastdyr. Transmilli kompaniýalar üçin beýle düzgün öz adyny her ýurtda hasaba aldyrmagyň gerekliginiň agyr ýüküni gowşadardy. Bu düzgün degişli rugsatnama bolmazdan transmilli kompaniýanyň adyny öz domen ady hökmünde ulanýan islendik biriniň intellektual eýeçilige hukuk düzgünlerini bozýandygyny aňladar we ol bu kompaniýanyň domen adyny ulanmakdan ýüz döndermelidir. ICANN-yň jedelleri düzgünleşdirmek boýunça bitewi proseduralary bu soragy global derejede çözüp biler. Emma her bir ýurtda ýurtlaryň ccTLDs domen atlary babatynda hukuklary düşündirmek üçin milli düzgünler gerekdir. Oýlanmak üçin soraglar 1. Domen atlary haryt belgileri hökmünde hasaplanylmalymydyrlar? Näme üçin hawa ýa-da näme üçin ýok? 2. Siz öz ýurduňyzyň we has ösen ýurtlardan bolup biljek hukuk saklaýjylaryň bähbitlerini nähili ýerleşdirerdiňiz? 5.5. Şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi Öň bellenilişi ýaly, şahsy durmuşyň eldegrilmesizliginiň düzgünleri saklanylýarlar. Sorag ýüze çykýar: şahsy durmuşyň eldegrilmesizligini düzgünleşdirmek üçin haýsy model ulanylmaly? Esasan, dürli paradigmalarly iki modeller bar. ÝB-niň modelinde şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi adam hukuklarynyň biri bolup durýar. Ol satyn alnyp bilinmez, satylyp bilinmez ýa-da haýsy hem bolsa bir telekeçilik häsiýetine eýe bolup bilmez, hem-de bu ählumumy gurşap alyjy kanunçylyk goldawyna mynasypdyr. Amerikan modelinde şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi ýuridiki hukuk bolup durýar, ol kontrakt astynda geçirilip bilner. Meselem, elektron poçtanyň salgysyny bermegiň ornuna käbir resminamalary okamak ýa-da käbir hyzmatdan peýdalanmak mümkinçiligini almak bolar. Bu ýagdaýda kanunçylyk goldawy ählumumy däldir, eýsem fragmentar häsiýete eýedir. 62 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak Internet babatynda aýdanymyzda iki paradigma hem hereketde we netijeleri boýunça juda meňzeşdirler. Elbetde, ýewropa modelinde sanksiýalaryň sany köp, emma ol gymmat hem düşýär. Ýurduň saýlaýan usuly hemme zatdan köp onuň medeniýetiniň we taryhynyň täsirine bagly. Ýewropa modeli, emma, eger-de Maglumatlary goramak barada Direktiwa (Data Protection Directive) ýerine ýetirilse, bütin dünýäde kabul edilmek potensialyna eýedir. Oýlanmak üçin soraglar 1. Ulanyjynyň şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligi baradaky talap Siziň ýurduňyzda kanunçylyk tertibinde nähili derejede ykrar edilýär? 2. Şahsy durmuşyň eldegrilmesizligini düzgünleşdirmegiň ÝB-iň ýa-da ABŞ-yň modelleriniň haýsysyna Siziň ýurduňyz ähtimal eýerer? Öz nukdaýnazaryňyzy düşündiriň. Jemleme Düzgünleşdirmek prosesi aýdyň, demokratiki bolmalydyr we mümkin boldugyça köp taraplary özüne çekmelidir. Ýagny, bu proses ähli gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagy bilen maslahatlaşmak häsiýetine eýe bolmalydyr. Düzgünleşdirmegiň ähli dört usulyny hem öwrenmek gerekdir — bazaryň, sosial kadalaryň kömegi bilen, strukturalaýyn we döwlet düzgünleşdirmeginiň üsti bilen (şol sanda, öz-özüňi düzgünleşdirmek, sebäbi öz-özüňi düzgünleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin hökümetden ygtyýarlyklaryň delegirlenilmegi talap edilýär). Özüňizi barlaň 1. Internede elýeterlilik üçin konkurensiýa syýasatynyň ähmiýeti nähili? 2. Internetde senzura, eger-de ol bütinleý bolup bilýän bolsa, haýsy derejede ýol bererliklidir ýa-da rugsat bererliklidir? 63 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy 3. Internedi ulanyjy onlaýnda kimdir birine töhmet atyp we jezasyz bilermi? 4. Diffamasiýa baradaky kanun Internedi hasaba almak üýtgedilmelimidir? 5. Awtorlyk we beýleki intellektual eýeçiligiň hukuklaryna dahylly esasy jedelli soraglar Internetde bar? 6. Şahsy durmuşyň eldegrilmesizligini we maglumatlary goramagy etmegiň haýsy iki modelleri bar? Olar nähili tapawutlanýarlar? 64 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak galyp bilen haýsy üpjün 6. ÖSÜŞ ASPEKTLERI: SIFRLEÝIN DEŇSIZLIK Bu bölüm Internediň sosial-ykdysady ösüş üçin nähili görnüşde ulanylyp bilinjekdigini, hem-de bolsa IKTÖ üçin nähili çäklendirmeleriň bardygyny beýan edýär. Milli ösüş IJSBÝDÄD üçin motiwleriň biri bolupdy, ol, ahyrky netijede, Internedi ulanmagy dolandyrmagyň soraglary boýunça diskussiýa getirdi. Oňa garamazdan, ösüş uly tema bolup durýar, onuň çözüwi köp onýyllyklary alar. IKT-e, şol sanda Internede umyt, olaryň ösüş prosesini çaltlaşdyrmaga hemaýat bermeklerinden ybarat. 6.1 Ösüş maksatlary üçin IKT Netijeli bolmak üçin IKTÖ şulary gurşap almalydyr: (1) dolandyrmak hem-de hukuklaryň we mümkinçilikleriň giňeldilmegi, (2) infrastruktura, (3) ykdysady ösüş, hem-de (4) sosial ösüş. Laýyk dolandyryşsyz maliýe serişdeleri boş sarp edilip bilnerler. Ygtyýarlyklar bolmasa ulanyjylar öz ýagdaýyny üýtgedip bilerler diýip hasaplamaýarlar. Elektrik togy ýa-da telekommunikasion liniýalar ýaly infrastruktura bolmasa Internediň durmuşa ukyplylygyny üpjün etmek mümkin däldir. IJSBÝDÄD Sifrleýin raýdaşlyk Fonduny döretmäge kömek etdi. Müňýyllygyň Ösüş Maksatlary (MÖM) nähili görnüşde Fonduň sarp edilmelidigi barada gowy gollanma bolup durýandyr. MÖM bolup durýarlar: 1. Aşa garyplygy we açlygy ýok etmek 2. Ählumumy başlangyç bilimi üpjün etmek 3. Aýallaryň we erkekleriň deňligine hemaýat bermek, hem-de bolsa aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek 4. Çaga ölümini kemeltmek 5. Eneligiň goragyny gowulandyrmak 6. AIDS/SPID, malýariýa we beýleki keseller bilen göreş 7. Ekologiki durnuklylygy üpjün etmek 8. Ösüş maksatlary üçin global hyzmatdaşlygy emele getirmek. Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasynyň tapgyryndaky 1-nji Modulda IKT we MÖM arasyndaky arabaglanyşyk ara alnyp maslahatlaşylýar. 65 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy Oba üçin Internet Kuwwatly we häzirkizaman tehnologiýa bolmak bilen, Internet ony ulanýanlaryň we ulanmaýanlaryň arasynda girdejilerde deňsizligi giňeltmek boýunça potensiala eýedir. Tapawutlaryň iň bir dramatiki illýustrasiýalarynyň biri Hindistanda tapylyp bilner. Ol ýerde täze häzirkizaman tehnologiýalaryň bolmagyny – uly şäherlerde ýüze çykaryp bolar. Emma Hindistanyň oba etraplarynda hindileriň özleriniň ―mediýa garaňky‖ diýip atlandyrýan ýerleri – telewideniýeniň ýok ýerleri bar. Internedi ulanmagy ýaýratmak we birnäçe sosial problemalary çözmek üçin Hindistanyň hökümeti 2007-nji ýylda ―Jemgyýetçilik hyzmatlary merkezleriniň tory‖ (JHMT) ady bilen elektron dolandyryş boýunça milli taslamany işe goýberdi, oňa laýyklykda Hindistanyň 600 000 obasynda 100 000 merkez ýerleşdiriler. Asyl dereginde olar Internet-kiosklar diýlip atlandyrylýanlardyr. Öňki Internet-kiosklar uly bir üstünlige eýe bolmadylar. Iş ýüzünde, bu hilli kiosklaryň birinji tolkunynda üstünligiň normasy diňe 3 göterim boldy, özi hem bu ýagdaýda üstünlik bir ýyldan soňraky durnuklylyk bilen ölçenilipdi. Birinji tolkunyň tejribesini göz öňünde tutmak bilen, ikinji tolkunda üstünligiň normasy 30 göterimi düzdi. Bu on esse artmakdyr, emma bu entek hem ýüz döndermegiň 70 göterim normasyny aňladýardy. JHMT tory üçünji tolkun bolardy. Ol oba ýaşaýjylary üçin haýsy goşundylaryň peýdaly boljakdygy, hem-de olaryň durmuşyny özgerdip biljekdigi barada soňky derňewleriň esasynda amala aşyrylardy. Meselem, Hindistanyň hökümeti ýere eýeçilik hukugy barada maglumatlar bazasyna elýeterlilik berer, sebäbi obalarda parahor emeldarlar käwagt oba ýaşaýjylaryny olaryň ýerleri babatynda aldaýarlar. Kompakt-disklere ýazgylar we sifrleýin fotografiýalary çap etmek hem, ýüze çykarylyşy ýaly, girdejileriň çeşmeleri bolup durýarlar. Çennaý (Chennai) şäherinde hususy başlangyç bilen synag (ekzamen) işleriniň onlaýnda goýulmagynyň özgerdilişe hemaýat berýändigi ýüze çykaryldy: adatça oba ýaşaýjylarynda esasy synaglary tabşyrmagyň pes görkezijisi bar. Emma, haçan-da olar onlaýnda elýeterli bolan synag işleri bilen taýýarlanylanlarynda olaryň görkezijileri güýçli gowulanýar. Synag üstünlikli tabşyrlandan soňra gelýän ynamlylyk hukuklary we mümkinçilikleri giňeltmek bolup durýar. JHMT tory döredijilikli ideýa bolup durýar. Internedi sosial problemalary (meselem, ýeri bikanun basyp almak ýalylar) çözmek üçin ulanmakdan we sifrleýin üzülmäni gysgaltmakdan başga ol käbir işliligi üpjün etmäge hem 66 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak gönükdirilendir. Obalardaky Internet-kiosklaryň operatorlary şahsy telekeçiler bolmalydyrlar. Nazary nukdaýnazardan bu milli hökümetiň çykdajylarynyň pes boljakdygyny aňladýar, şol bir wagtda bolsa, ştatlaryň hökümetleri, garaşylyşy ýaly, maliýe bilen ýa-da goldawyň beýleki görnüşleri bilen hemaýat bererler, hemde hususy sektoryň goşandy maliýe çykdajylary görnüşinde bolup biler. Tor häzirki wagtda ýaýbaňlandyryldy. Netijelere syn etmek ähmiýetli bolar. Goşmaça maglumaty almak üçin, seret, Informasion tehnologiýalaryň Müdiriýeti, ―JHMT‖, Hindistanyň hökümeti, http://www.csc-india.org. 6.2 Çäklendirmeler we barýerler Bu tapgyrda IKTÖ-iň peýdalylygy babatynda çäklendirmeleriň bardygyny göz öňünde tutmak gerekdir. Meselem, IKTÖ-ni ulanmak ―hilli informasiýanyň gowy çözüwlere laýyk gelýändigini‖ göz öňünde tutýar, bu bolsa hökman beýle däldir. Ondan başga-da, IKT-iň köp goşundylary kommunikasiýa serişdeleri däl, onda aragatnaşyk ösüş oblastynda köplenç has ygtybarly netijeleri berýär, eýsem bolsa informasiýany üpjün etmek ýa-da gaýtadan işlemek üçin serişdeler bolup durýarlar. Islendik adamyň gözegçiliginden daşda bolan päsgelçilikler hem bar. Dil problemalary barýer bolup bilerler. Parahorluk hem päsgelçilik bolup durýar. Baha entek hem seretmek üçin esasy temalaryň biri bolup durýar. Oňa garamazdan, çykdajylar peseldilip bilnerler. Birinjiden, has arzan enjamlaryň elýeterliligi artýar. Ikinjiden, açyk kodly PÜ-iň (free and open source software, FOSS) saýasy astynda programma üpjünçiliginiň elýeterliligi bar. FOSS-yň amaly maksatnamalarynyň arzan bolup bilmejekdigini bellemek gerekdir, sebäbi olar tehniki hyzmaty talap edýärler we käwagt programmalaryň käbir ýörite ýazylmaly, mümkin bar bolmadyk komponentlerini (meselem, aýdalyň, çap ediji bilen birikdirmek üçin) talap edýärler. 6.3 IKTÖ-ni ulanmak IKTÖ-niň köp belli we gowy barlanan ulanylyşlary bar. Ozal bellenilişi ýaly, olaryň köpüsi informasiýany eltmek görnüşindedir. Beýle goşundylar oba hojalygynda, bilimde, saglygy goraýyşda we syýahatçylykda tapylyp bilnerler. Bu sektorlarda has anyk maglumatyň gowy netijä getirýändigi köplenç dogrudyr. Meselem, nämäni we haçan ekmelidigi baradaky maglumat fermerler üçin peýdaly bolar. 67 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy Informasiýa bilen üpjün etmekden başga kommunikasiýalar ýene-de köp peýda getirip bilerler. Meselem, ekişden soňra ösümliklere çozan zyýan berijiler bilen nähili göreşmelidigini bilmek peýdaly bolardy. IKTÖ hut gowy kommunikasiýalary üpjün etmekde iň uly perspektiwalara eýedirler. Elektron hökümetiň hyzmatlaryny ösdürmek we öňe sürmek aýratyn perspektiwaly bolup durýar. Elektron hökümetiň hyzmatlarynyň mysallary öz içine wizalary gaýtadan işlemegi, salgytlary tölemegi, ýere eýeçilik hukugyny hasaba almagy, sürüjilik hukuklaryny eltmegi we bermegi, hem-de, hat-da onlaýnda ýüztutmalaryň görnüşini ýöne bir doldurmak mümkinçiligini alýar. Başlamak üçin ähli döwlet edaralary kompýuterleşdirilmelidirler. Kompýuterleşdirmegiň netijeleri döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak bolar. Meselem, onlaýnda döwlet satyn almalarynyň prosedurasyny geçirmek, tejribäniň görkezişi ýaly, maliýe serişdelerini tygşytlaýar. Kompýuterleşdirmek bolanynda prosesler has aýdyň bolýarlar, bu parahorlygy peseldýär. Kompýuterleşdirmek IT-ykdysadyýetiň döredilmegine hem hemaýat berýär, onda tehniki işgärler düzümi we programmaçylar üçin IT oblastynda karýera mümkin bolýar. Kompýuterleşdirmek Internedi ulanmak bilen utgaşdyrylmakda möhüm döwlet soraglary boýunça raýatlara has giň maslahatlar üçin mümkinçiligi berýär. Bu, öz gezeginde, raýatlaryň hukuklarynyň giňelmegine getirýär, bu ösüşiň haýyrly sikliniň başlangyjy bolup durýar (Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasynyň tapgyryndaky 3-nji modulda elektron hökümeti ulanmak ara alnyp maslahatlaşylýar). Elektron hökümetiň hyzmatlary bilen üpjün edilýän has uly aýdyňlyk, köplenç aýdyşlary ýaly, has uly demokratiýa getirýär. Beýle bolmagy hökman däldir. Hakykatda, elektron hökümetiň hyzmatlary merkezi hökümet tarapyndan gözegçiligi güýçlendirmek mümkinçiligini berýär. Bu merkezi hökümet üçin döwlet hyzmatyny bermegiň tamamlaýjy nokadynda näme bolup geçýändigi barada maglumatlary almagy ýeňilleşdirýär. Bu döwlet gullugynyň ýerli derejedäki ýolbaşçylaryny ünsli bolmaga mejbur edýär, hem-de şonuň bilen parahorlyk kemelýär.34 Jemleme Ösüş IJSBÝDÄD üçin motiwleriň biri boldy, ol IUDIT-iň döredilmegine getirdi. Emma ösüş temasyna IUDIT-iň jemleýji hasabatynda ýeterlik üns R.Kluwer, Gözegçiligiň Arhitekturasy: e-Dolandyryş üçin Hytaý Strategiýasy, şu işde: ―Internet we Dolandyryş: Global Mazmun‖, Jemgyýetçilik Syýasaty Žurnaly, 25, 1 (2005): 75-97 (R. Kluver, The Architecture of Control: a Chinese Strategy for e-Governance, in ―The Internet and Governance: The Global Context,‖ The Journal of Public Policy, 25, 1 (2005): 75-97). 34 68 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak berilmedi, hem-de ol Internedi ulanmagy dolandyrmak boýunça diskussiýalarda gözden salynýar. Halkara jemgyýetçiligi, elbetde, IKTÖ taslamalaryny maliýeleşdirmegiň üsti bilen köp zatlary edip biler. Döwlet-şahsy hyzmatdaşlygy (DŞH) has durnukly usul bolup durýar, sebäbi onda maliýeleşdirmegiň çykdajylarynyň bölünmegi bolup geçýär, hem-de taslamalar strukturalaýyn amala aşyrylanda üstünlige has uly şanslara syn edilýär (DŞH-ny IKT boýunça taslamalary maliýeleşdirmek üçin ulanmaga Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasynyň 8-nji modulynda seredilýär). Emma IKTÖ-ni ulanmak üçin milli hökümetleriň edip biljek we etmeli zatlaryndan köp zatlar bar. Elýeterliligiň gymmaty pes bolmalydyr. Meselem, domen adyny bellige almak üçin çykdajylar peseldilip bilnerler. Ondan soňra IKTÖ üçin oňaýly bolan hukuk gurşawyny berkitmek boýunça syýasy erki görkezmek gerek. IKTÖ-ni, hususan-da, kommunikasiýa üçin gural hökmüne ulanmak hiç haçan şunuň ýaly has umyt beriji bolmandy. Özüňizi barlaň 1. Ösüş oblastynda maksatlara ýetmäge hemaýat üçin Internet nähili ulanylyp bilner? 2. Ösüş oblastynda maksatlara ýetmek üçin Internedi ulanmagyň ýolunda nähili çäklendirmeler we barýerler bar? 69 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy 7. INTERNEDI DOLANDYRMAK: GELJEGE AÝLAMA NAZAR Bu bölümde Internedi ulanmagy dolandyrmagyň çözülmedik soraglary sanaldylar, olary Internedi dolandyrmak boýunça Forum çözüp bilmez we çözjek bolmaz, olar hökümetleriň ünsüni talap edýärler. Forumyň Internedi ulanmagy dolandyrmak boýunça bäşýyllyk mandaty 2010-njy ýylda tamamlanýar. Forum üçin meýilnamalaşdyrylanlaryň köpüsi plenar mejlislere girizildi. Forumyň bar bolmagynyň bähbitleri aýdyňdyr. Konseptual taýdan ol möhüm soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin ulanyldy hem-de uly bolmadyk ýurtlara öz problemalaryny galdyrmaga mümkinçilik berdi. Iş ýüzünde Internedi dolandyrmagyň soraglaryna üns çekildi we Internedi ulanmagy dolandyrmagyň prosesiniň möhümligine düşünmek gowulandyryldy. Kysmatyň oýny boýunça Internedi dolandyrmakda real hereketleriň köp bölegi indi parallel sessiýalarda bolup geçýär, ol ýerde mejlisleriň temalaryny teklip edýän taraplar üçin meýilnamalaşdyrmak merkezleşdirmekden aýrylan häsiýetde bolup geçýär. Dinamiki koalisiýalaryň käbirleri, hususan-da, öz degişli toparlarynyň bähbitlerini amala aşyrmaga işeňňir gatnaşdylar. Meselem, spam boýunça parallel sessiýa bu soragy düzgünleşdirmek boýunça mejlisleri guramakda örän işeňňir boldy. IUDIT-iň jemleýji hasabatynda galdyrylan temalar çylşyrymly bolup durýarlar we çözüwiň ýeňil ýollaryna eltmeýärler. Meselem, ICANN-yň we DNS-iň üstünde halkara gözegçiligiň syýasy soragy artykmaç býurokratlaşdyryldy. ABŞ-nyň administrasiýasy ICANN-yň entek hem öz elindedigi manysynda ―ýeňiş‖ barada mälim edip biler. Yzky planda nägilelik eşidilýär, sebäbi, hat-da ýurtlaryň ccTLDs-niň milli hökümetleriň elinde bolmagyna garamazdan, islendik ýurduň öz ccTLD-niň üstünden kontrolyny birtaraplaýyn tertipde fiziki taýdan kesmäge ABŞ-nyň hökümetine hiç zat päsgel berenok. Praktiki çäklendirmeler bar, emma fiziki çäklendirmeler ýok. Bu, gipotetiki bolsa hem, ýurdy Internetden kesip bilmegiň mümkinçiliginiň entek hem bardygyny aňladýar. Soraglaryň beýleki möhüm bloklary – Internedi ulanmak, Internedi ulanmak bilen baglanyşykly, emma has giň täsiri bolan soraglar, hem-de bolsa Internediň ösmeginiň aspektleri — ýeňil çözülişe aldyrmaýarlar. Internedi dolandyrmak boýunça Forumyň edip biljek zady olary çözmek üçin öňdebaryjy tejribäni şöhlelendirmäge kömek bermekdir. Internedi dolandyrmak üçin potensialy güýçlendirmek hem hemişelik problema bolar, onuň bilen ähli hökümetler meşgul bolmalydyrlar. 70 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak IUDIT-iň jemleýji hasabatynda getirilen ara alyp maslahatlaşmak Internedi dolandyrmagyň soraglarynyň möhümligini düşünmegi emele getirdi. Problemalary çözmäge wagtyň gitjekdigi sebäpli hökümetler bu soraglary çözmek üçin öz potensialyny ýokarlandyrmalydyrlar we olar boýunça halkara ara alyp maslahatlaşmalaryna gatnaşmalydyrlar. Potensialyň bu hilli berkidilmegi gerekli bolup durýar, sebäbi Internedi dolandyrmak diňe halkara jemgyýetçiliginiň soragy bolup durmaýar. Internedi dolandyrmak boýunça bu soraglaryň köpüsi ýerli derejede çözülmelidirler. IKTÖ-niň soraglary häkimiýetiň ýerli edaralary üçin iň möhüm bolup durýandyrlar. Şu sebäp boýunça häkimiýetiň ýerli edaralary we milli hökümetler Internedi ulanmagy dolandyrmakda esasy roly oýnamalydyrlar. 71 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy JEMLEME Internedi ulanmagy dolandyrmak boýunça bolan bu modulda aşakdakylara seredilýär: 1. Internedi dolandyrmak soragy Internediň özüne garanyňda dolandyrmaga has köp dahyllydyr. Ol Internet babatynda halkara syýasatyna, Internedi ulanmaga we ony hyýanatçylykly ulanmaga dahylly syýasy soraglaryň birnäçesini, hem-de bolsa sosial we ykdysady ösüşe ýetmekde hemaýat maksatlary üçin Internedi ýaýbaňlandyrmagy gurşap alýar. 2. Bar bolan nädogry düşünmelere garamazdan, Internet merkezi kök zona diýlip atlandyrylýan oblastda merkezi gözegçilik punktuna eýedir. Kök zonanyň bu ulgamy ICANN atly guramanyň gözegçiligi astyndadyr, onuň arkasynda bolsa ABŞ-nyň hökümeti dur. 3. IUDIT (Internedi ulanmagy dolandyrmak boýunça Işçi topary) BMG-yň saýasy astynda Internedi dolandyrmagyň syýasy aspektiniň töwereginde dartgynlygy düzgünleşdirmek üçin döredildi. Dartgynly ara alyp maslahatlaşmalaryň we kompromisleriň prosesinde IUDIT-iň hasabatyndan soňra Internedi ulanmagy dolandyrmak boýunça ýeňil Forum geçiriler diýlip çözüw kabul edildi, bu kök zonanyň ulgamynyň entek hem ICANN-yň elinde boljakdygy, ýöne bu diňe milli hökümetler özlerine degişli, ýokary derejeli ccTLDs ýurt domenlerini dolandyryp we ulanyp bilerler diýen şert bilen kabul edildi. 4. Internedi dolandyrmak köptaraplaýyn we multisektorlaýyn bolmalydyr. Bu hiç bir ýurduň ýa-da guramalaryň Internedi dolandyrmakda çözüji sese eýe bolmaly däldigini aňladýar. Onuň ornuna milli ýa-da halkara derejede proses demokratiki bolmalydyr. Halkara derejede Internedi dolandyrmaga ähli ýurtlar gatnaşmalydyrlar; ähli derejelerde dolandyryşa hususy sektoryň we raýat jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşmalydyrlar. 5. Real durmuşda bolşy ýaly, Internet dört usul bilen dolandyrylyp bilner: kanun, sosial kadalar, bazar mehanizmleri we arhitektura. Kanuny berjaý etmegiň Internetde elmydama durmuşa ukyply däldigi sebäpli hökümetler Internetde düzgünleşdirmek soraglarynda döredijilikli çemeleşmäni görkezmelidirler. 72 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak 6. Öz-özüňi düzgünleşdirmek döwlet düzgünleşdirmesiniň delegirlenen görnüşi bolup durýar. Ol köplenç Internedi düzgünleşdirmegiň ileri tutulýan görnüşi hökmünde maslahat berilýär, emma ony ulanmak üçin çäklendirmeler we çykdajylar bardyr. 7. Internedi ýaýratmagy höweslendirmek maksatlary bilen Internedi düzgünleşdirmegiň ―ýol kartasy‖ teklip edildi, bu ýerde zyýan almak hem mümkindir. 8. Internet köne jenaýatlaryň birnäçesine täze ýaşaýşy berdi, hem-de bolsa täze hukuk bozmalary döretdi. Hukugy goramagy berjaý etmekde kynçylyklaryň birisi jenaýatyň nämedigini kesgitlemek bolup durýar. a. Praktiki taýdan ählumumy diýen ýaly agzybirlik bar bolan iki oblast çaga pornografiýasy we sarp edijileri aldamak bolup durýar. Hukuk goraýjy edaralar bu hilli jenaýatlary yzarlamak üçin hyzmatdaşlyk edýärler. b. Spam, kezzapçylyk, zyýan ýetiriji maksatnamalar we fişing umumy ykrar edilýän jenaýatlar bolup durýarlar, emma hemme ýurtlarda olaryň garşysyna gönükdirilen kanunlar ýok. w. Kibergorkuzmak, kiberyzarlamak, şahsy maglumatlary ogurlamak we Internet-baglylyk babatynda düzgünlerde we garşylyk görkezmeler babatynda has uly üzülme bar. g. Internedi dolandyrmak boýunça Forum ―işeňňir birleşmeleri‖ döretmegiň başlangyçlaryny goýdy, onda anyk meseleleri çözmek üçin gyzyklanýan, öňdebaryjy tejribäni we umumy çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin toparlar duşuşyp bilerler. 9. Kadalaşdyryjy resminamalaryň döredijilikli boluşlary ýaly, Internetde sanksiýalar hem döredijilikli bolmalydyrlar. 10. Ahyryn-da, halkara hyzmatdaşlygy Internetde jenaýatçylykly özüni alyp barşyň üstünde ýeňiş gazanmak üçin möhüm ähmiýete eýedir. 11. Internedi dolandyrmak soraglary oflaýn dünýä ýaýraýarlar. Mysallar öz içine konkurensiýa oblastynda syýasaty, senzurany we pikirleri aňlatmagyň erkinligini, diffamasiýany, awtorlyk hukugyny we intellektual eýeçilige hukugy, hem-de bolsa şahsy durmuşyň eldegrilmesizligini alýarlar. 12. Internedi dolandyrmagy öwrenmek üçin motiwleriň biri ösýän ýurtlar informasion ykdysadyýetden daşda galdyrylarlar diýlen biynjalyklyk boldy. 73 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy Şeýlelikde, IKTÖ-ni ulanmak Internedi dolandyrmagyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. a. IKTÖ-ni ulanmagyň ýolunda çäklendirmeler we päsgelçilikler bar. b. Üstünligiň täzeden gaýtalanylyp bilinjek mysallary bar. w. IKTÖ, meselem, dolandyryşyň aýdyňlygyny gowulandyrmagyň hasabyna real dünýäni dolandyrmagy gowulandyrmaga kömek berip biler. 13. Internedi dolandyrmakda syýasy dartgynlyk düzgünleşdirilmedi, Internedi ulanmagy dolandyrmak üçin mümkinçilikleri döretmek ähli hökümetleriň meşgul bolmaly hemişelik problemasy bolmagyna galýar. Çeşme: DiploFoundation, http://textus.diplomacy.edu/textusbin/env/scripts/Pool/GetBin.asp?IDPool=1190. 74 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak GOŞUNDY Goşmaça edebiýat Ang, Peng Hwa. 2005. Haosy Tertipleşdirmek: Internedi Düzgünleşdirmek. Singapur: Tomson (Ang, Peng Hwa. 2005. Ordering Chaos: Regulating the Internet. Singapore: Thomson). Bat Danni, düz., 2005. Internedi Dolandyrmak: Aziýa-Ýuwaş okean Perspektiwalary. Bangkok: UNDP-APDIP (Butt, Danny, ed. 2005. Internet Governance: Asia-Pacific Perspectives. Bangkok: UNDP-APDIP). http://www.apdip.net/publications/ict4d/igovperspectives.pdf. Kukiýer, Kennet Neýl. 2005. Kim Internede Kontrollyk eder? Daşary Işler. Noýabr/Dekabr (Cukier, Kenneth Neil. 2005. Who Will Control the Internet? Foreign Affairs November/December). http://www.foreignaffairs.org/20051101facomment84602/kenneth-neilcukier/whowill-control-the-internet.html. Drissel, Dawid. 2006. Köppolýusly Dünýäde Internedi Dolandyrmak: Amerikan Gegemoniýasyna Dalaş etmek. Halkara Işleriň Kembrij Syny. 1991, Mart. 105-120 (Drissel, David. 2006. Internet Governance in a Multipolar World: Challenging American Hegemony. Cambridge Review of International Affairs 19(1), March, 105-120). Kapur, Akaş. 2005. Internedi Dolandyrmak: Mysal. Bangkok: UNDP-APDIP (Kapur, Akash. 2005. Internet Governance: A Primer. Bangkok: UNDP-APDIP). http://www.apdip.net/publications/iespprimers/eprimer-igov.pdf. Internedi Dolandyrmak boýunça Işçi Topary. 2005. Internedi Dolandyrmak boýunça Işçi Toparyň Hasabaty (Working Group on Internet Governance. 2005. Report of the Working Group on Internet Governance). http://www.wgig.org. Wu, Tim, Ester Dison, A. Maýkl Fruumkin we Dawid A.Kross. Internedi Dolandyrmagyň Geljegi hakynda. Halkara Kanunçylygyň Amerikan Jemgyýeti. Ýyllyk Duşuşyklaryň Materiallary, Tom, 101. (Wu, Tim, Esther Dyson, A. Michael Froomkin and David A. Gross. On the Future of Internet Governance. American Society of International Law Proceedings of the Annual Meeting, Vol.101.), http://ssrn.com/abstract=992805. 75 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy Glossariý IP salgy Internet-Protokolyň salgysy: her kompýutere ýa-da IP torda her enjama degişli edilýän unikal identifikator. Häzirki wagtda IP salgylaryň iki görnüşi işeňňir ulanylýar. IP wersiýa 4 (IPv4) we IP wersiýa 6 (IPv6). IPv4 (ol 32 bit belgilemegi ulanýar) 1983-nji ýyldan başlap ulanylýar we entek hem iň giň ulanylýan wersiýa bolup durýar. IPv6 protokoly ýaýbaňlandyrmak 1999-njy ýylda başlandy. IPv6 salgylar 128-bitli sanlardyrlar. Registrator Öz adyndan domen atlaryny satmak/bellige almak üçin ulgamlaýyn reýestr tarapyndan sanksionirlenen (akkreditirlenen) şahs Registratura, Registrasion býuro Registrasion býuro – kompaniýa ýa-da gurama, ol ýokary derejeli domenler (TLD) üçin ýa-da IP bloklarynyň salgylary üçin (meselem, RIR – aşak serediň) ulgamlaýyn reýestriň merkezleşdirilen maglumatlar bazasyna hyzmat edýär. Käbir Registrasion býurolar bütinleý registratorsyz hereket edýärler, käbirleri registratorlar bilen işleýärler, emma ulgamlaýyn reýestriň üstünden göni bellige alynmaga hem mümkinçilik berýärler. RIR Internediň sebitleýin ulgamlaýyn reýestrleri. Bu telekeçilik däl guramalar sebitleýin derejede Internet hyzmatlarynyň Prowaýderlerine we ýerli bellige alyş býurolaryna IP salgylary paýlamak üçin jogapkärdirler. Kök serwerleri Ähli TLDs ýokary derejeli domenler üçin atlaryň resmi (awtorizlenen) serwerlerine ýüztutmalary (görkezijileri) saklaýan serwerler. Kök zonanyň faýlyny göterýän, Internetde sifrleýin salgylar boýunça Komitet (Internet Assigned Numbers Authority) tarapyndan dolandyrylýan ―asyl‖ 13 kök serwerlere goşmaça hökmünde häzirki wagtda Anycast serwerleriň köpsanlysy bar, olar meňzeş maglumaty hödürleýärler we 12 asyl operatorlaryň käbirleri tarapyndan bütin dünýä boýunça 76 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak ýerleşdirilendirler. Kök zonanyň faýly Ähli ýokary derejeli TDLs domenler üçin atlaryň serwerlerine ýüztutmalary (görkezijileri) saklaýan esasy faýl. WHOIS WHOIS – bu transaksiýalaryň protokoly (isleg/jogap), ol Internet-ulanyjylara informasion hyzmatlary bermek üçin giňden ulanylýar. Şol bir wagtda bolsa, başda bu protokol ýokary derejeli TDL domenleri bellige alýan operatorlaryň köpüsi (emma hemmeler tarapyndan däl) tarapyndan ―ak sahypalar‖ (white pages‖) hyzmatlaryny bermek üçin we bellige alnan domen atlary barada informasiýa üçin ulanyldy, häzirki wagtda ulanylyşy informasion hyzmatlaryň has giň diapazonyny gurşap alýar, şol sanda, IP salgylaryň paýlanylyşy barada informasiýany almak üçin RIR WHOIS gözlegleri hem öz içine alýar. 77 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy Instruktor üçin bellikler ―Modullaryň tapgyry baradaky‖ diýlip atlandyrylan bölümde bellenilişi ýaly, tapgyryň bu we beýleki modullary dürli diňleýjiler üçin dürli we üýtgeýän milli şertlerde bilimleri bermek üçin niýetlenilendirler. Bu modullar hem doly ýa-da bölekler boýunça, dürli usullar boýunça – auditoriýada ýa-da Internediň üsti bilen hödürlenilip bilnerler. Modullar aýratyn okuwçylar tarapyndan, okuwçylaryň topary tarapyndan okuw mekdeplerinde, hem-de döwlet edaralarynyň öwrenilip bilner. Gatnaşyjylaryň derejesi we okuw sapaklarynyň dowamlylygy informasiýany hödürlemegiň jikme-jikleşdirilmeginiň derejesi bilen kesgitlenilýär. Bu bellikler tälim berijilere modulyň informasiýasyny has netijeli hödürlemek boýunça käbir ideýalary we teklipleri hödürleýär. Okuw çemeleşmeleri we strategiýalar boýunça mundan buýanky görkezmeler Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasynyň modullarynyň tapgyryna ugurdaş material hökmünde işlenilip düzülen, okuw maksatnamalaryny işläp düzmek boýunça gollanmada berlendirler. Ol gollanma http://www.unapcict.org/academy salgy boýunça elýeterlidir. Moduly ulanmak Bu modulyň her bölümi okatmagyň maksatlaryny kesgitlemekden we ―Özüňi barlamak üçin soraglar‖ atly soraglaryň toplumy bilen tamamlanýar. Okyjylar meseleleri we soraglary öwreniş prosesini bahalandyrmak üçin esas hökmünde ulanyp bilerler. Her bölüm ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglaryň birnäçesini we amaly gönükmeleri hem özünde saklaýar, olar okyjylar tarapyndan ýerine ýetirilip ýa-da mugallymlar tarapyndan ulanylyp bilnerler. Bu soraglar we gönükmeler okyjylara öz tejribesine esaslanyp, mazmuny bahalandyrmak we berlen soraglar barada oýlanmak mümkinçiligini bermek üçin işlenilip düzülendirler. Modulyň mazmunynyň möhüm bölegini tematiki derňewler düzýär. Olar ara alyp maslahatlaşmagy we derňewi, aýratyn hem, modulda hödürlenen esasy konsepsiýalaryň we ýörelgeleriň haýsy çäklerde real dünýäniň mysallarynda işleýändigini anyklamak üçin niýetlenilendirler. Internedi dolandyrmak ýagdaýynda soraglar şol bir wagtda halkara we milli ýa-da ýerli derejelerde seredilýärler. Köp işler ýerli we milli derejelerde, aýratyn hem, IKT-i, şol sanda ösüş üçin Internedi ulanmak oblastynda ýerine ýetirilýärler. Instruktor modulyň temalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň mazmunyny tassyklaýan beýleki mysallara we öz hususy tejribesinden bolan ýagdaýlara ýüzlenmeleri getirmek üçin gatnaşyjylarda höwes döredip biler. 78 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak Okuw sapaklarynyň strukturirlenmegi Auditoriýa, bar bolan wagta, ýerli aýratynlyklara we şertlere baglylykda modulyň mazmuny dowamlylygy boýunça dürli böleklerde hödürlenilip bilner. Ýokary wezipeli hökümet adamlary bar bolanda olara Internedi dolandyrmak barada käbir täzelemeleri we maglumaty hödürlemek gerek. Şonuň üçin okuw maksatnamasyny bir ýa-da iki sagatlyk gysga sessiýalar hökmünde guramak gerek. Okatmagyň doly maksatnamasy iň azyndan birýarym güni alýar. Bu modulyň başdaky üç bölümi giň beýany we teoriýany öz içine alýar, galan bölümleri bolsa praktiki soraglary saklaýarlar. Dowamlylygy 60-120 minut bolan sapaklar üçin 1-nji we 2-nji bölümleri ýygjamlaşdyryň, aýratyn ünsi IJSBÝDÄD-de we IUDIT-de ýetilen netijelere we olardaky soraglara beriň. 6-njy bölümden IKTÖ temasyny hem alyň. 3 sagatlyk dowamlylygy bolan okuw sapaklary üçin Ýokarda görkezilişi ýaly 1-nji we 2-nji bölümleri ýygjamlaşdyryň. Gatnaşyjylara baglylykda aşakdaky soraglara seretmek üçin 3-nji, 4-nji, 5-nji we 6njy bölümleri birikdiriň: Hukuk binýadyny işläp düzmek – bu ýagdaýda 4-nji we 5-nji bölümlere üns beriň; IKTÖ-ni ulanmak – bu ýagdaýda 5-nji we 6-njy bölümlere serediň. Bir gün (6 sagat) dowamlylygy bolan okuw sapaklary üçin Günüň birinji ýarymynda 1-nji, 2-nji we 3-nji bölümlere serediň. Günüň ikinji ýarymynda 4-nji, 5-nji we 6-njy bölümleri ara alyp maslahatlaşyň, gönükmeleri we soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin ulanyň. Bu öýlänlik nahardan soňra işeňňirligiň ýokary derejesini saklar. Sapagy 7-nji bölüm bilen tamamlaň. 79 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy Birýarym gün dowamlylygy bolan okuw sapaklary üçin Ýedi bölüm bar hem bolsa, olar dürli dowamlylyga eýedirler. Siz toparyň gyzyklanmalaryny bahalandyrmalysyňyz — ýagny, olaryň bu okadylyşdan näme almagy umyt edýändiklerini. 1-nji we 2-nji bölümler öwrenmek üçin ýönekeý däldirler. Eger-de topar olaryň mazmunyna gyzyklanmaýan we diňe netijelerine gyzyklanýan bolsa, onda ünsi bu netijeleri seretmäge beriň. Umuman aýdanyňda, gatnaşyjylaryň praktiki başarnyklary köp öwrenmek islemegi has ähtimaldyr. Informasiýany ara alyp maslahatlaşmak we alyş-çalyş etmek okadylyşy güýçlendirmekde peýdaly bolmalydyr. Üç gün dowamlylygy bolan okuw sapaklary üçin Birinji gün 1-nji we 2-nji bölümleri ara alyp maslahatlaşyň. Toparyň nähili jogap berşine baglylykda 3-nji bölüme geçmek mümkin. Ikinji gün 3-nji, 4-nji we 5-nji bölümleri gurşap alyň. Üçünji gün 6-njy we 7-nji bölümleri ara alyp maslahatlaşyň. Höweslendirmek möhüm ähmiýete eýedir. Gatnaşyjylara klasda öz hususy tejribesini paýlaşmagy teklip etmek gerek. Hususan-da, öz degişli ýurtlarynda ―sifrleýin üzülmäni‖ ýeňip geçmek boýunça soraglarda 6-njy bölümiň mazmunyny gatnaşyjylaryň ulanmagyny höweslendirmek gerek. 7-nji bölüm ähli sapaklary jemlemäge mümkinçilik berýär. 80 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak Awtor hakynda Ang Peng Hwa (Ang Peng Hwa), Singapuryň Nanyang tehnologiki uniwersitetinde kommunikasiýa we informasiýa boýunça Wi Kim Wi kollejiniň ýanyndaky Singapur Internet-ylmy-barlag merkeziniň professorydyr we direktorydyr. Bilimi boýunça ýurist, ol köpçülikleýin habar beriş serişdeleri barada hukugy we syýasaty okadýar. Ol Internedi dolandyrmak oblastynda ylmy barlaglary geçirýär. 2005-nji ýylda çykarylan ―Haosyň Garşylygy: Internedi düzgünleşdirmek‖ atly öz kitabynda ol Internediň düzgünleşdirilip bilinjekdigi, şeýle edilmelidigi we eýýäm onuň düzgünleşdirilýändigi barada tassyklaýar. 2004-nji ýylda ol BMG-yň Baş Sekretarynyň adyndan Informasion jemgyýetiň soraglary boýunça ýokary derejedäki Bütindünýä duşuşygynyň mejlisine nutugy taýýarlamak üçin Internedi dolandyrmak boýunça Işçi topara bellenildi, ol duşuşyk 2005-nji ýylda bolup geçdi. Soňra ol global Internetdolandyryşyň soraglary boýunça akademiki tory bilelikde döretmäge kömek etdi, onda ol birinji başlyk hökmünde saýlanyldy. Häzirki wagtda ol Aziýanyň köpçülikleýin maglumat serişdeleriniň toparynyň informasion-kommunikasion merkeziniň başlygy hökmünde çykyş edýär. Ol Hindistanyň Ahmedabat şäherinde Mudra aragatnaşyk institutynyň dolandyryjy geňeşiniň düzümine hem girýär. 2008-nji ýylyň iýulyndan ol dekanyň wezipesinden aragatnaşyk oblastynda Mudra ylmy-barlag Institutynda işleri ýola goýmaga ýolbaşçylyk we kömek üçin bir ýyllyk rugsat aldy. 81 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy IKTÖ AÝOM BMG-iň ýanyndaky Ösüş üçin informasion we kommunikasion tehnologiýalaryň Aziýa-Ýuwaş okean okuw merkezi BMG-iň Aziýa we Ýuwaş okean üçin Ykdysady we sosial Iş toparynyň (AÝOYSIT) kömekçi edarasy bolup durýar. IKTÖ AÝOM edarasynyň maksady AÝOYSIT-e agza ýurtlaryň adam we institusional potensialyny döretmegiň esasynda, olaryň sosial-ykdysady ösüşinde IKT-i ulanmak boýunça tagallalaryny işeňňirleşdirmek bolup durýar. IKTÖ AÝOM edarasynyň işi üç sany esasy komponentlere jemlenendir: 1. Okatmak. Ol IKT oblastynda syýasaty işläp düzüjileriň we IKT hünärmenleriniň bilimlerini we başarnyklaryny ýokarlandyrmak üçin, hemde bolsa IKT oblastynda instruktorlaryň we okuw mekdepleriniň potensialyny berkitmek üçin niýetlenilendir. 2. Ylmy-derňewler. IKT oblastynda adam resurslarynyň ösüşi bilen baglanyşykly analitiki ylmy derňewleri geçirmek üçin niýetlenilen. 3. Maslahat bermeler. AÝOYSIT-iň agzalaryň we assosiirlenen agzalaryň adam resurslaryny ösdürmek boýunça maksatnamalarda maslahat beriş hyzmatlaryny bermek üçin niýetlenilen. IKTÖ AÝOM Koreýa Respublikasynda, Inçon şäherinde ýerleşýär. http://www.unapcict.org AÝOYSIT AÝOYSIT Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin kiçi düzüm bölegi bolup durýar we ol Aziýa-Ýuwaş okean sebitinde ykdysady we sosial ösüş boýunça BMG-iň esasy merkezi hökmünde çykyş edýär. Onuň meselesi özüniň 53 agzalarynyň we 9 assosiirlenen agzalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmekden ybaratdyr. AÝOYSIT global hem-de milli derejelerde maksatnamalar we problemalar arasynda strategiki arabaglanyşygy üpjün edýär. Ol sebitiň ýurtlarynyň hökümetlerine sebitleýin pozisiýalary berkitmek işinde goldawy berýär we dünýäde globalizasiýa şertlerinde unikal sosial-ykdysady problemalary çözmekde sebitleýin çemeleşmeleri goraýar. AÝOYSIT Tailandyň Bangkok şäherinde ýerleşýär. http://www.unescap.org 82 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak Döwlet dolandyryşynyň liderleri modullarynyň tapgyry http://www.unapcict.org/academy üçin IKT Akademiýasynyň Akademiýa IKTÖ oblastynda ählitaraplaýyn gurşap alyjy okuw maksatnamasy bolup durýandyr, ol sekiz moduldan ybaratdyr, olaryň esasy maksady syýasaty işläp düzüjileri milli ösüşiň maksatlaryna ýetmek we ―sifrleýin üzülmäni‖ ýeňip geçmek üçin IKT-iň mümkinçiliklerini doly ölçegde ulanmak boýunça zerur bilimler we başarnyklar bilen üpjün etmek bolup durýar. Modul 1 – IKT we doly bahaly ösüşiň arasyndaky özara baglanyşyk Müňýyllygyň ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin IKT-i ulanmak oblastynda esasy çözüwler we soraglar syýasaty döretmekden durmuşa geçirmeklige çenli şöhlelendirilýärler. Modul 2 – Ösüş maksatlary üçin IKT syýasaty, prosesleri we dolandyryş Esasy üns IKTÖ syýasatyny döretmek we dolandyrmak soraglaryna berilýär, hem-de bolsa milli syýasatyň, strategiýalaryň we çarçuwalaýyn strukturalaryň IKTÖ-e hemaýat berýän aspektleri boýunça möhüm maglumat teklip edilýär. Modul 3 – Elektron hökümeti ulanmak Elektron hökümetiň ýörelgeleri, amalyýetde ulanylyşynyň ýörelgeleri we görnüşleri öwrenilýär. Bu ýerde elektron hökümetiň ulgamlaryny gurmak we taslamalaşdyrmak prosesiniň düşünjelerini kesgitlemegiň soraglaryna hem seredilýär. Modul 4 – IKT-i ösdürmegiň tendensiýalary IKT oblastynda häzirkizaman tendensiýalarynyň we ösüşiň geljekki ugurlarynyň derňewini saklaýar. Bu ýerde IKTÖ oblastynda çözüwleri kabul etmekde esasy tehniki we syýasy pikir ýöretmelere hem seredilýär. Modul 5 – Internedi ulanmagy dolandyrmak Internet toruny ulanmagy we peýdalanmagy düzgünleşdirýän halkara syýasatynyň we proseduralarynyň mundan buýanky ösüşine seredilýär. Modul 6 – Informasion-torlaýyn howpsuzlygy we şahsy durmuşyň eldegrilmesizligini üpjün etmek Informasion howpsuzlyk oblastynda soraglara we tendensiýalara, hem-de bolsa informasion howpsuzlygy üpjün etmek boýunça strategiýany işläp düzmek prosesine seredilýär. Modul 7 – IKT oblastyndaky taslamalary nazaryýetde we tejribeçilikde dolandyrmak 83 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy IKTÖ oblastyndaky taslamalara gatnaşygy bolan taslamalary dolandyrmak konsepsiýalary, şol sanda, taslamalary dolandyrmak oblastynda giňden ulanylýan usullar, prosesler we düzgünler hödürlenilýärler. Modul 8 – Ösüş maksatlary üçin IKT-i maliýeleşdirmegiň wariantlary IKTÖ we elektron hökümeti oblastynda taslamalary maliýeleşdirmegiň wariantlary öwrenilýärler. Ösýän ýurtlarda maliýeleşdirmegiň has peýdaly warianty hökmünde döwlet-hususy hyzmatdaşlygy şöhlelendirilýär. Häzirki wagtda modullaryň ähmiýetliligini üpjün etmek we dürli ýurtlarda syýasaty işläp düzüjileriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin Akademiýanyň milli hyzmatdaşlary tarapyndan ýerli tematiki ylmy barlaglar bilen bu modullaryň üstleri dolduryldy. Bu modullar dürli dillere hem terjime edildi. Ondan başga-da, syýasaty işläp düzüjiler üçin, olaryň aktuallygyny üpjün etmek, hem-de bolsa 21-nji asyryň IKTÖ-ne gönükdirilen täze modullary işläp düzmek maksatlary bilen, modullar regulýar esasda täzelenilip durlar. 84 Modul 5: Internedi ulanmagy dolandyrmak IKTÖ AÝOM wirtual Akademiýasy (AVA – http://ava.unapcict.org) Akademiýada distansion okatmagyň Internet-platformasy Akademiýanyň ähli modullarynyň, şol sanda, wirtual umumy sapaklar, prezentasiýalar we tematiki ylmy barlaglar üçin onlaýn režimde elýeterliligi üpjün etmek işlenilip düzüldi. Okaýan şahslara öz seretmegi boýunça materiallary öwrenmäge mümkinçilik berýär. Bilelikdäki iş üçin IKTÖ-iň elektron merkezi (e-Co Hub – http://www.unapcict.org/ecohub) IKTÖ oblastynda bilimleri alyş-çalyş etmek üçin resurs we torlaýyn portal. Modullaryň mazmunyna oňaýly elýeterliligi berýär. Ulanyjylar onlaýn režimde diskussiýalara gatnaşyp we e-Co Hub praktikleriniň Internet jemgyýetçiliginiň bölegi bolup bilerler, ol tejribäni alyş-çalyş etmek we IKTÖ oblastynda bilimleriň esasyny giňeltmek üçin gulluk edýär. AVA we e-Co Hub tarapyndan berilýän hyzmatlardan doly ölçegde peýdalanmak üçin şu salgy boýunça hasaba alnyň: http://www.unapcict.org/join_form 85 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy