Hojanepes Çaryıew Türkmeni Öwreniş
Transkript
Hojanepes Çaryıew Türkmeni Öwreniş
Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez HOJANEPES ÇARYÝEW (1906— 23.12.1941) Ýakyn taryhymyzyň öçmejek sahypalaryndan Göreşjen ýigit, Staliniň ganly repressiýasyna ömri kül bolan Ýazyjy-şahyr Hojanepes Çaryýewiň durmuşy hakynda. “Syýam boldy gyzyl ganym...” Hojanepes Çaryýew bary-ýogy 35 ýaşady. Ol 1901-nji ýylda Zakaspiniň Bäherden raýonynda dünýä inýär. Ol Türkmen sowet şahyry, dramaturgy we jemgyýetçilik işgäri. 1927-nji ýyldan SSKP çleni. Ol 1922 ýyldan Bäherdeniň demir ýol ussahanasynda işläp başlaýar. Türkmenistanda ýer-suw reformasyny geçirmek işine aktiw gatnaşýar. Ol Daşkentdäki Orta Aziýa Kommunistik uniwersitetiniň žurnalistika bölümini gutarýar (1932). «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynda bölüm müdiri (1929), türkmen ýazyjylarynyň Guramaçylyk komitetinin başlygy (1932). Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň ilkinji başlygy (1934) bolup işleýär. Şol bir wagtda ol «Kolhozçy» gazetiniň, «Türkmenistan şura edebiýaty» žurnalynyň redaktory wezipelerini hem alyp barýar. H.Ç. 1927 ýyldan çeper döredijilik işine başlaýar we syýasy sosial temalardan ençeme şygyr döredýär («Gurmak bilen», 1929; «Boljagydyr şol». 1930; «Ynkylap tolkuny», 1931; «Şarkdan şemal», 1932 we b.). Ol proza žanrynda-da güýjüni synaýar («Men Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez mugallym» hekaýasy we olara ölüm» diýen gutarylmadyk powesti). Ol «Garagum çöllerinde» (1933) diýen dramanyň awtorlarynyň biridir. Onuň «Kolhoz gyzy» (1937) diýen piessasy respublikan konkursda baýrak alýar. Mollanepesiň «Zöhre— Tahyr» dessany esasynda sazly drama döredýär (1935). H.Ç çeper edebiýata degişli makalalar bilen hem çykyş edýär, ol A. S. Puşkiniň ençeme goşgusyny, Eýranly ýazyjy M.M Kaziminiň “Gorkuly Tähran» pomanasyny türkmen diline geçirýär. Edebiýat: Çaryýew H. Saýlanan eserler. Aşg., 1961; Gurbansähedow M. H. Çarýyew. Aşg. 1965. Türkmen Sowet Ensiklopediýasy. T.10) Ýokardaky maglumatda bu göreşjeň ýigidiň başyna inen hupbat hakynda ensiklopediýaçylar dil ýarmaga milt edip bilmändirler. H.Çaryýewiň ömri we ykbaly hakynda ýazyjy Allaýar Çüriýewiň makalasy1 bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy makul gördük. Makalada agzalýan seneler 89-njy ýyla degişli. A. Goli -----------------TSSR Ýazyjylary soýuzynyň prawleniýasynyň başlygy, kommunist şahyr Hojanepes Çaryýewiň ady ýigrimi ýyllap türkmen sowet edebiýatynda düýbünden agzalmady. Çünki ol 1937-nji ýylyň repressiýasy döwründe «halk duşmany» hökmünde tussag edildi. Diňe SSKP-niň XX gurultaýyndan soň Staliniň şahsyýet kulty partiýa tarapyndan berk ýazgarlansoň, nähak basylan miliýonlarça sowet adamlary bilen bir hatarda Hojaneps Çaryýew hem aklandy. Metbugatda we edebiýatçy almlaryň işlerinde onuň ady agzalyp başlady. Edebiýatçy Muhammet Gurbansähedow bu kommunist şahyr hakda kitap ýazdy. Elbetde, Hojanepes Çaryýewiň türkmen sowet edebiýatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary az-küş däl. Ol TSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy hökmünde-de uly guramaçylyk işleri alyp bardy. Ýönne häzire bu güne çenli represiýanyň pidasy bolan ýazyjylarymyz hakda giňişleýin gürrüň edilmezligi gynandyrman duranok. Durgunlyk ýyllarynda bu ýagdaý hasem mese-mälim bildiripdi. Muny ýekeje bir mysal bilen hem subut etmek bolýar. Türkmen sowet ensiklopediýasynyň 8-nji tomynda (1978-nji ýyl) “Türkmen sowet edebiýaty” atly makala ýerleşdirlipdir. Makalanyň awtorlary otuzynjy ýyllarda diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem Soýuz möçberinde halanyp, ussat ýazyjy-şahyarlar arasyndan uly baha mynasyp bolan Oraz Täçnazarowyň «Batrak» poemasy hakda-da, Hojanepes 1 Çaryýewiň goşgulary hakda-da kelam Allaýar Çüriýew. Edebiýat we Sungat”, 1989-nji ýylyň 28-nji april sany. agyz söz aýtmandyrlar. Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez Ensiklopediýadaky şol makaladan çen tutsaň, Oraz Täçnazarow, H. Çaryýew ýaly uly ýazyjy-şahylar ýaşap geçmedik ýaly, hiç hili eser döretmedik ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Ýeri gelende aýtsak, häzirki üýtgedip gurmak döwründe, haçanda stalinçilik represesiýanyň ähli babatda ýazgarylýan döwründe ýokarda adyny agzan şahyrlarmyzyň edebi mirasny bir ýere ýygnap özbaşyna kitap edip çykarmagyň wagtynyň ýetndigi hemmämize düşnükli bolsa gerek. Biz şu ýazgymyzda Hojanepes Çaryýewiň we onuň maşgalasynyň şahsyýet kulty döwründe başadan geçiren agyr durmuşlary hakda gürrüň bermekçi. Hojanepes Çaryýewiň ýanýoldaşy Abadan eje häzir Aşgabatda ýaşaýar. Haçanda 1937-nji ýylda H. Çaryýew «halk duşmany» hökmünde türmä basanlarynda ol 27 ýaşly gelin eken. Häzir ol 79 ýaşyndda. Ol şunça ýyllap öz adamsyna niçe umyt bilen garaşypdyr. Abadan eje Agtygy bilen (O. Sähetgylyjowyň düşüren suraty) “Biz Hojanepes basylanda Engels köçesinde oturýardyk. Gije Duýdansyz gapy kakyldy. Açsak üç sany adam dur. Meňem elimde kiçijik çagam. Göwrämdede bäş aýlyk çaga, Hojanepes şo wagtam ýazyp otyrdy. Hojanepesi soradylar. Menem “içki tamda işläp otyr” diýdim. Olar öýe girip Hojanepesiň işläp oturan otagyna bardylar. Işläp oturan wagty oň ýanyna barmak gylygym ýokdy. Ýöne bu sapar ýüregim bir zat syzan ýaly etdi-de, olaň yzy bilen girdim. Olar Hojanepesiň öňüne bir kagyz atdylar. Olam okap, ýazyp oturan zadyny ýapdyda: «Rugsat. Barlaberiň» diýdi. Barlamaga başladylar. Öýuň içinde näme bolsa barladylar. Egin-eşigine çenli, kitaplara çenli. Hatda otluçöpe çenli barlap gördüler. Men şonda «Garaşylmaýan zat. nähili boldy bi?» diýip Hojanepesden soradym. Olam: «Aý, wagty geler, bilner-dä» diýdi. Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez Hiç zat tapmadylar. Alyp gitmäge-de zat tapmadylar. Olar oňa «Sen şaýyňy tut» diýdiler. Ýany bilen näme almalydygynam özleri aýtdylar. Al diýen zatlaryny aldy, alma diýen zatlaryny almady. Barlap oturan wagtlary bolan bir waka şu günki ýaly göz öňümden gidenok. Gujagymdakyny emdirip otyrdym. Birden ol emmesini boldy-da, boýnundan asylgy tüpeň oýnawajyny kitap barlap oturan adamyň ýüzüne tutup «kihh, kihh, kihh» etdi». Biri öwreden ýaly. Ol adamyň reňki birhili boldy. Menem şonda «Be-e, bu adam çagaň eden zadynam gaty görýä” diýip, içimden pikir etdim. Hojanepesi alyp gitdiler. Alyp giden zatlarzm goşa tüpeň. Başga zat ýadyma düşenok”— diýip, Abadan eje hamsykdy. Şondan soň ýaş gelniň üstünden apat inýär. “Halk duşmanlarynyň” maşgalasy hökmünde jaýy boşatmagy talap adilýär. Onuň üstesine-de çagalary eklemelidi. Ýagdýaýyny aýtsa-da, hiç kimiň oňa düşünesi gelenokdi. Düýnem äbede-jüýje bolup ýaşaşyp ýören goňşularam “halk duşmanynyň” maşgalasynadan habar tutmaga çekinýärler. Hojanepes bilen bile bir arada işleşen şahyr goňgşam başarsa bularyň gözüne görünmejek bolýardy. Haçanda üç ýaşlyja Edipjik ondan kakasyny soraýsa-da çaganyň soragy jogapyz galýardy. Onuň «kakaň/dädeň ynha geler!» diýmäge-de, şeýdip çagany köşeşdirmäge-de bogny ysanokdy. Ahyry Abadan ejäni suda çagyrýarlar. Olam çagalary bilen suduň jaýyna baranda: — Sen halk duşmanyň aýaly. Nirede ýaşasaň şonda ýaşa, ýöne jaýy boşat—diýýärler. Hiç hili alajy galmansoň naçar: —Boşatmaly bolsa boşadaryn. Ýöne menem Hojanepesiň ýanyna äkidäýmeseňiz, meň başga gapym ýok —diýýär. —O zatlar bilen işiň bolmasyn. Sen ýöne jaýy boşat—diýip, doňýüreklik bilen jogap berýärler. Şeýdip ol Hojanepesiň obadaky ilen-çalanyna: «Meni ýygnajak bolawersinler» diýip sargyt edýär. Ol her gün arman-ýadaman Hojanepesi görjek bolup, türmä gatnaýar. Her gezegem ol ýerden lapykeç halda yzyana gaýdýar. Ahyry paltasy daşa degen Abadan, oba gidýär. Öz ýany bilenem Hojanepesiň kitaplarynyň bir bölegini äkidýär. Äkidip bilmedikrlernem şahyr Ata Nyýazyň aýaly özlerinde goýmagyny teklip edýär. — “Wah görülmedik görde diýleni-dä. Bir gözümden gan akýar, bir gözümden ýaş. “Seň haýryňdan geçäýmeli welin, çagajyklar bar-da diýýän öz- Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez özüme. «Sopbäş bir özüm bolam bolsam, etmeli zady bilýän» diýýän. Çagalar bolmasa, öz janyma kast etjek. Ynayn şuňa.” -Iki çagasy bilen köçä taşlanan, üçünjisine-de garaşyp ýören Abadan Bäherdene Hojanepesiň ýalňyz dogany Jeren howandar çykýar. Ol Jerenlerde ýaşaýar. Jeren kolhozda işleýärdi. Öňdebaryjy. Ýöne gara gün onuň özüniňem üstünden inýär. «Halk duşmanynyň» dogany bahanasy bilen ony kolhozdan çykrýarlar. Näme etmeli? Olar iki bolup haly artelinden öýde dokamak üçin haly alýarlar. Üçünji çaga dünýä inýär. Oba aýallary üýşüp oňa «Görjegiň şatlyk bolsun, muň adyna Şat dakalyň» diýýärler. Ýöne olam üç ýaşyndaka enäniň bagrynay paralap, derdiniň üstüne dert goşup, gyzamakdan ýogalýar. Hawa, çaga dünýä inenden soň ol ýene-de haly dokamaga başlaýar. Bir gün haly dokap otyrkalar, oba Sowetiniň başlygy üç adamy yzyna tirkäp gelýär. Biriniň pogonlydygna/ سردوشیgözi düşen Abadan özüni ýitirýär: —Pägünlini görüp gorkdum. Indi menem äkitjekler diýen pikir göwnüme geldi. «Jeren — diýdim — bujagazy äkitmeli bor. Egin-başlaryny ýygnaşawer»—diýdim. Olam «Wah, Abadan, beýle zat diýmesene» diýdi. Olaram äpişgäň agzynda durlar. Geldiler. Oba Sowetiniň başlygy jaýlary görkezýän eken. Soradylar. «Görýän çagalaň biziňki» diýdim. Ýazyşdyrdylar. «Bulaň özleriniň oturmaga jaýlary ýok» diýdiler. Ýygnalan adamlaň jaýlaryn hasaba alýan ekenler. Hawa, janym, Hojanepes-ä tussagda ýatyr, bizem oň yzynda ýesir ýaly bolup ýörüs... Oba sowetiniň başlygy soňam ýaş geline azar berýär. “Seň pasportyň bärde hasapda däl. Saýlawa-da nirde hasapda durýan bolsaň, şol ýerden geç” diýip, öz gününe goýmaýar. Ahyry ol üç çagasyny alyp raýon merkezine barýar. Arz edýär. Onuň ýagdaýyna düşünýärler. Şondan soň ol yzygider ýanalmadan dynýar. -Aý, dünýäm, başymyzdan geçmedik gün ýokdur. Dokmany gutardyk. Jereni soň kolhoza dikeltdiler. Jerene diýdim: «Bile kolhoza gideýli. Zähmet gününi seň adyňa ýazdyraýaly». Olam razy boldy. Baş ýyl kolhozda süýrendim. Arkalaşdyk ikimiz. Kolhozam garyp, zat ýok. Soň egin-baş tikilýän artele işe geçdim. Ýedi ýyl işledim. Soň meň işleýän bölümim ýapyldy. Iki-üç aý işsiz boldum. Şol arada ýekebara diýip, agyr salgyt salyp gitdiler. Oňa-muňa baran bolýan. Peýdasy ýok. Soň ýarysyny bermeli diýdiler. Gün görülen däldir. Çagajyklaram gyş oduna iberýän. Birje eşek Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez äberdim olara. Soň bir Sygygr edinäýin diýdim. Sygyr sakladyk. Çykan süýdüň bir käsesini içerler, galanyny gatyk edip satýan. Iki naçar Hojanepesiň çagalaryny hor-zar etmezlik üçin, gijelerini gündiz edip işleýärdiler. Gözleri bolsa ýoldady. Hojanepes bir ýerden çykaýjak ýaly bolup durdy. Türmeden çykyp gelen adamdan bolsa, Hojanepesi soraýardylar. Bir ýola bir hoş habar gelip gowuşdy. Hojanepes bilen bir ýerde tussaglykda bolup, möhleti gutaryp gelen adamyň Aşgabatdadygyny, aýalynyň bolsa haly fabriginde işleýändigini eşiden Abadan ýola düşdi. Haly fabrigine geldi. Halyçy aýaly tapdy. Ol Öz äriniň türmeden gelip, on bäş günden soň ýogalandygyny aýtdy. Onuň Hojanspes atly bir şahyr bilen bile bolandygyny, maşgalama gowşur diýip hat bilen ryçka iberendigini aýtdy. Ruçkany Abadana gowşurýar. Hatyň bolsa ýitendigini gynanç bilen aýdýar. —Ata Nyýaz, Nurmyrat Saryhan, Hally Şahberdi, Hojanepesiň iň gowy görüşýän dostlarydy. Hojanepes tutulandan soň bäş ýyllap Bäherdenden Aşgşbadyň türmesine gatnadym. Hojanepesiň ilki tutulan wagty maňa ony bir gezejik görmek miýesser etdi. Görüşilýän jaýa baramyzda, Hojanepesi özünden başga ýene iki tussag bilen şotak getirdiler. Eli arkasynda, ýany garawully, ol maňa tarap ýöneldi. Aramyzda uzyn tagta bardy. Herimiz bir tarapynda oturdyk. Ol töwöregine assyrynlyk bilen seredip «Men saňa bir zat bersem alypt bilermiň? Ýöne sen hiç zatdan gorkma» diýdi. Ol türkmençe gürlänsoň, garawul oň sözüne düşünenokdy. Menem «Alaryn, näme alman» diýdim. Elimde ýaş çagam bardy. Hojanepes bir bölejik zady ýuwaşlyk bilen maňa tarap oklady. Menem çagamyň arlygy gaçan hökmünde elimi uzadyp aldym. Alyp, çagaň gundagyna saldym. Soň öýe getirip ony açsak, goşgy eken. Goşgyny okap gördük. Agladyk. Ýene okadyk, ýene agladyk. Şol goşgyň bir ýerinde “Syýam boldy gyzyl ganym” diýen setir welin ýadymda galypdyr. Birnäçe ýyl geçenden soň ol haty çagalar tapyp, oýnap ýyrtypdyrlar. O hatam beýdip gitdi. Bäherdende ýaşap ýörkäk Hojanepesiň ýegeni Myrat öz ýany bilen asly Garagum obasyndan Ata diýýän bir oglan bilen geldi. Şonda olar Hojanepesiň kitaplary salnan ýaşşigi açyp göreli diýip haýyş etdiler. Menem ony açdyrmajak boldum- «Açsam, hersi birýan dagap gider» diýdim. Emma olar «Ýene öňküsi ýaly edip ýygnap goýarys» diýip, ýalbaryp duransoňlar rugsat berdim. Şonda Ata, Hojanepesiň golýazmalaryndan birnäçesini alyp: «Muň hiç ýerinde ýalňyş ýazylan zýat ýok. Men şuny äkidip öwrenjek» diýdi. «Aý, hanym, Hojanepesiň başyna-ha şu zatlar ýetdi. Soňam muny menden alanyňy hiç kime aýtma» diýip Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez sargadym. Soň Aşgabatda kyrk sekizinji ýylda ýer yrananda o neresse-de ýeriň astynda galypdyr. O golýazmalaram şoň bilem gitd. Abadan eje iki ogluny hem ata, hem ene deregine bolup ýetişdirdi. Uly ogly Edip Çaryýew Bäherdende wraç/lukman bolup işledi. Ol 1983-nji ýylda tarpa-taýyn ýogaldy. Kiçisi Azat politehniki inistituty gutaryp, mehanik bolup işleýär. Abadan eje uly agtygyna Hojanspesiň adyny dakdy. Ol häzir goşun gulluynda. Durmuşyň çarkandakly ýollarynda ejizlemän, edermenlik ýoluny geçen bu garry enäniň söhbeti meni biçak tolgundyrdy. Iň agyr günlerde-de Hojanepesiň merdana keşbi, aýdan sözleri oňa goltgy berdi. Otuzynjy ýylarda Hojanepesiň kurortdan satyn alyp gelen hasasyny garry ene apalap saklapdyr. Bu ondan galan ýalňyz ýadigärlik. Bu günki gün bolsa şo hasa ýetmiş dokuz ýaşly garry enä oturanda-turanda söýget bolýar. **** Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez ÝATLAMALAR I RUHY ALYÝEW Ýazyjylar guramasynyň başlygy H.Çaryýewiň 60 ýaşyna!2 Men Hojanepes Çaryýewiň adyny 1927-nji ýyllarda eşidipdim. Şol ýyllarda onuň özi bilen duşuşmasam-da, şygyrlaryny metbugatda köp okapdym. Ol edebiýata habarçylyk üsti bilen gelenlerden biridi. Hojanepes ýaşlygyndan uly zähmet mekdebini geçipdi. Ol täze guralan sowet mekdebinde sowat alandan soň, obada dürli işlerde işläpdi. Ol ilki daýhançylyk edýär, soňra Bäherden demirýoly ussahanasynda, ýene birnäçe wagtdan soň bolsa Aýdyň stansiýasynda demirýol işçisn bolup işleýär. H. Çaryýew Türkmenistan komsomolynyň düýbüni tutujylardan biridi. Ol 1923-nji ýylda komsomol hataryna giripdi. Respublikamyz guralandan soň oba Sowetiniň sekretary bolup işlemek bilen, şol ýyllarda geçirilen ýer-suw reformasyna işeňňirlik bilen gatnaşypdy. Durmuşyň jümmüşinde ýaşan, oba durmuşynyň şol ýyllardaky gapma-garşylyklaryna aýdyň göz ýetiren, şol döwrüň aýgytly synpy göreşiniň aýylganç sahnalaryny gözi bilen gören Hojanepes, şol wakalara işeňňir gatnaşmak bilen, täze çykyp başlan ýerli gazet-žurnallaryň aktiw habarçylaryndan biri bolupdy. Soň-soňlar, Hojanepesiň özi bu hakda örän gyzykly gürrüňler, ýatlamalar aýdyp bererdi. Hojanepes şol ýyllarda Türkmenistanyň iň aktiw habarçy žurnalistlerinden biridi. Ol diňe «Türkmenistan» gazetine habar ýazmak bilen çäklenmän, «Ýaş kommunist», «Daýhan» gazetlerine we «Tokmak» žurnalyna hem habar ýazýardy. Soňra bolsa ol goşgular, feletonlar ýazyp başlady. Hojanepesiň özüniň aýtmagyna görä, onuň satiriki goşgular ýazmagynda B. 2 Türkmenistan kommunisti. Nr. 12, 1966 Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez Kerbabaýewiň (Kepje sakal), G. Burunowyň (Pişge murt) «Türkmenistan» gazetinde we «Tokmak» žurnalynyň sahypalarynda çykýan satiriki we ýumoristik goşgularynyň, feletonlarynyň täsiri güýçli bolupdyr. Hojanepes olaryň däbine eýerip, «Daşdeşen» diýen lakam bilen bir topar satiriki hem-de ýumoristik goşgular ýazýar, metbugatda çap etdirýer. Hojanepesiň isle satiriki we ýumoristik goşgulary bolsun, isle beýleki goşgulary bolsun, olaryň ählisi şol ýyllaryň aýgytly synpy göreşi bilen baglanyşyklydy. Şol ýyllaryň işeňňir çleni komsomol Hojanepes syýasy tarapdan örän ýiti düşünjelidi. Şonuň üçinem, onuň goşgularynda synpy duşmany düýp-teýkary bilen ýok etmek, olary masgaralamak hem-de olaryň ähli pirimlerine gaýtawul bermek hyjuwy bardy. Şol goşgular çuňňur syýasy äheňe ýugrulypdy. «Turkmenistan» gazetiniň redaksnýasy 1929-njy ýylda H. Çaryýewi habarçylar bölüminiň müdiri edip, redaksiýa işe aldy. Hojanepes bu wezipede özüni gowy guramaçy we professional gazetçi hökmünde tanatdy. 1930-njy ýylda redaksiýa ony Daşkentdäki Orta Aziýa Kommunistik uniwersntetinin (SAKU) žurnalistik bölumine okuwa iberdi. H. Çaryýew ol ýerde iki ýyllap okansoň, ökde žurnalist bolup, Aşgabada redaksiýa işe gaýdyp geldi. Ol birneçe wagt Türkmenistanda habarçylar hereketiniň başynda durup, şol ähli- halk hereketine ýolbaşçylyk etdi. Ol raýon we oba ýerlerinde habarçylaryň ýagdaýynyň kyndygyna düşünýärdi hem olara hemnşe çynlakaý goldaw berýärdi. Hojanepes Çaryýew Daşkentde okan mahalynda, marksizm-leninizm teornýasyny öwrenmekden başga-da, rus we doganlyk halklaryň edebiýaty bilen ýakyndan tanyş boldy, köp zatlar barada olardan tälnm aldy. Hojanepes döredijilnk meýdanyna 1927-nji ýyda giripdi. Emma onuň döredijiligi 1930-njy ýyllardan başlap has rowaçlandy. Zehinli şahyryň metbugatdan çeper edebiýata gelmegi, onuň döredijiligine täsirini ýetirdi. Synpy göreş temasynyň onuň poeziýasyndan eriş-argaç bolup geçmeginde metbugatyň täsiri şübhesizdir. Onuň goşgularyny okanyňda, ýaşan döwrünnň jemgyýetçilik gatnaşyklary aýdyň göz öňüne gelýär. Şol goşgular öz döwrüniň letopisidir/ beýannamasydyr. Hojanepes Çaryýewiň poeziýasynda iki ugur: syýasy lirika hem ýumoristik, satiriki goşgular agdyklyk edýär. Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy «Hüjüme» giren goşgular munuň şaýadydyr. Hatda onuň ilkinji kitabyna dakan ady-da şol döwrüň jemgyýetçilik durmuşynda synpy göreşiň aýgytlaýjy rol oýnandygyna güwä geçýär. Hojanepes Çaryýew 1932-nji ýylda Daşkentden okuwyny tamamlap geleninden soň ony “Daýhan” gazetiniň relaktory edip bellädiler. Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez BK(b)P Merkezi Komitetiniň 1932-nji ýylyň 23-nji aprelinde kabul eden taryhy kararyndan soň Hojanepes döredijilik işine has ymykly ýapyşdy. Ol liriki goşgulardan sýužetli poemalar ýazmaklyga geçdi, proza we edebi tankyt barada hem ukybyny synap başlady. Ol umumy häsiýetde ýazylan ritoriki we agitasion häsiýetli goşgulardan, durmuş hakykatyny real suratda dogruçyl beýan eden anyk mazmunly goşgulara, poemalara geçdi. Onuň «Zarpçy Nabat» diýen şygry, «Oktýabr ogly» we ýazylyp gutarmadyk «gaça-gaçlyk» poemalar şahyryň durmuşynyň giň realistik kartinalaryny çekmäge başlandygyny subut edýer. Ýokarda agzalan karar esasynda çagyrylan Turkmenistan sowet ýazyjylarynyň birinji gurultaýy (19341 Hojanepes Çaryýewi Turkmenistan sowet ýazyjylary soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy edip saýlady. Hojanepes şol döwürden döredijilik işine has tutanýerlikli girişip başlady. Onuň döredijilik güýji we guramaçylyk ukyby köp işler bitirmegine mümkinçilik berdi. Ol partiýanyň talaplaryna laýyklykda, ähli ýazyjylary döredijilik guramasynyň töweregine jebisleşdirdi. Köp sanly zehinli ýaş ýazyjylary terbiýelemek meselesini guramanyň öňünde duran esasy wezipeleriň birine öwürdi. Az wagtyň içinde ýazyjylar guramamyz ýaş ösdürimleriň hasabyna has ösdi. Oňa bir topar zehinli ýaşlar — Rehmet Seýidow, Nurmyrat Pomma, B. Seýtäkow, Kemal Işanow, Nurmyrat Saryhanow, Durdy Haldurdy, G. Esenowa, Garly Hemraýew dagy geldi. Ýazyjylaryň arasynda bolan käbir agzalalyk we toparçylyk meýilleriniň soňuna çykyldy. Durmuşy içgin öwrenmek, täze gahrymanlaryň ynandyryjylykly obrazlaryny döretmek we edebiýatyň tematikasyny hem-de ýazyjylarymyzyň göz ýetimini giňeltmek üçin bir topar çäreler görüldi. Şol maksady amala aşyrmak üçin, ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň karary bilen ýazyjylar kolhozlara we önümçilik kärhanalaryna komandirowka iberildi. B. Soltannyýazowyň «Donbas» poemasy, A. Nyýazowyň «Iň soňky gije» powesti, H. Şükürowyň «Azatlyk» poemasy we başga-da birnäçe eserler hut şeýle komandirowkalaryň netijesinde ýazylan eserlerdir. Şol ýyllarda biziň ýazyjylarymyz rus we dünýä edebiýatynyň iň gowy nusgalaryny türkmen diline terjnme edip başladylar. Rus poeziýasynyň guwanjy A.S.Puşkin’den edilen ilkinji terjimeler bu uly we örän ähmiýetli işiň başlangyjydy. H. Çaryýewiň inisiatiwasy bilen edebiýatymyzyň iň tanymal we görnükli weknlleri terjime işine çekildi. B. Kerbabaýew, G. Burunow, Ýakup Nasyrly, A. Nyýazow, H. Çaryýew Puşkiniň ilkinji terjimeçileri boldular. Soňra bu ýazyjylar rus we dünýä edebiýatynyň bir topar meşhur eserlerini türkmen diline terjime etmek bilen, şol beýik söz ussatlaryndan, durmuşy realistlerçe beýan etmekligiň tärlerini, eseriň sýužetini we kompozisiýasyny gurmaklygy, obrazlary tip-leşdirmek, ussatlygyň syrlaryny öwrendiler. Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez H. Çaryýewiň Bütinsoýuz sowet ýazyjylarynyň birinji gurultaýyna gatnaşmagy, şol ýerde A. M. Gorkiniň dokladyny diňlemegi onuň ruhy dünýäsinde uly özgerişler döretdi, döredijilik gözýetimini giňeltdi. Ol çeper edebiýatyň biziň jemgyýetimizde oýnaýan roluna, partiýanyň, hökümetiň we halkyň edebiýatdan edýän talabyna has doly we dogry düşündi. Ol Moskwadan geleninden soň, uly joşgun bilen işe girişdi, ähli ýazyjylary hem aýaga galdyrdy. «Ýazyjy ýazmalydyr. Ýazmadyk adamyň, ýazyjylaryň arasynda bolmaga haky ýok. Muny bizden partiýa, hökümet, halk talap edýär. Kolhozçy hasyl, işçi önüm berýän bolsa, biz hem halka çeper eser bermelidiris!» diýip, ol Aşgabat ýazyjylarynyň gurultaýdan soň bolan ýygnagynda aç-açan aýdypdy. Bu sözler gepiň gerdişine aýdylyp goýberilen howaýy sözler däldi. Ýazyjy Hojanepesiň özi şeýle işlemegiň nusgasyny görkezýärdi. Ol özüniň iň meşhur eserlerinn şol gurultaýdan soň ýazdy. Ol şol bir wagtyň özünde «Gaçagaçlyk» diýen poemanyn, «Oslagsyz otyrkalar» diýen powestiň, «Zöhre-Tahyr» diýen peýesesiniň we «Gorkuly Tähran» diýen romanyň terjimesiniň üstünde işleýärdi. Şol ýyllarda ol birnäçe edebi-tankydy makalalaram ýazdy. Şeýle uly işe baş goşmak Hojanepesiň saglygyna belli derejede zyýan ýetirdi. Emma ol şonda-da dostlarynyň, doktorlaryň beren maslahatlaryna ullakan gulak gabartman, yzygiderli işleýärdi. Ol tüýs dörediji adamdy, şonuň üçinem, döredijilik meýdanynda galamdaş ýoldaşlaryndan yza galmak islemeýärdi. Bu işleriň üstesine ol Ýokary Sowetiň deputaty we TK(b)P Merkezi Komitetiniň çleni hökmünde, bir topar jemgyýetçilik işlerinem alyp barýardy. Ol ýazyjylar bilen hasam köp işleýärdi. Ýaş ýazyjylaryň we galamdaş ýoldaşlarynyň ara alnyp maslahatlaşyljak eserlerini mydama onuň özi hem okaýardy. Sebäbi ol ýazyjylar guramasynyň başlygy bolansoň, diňe öz eseri üçin däl, ähli ýazyjylaryň täze döreden eserleri üçinem özünde uly jogapkärçilnk duýýardy Hojanepes Çaryýew örän päk ýürekli adamdy. Ol hiç haçan daş-töwereginde bolup geçýän hadysalara biperwaý garap bilmezdi. Ol örän mähirli we ýumşak häsiýetli adam bolsa-da, prinsipli adamdy. Onuň ýigrenýen zady ikiýüzlülikdi. Şeýle bir waka ýadyma düşýär; Hojanepes Ýazyjylar soýuzyna başlyk saýlanandan soň, ýazyjylardan kimdir biri onuň ýanyna gelip, ýazyjylarymyzyň birini ýamanlapdyr, onuň Hojanepese «duşmandygyny» aýdypdyr. Hojanepes onuň gürrüňini soňuna çenli diňläninden soň: — Aýdanyň gowy boldy. Meniň ol adam bilen ömür dawalaşan wagtym ýok. Men onuň maňa näme üçin «duşmandygyny» bilemok. Häzir, men onuň özüne telefon edip, şu ýere çagyraýyn. Goý, gelsin, bu ýerde düşünişeris... Sebäbi, beýle zatlaryň ulalyp, soň bir topar adamlara iş bolup, olary-da işden goýmagy ahmal!—diýipdir. Şonda ýaňky habary getiren adam howsala düşüp: Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez — Ýok, gerek däl! Men ýöne seni habardar etmek üçin gelipdim!— diýipdir. Hojanepes şonda-da özüne mahsus mylaýymlyk bilen, ol ýazyja öwüt beripdir: — Ony çagyryp, anyklamak gerek bolmasa, beýle habarlary gezdirmek hem gerek däl! Beýle gürrüňler diňe ara bulaşdyrýar. Şondan soň gybatçylaryň Hojanepesiň ýanyna aýagy çekmedi. Ynha, Hojanepes şeýle adamdy! H. Çaryýew edebi tankydyň ösmegi üçin, uly alada edýärdi. Onuň özi hem birnäçe prinsipial makalalar ýazdy. H. Çaryýewiň şol makalalary şol ýyllarda biziň edebi tankydymyzyň iň gowy nusgalarynyň hatarynda durmaklyga laýykdyr. Bu ýagdaý ýöne ýerden ýüze çykmandy. Edebi tankytda RAP3-çylaryň goýberen ýalňyşlary we tankyda bir taraplaýyn çemeleşmekleri, şol hakda prinsipial gürrüň gozgamagy talap edýärdi. Edebi tankydy partiýanyň täze talanlaryna laýyklykda ösdürmek Ýazyjylar soýuzynyň öňünde durýan esasy wezipelerden biridi. Onuň «Tankyda dogry düşünmeli!», «Edebi tankydyň esasy meselesi» we başga-da birnäçe edebi tankydy makalalary şol niýet bilen ýazylan makalalardyr. Ol tankydyň öňünde duran meselelerden söz açanynda, edebi tankydy iki topara bölýär: 1. Öwrediji tankyt. 2. Owradyjy tankyt. Birinji, ýagny öwrediji tankyt hakda söz açanda, ol ýaş sowet ýazyjylaryny göz öňünde tutýardy. Tankytçylary olara öwretmäge çagyrýardy. Ikinji hili tankyt hakynda söz açanda, ol bize ýat ideýa ýugrulan ýazyjylary we eserleri nazarda tutýardy. Edebiýat meýdanynda duşmançylykly ideýa ýol berilmeli däldigini nygtaýardy. H. Çaryýew öz çykyşlarynda we edebi tankydy makalalarynda şeýle prinsipial meseleleri batyrgaýlyk bilen öňe sürýärdi. Rus sowet ýazyjylarynyň ikinji brigadasynyň düzüminde Türkmenistana gelen Pýotr Skosyrew’i Keminäniň täleýi örän gyzyklandyrypdy. Ol Kemine hakynda ýörite powest ýazmak hyýalyna düşüpdn. Materialyň ýetmezçiligi we käbir faktlary anyklaşdyrmak üçin, ol Hojanepes Çaryýezden kömek sorapdyr. Men şol ýyllarda Keminäniň ömri we döredijiligini öwrenýärdim. Hojanepes bu işden habarlydy. Şonuň üçinem, ol P. Skosyrewiň hatyna jogap berende, oňa meni salgy beripdir. Kemine hakynda ähli meseleler boýunça maňa ýüzlenmegi oňa maslahat beripdir. Hojanepes şonda meni öz ýanyna çagyrdy, özüniň Skosyrewe ýazan haty, oňa beren maslahaty bilen tanyşdyrdy, «Ruhy, rus ýoldaşlar biziň halkymyz, biziň respublikamyz hakynda bir zat ýazjak bolýalar, olary her taraplaýyn goldamak gerek. Bu biziň borjumyzdyr» diýip, maňa ýoldaşlarça tabşyryk berdi. Bu fakt onuň diňe özüni bilmän, ähli ýazyjylaryň durmuşyny, olaryň meşgul bolýan işlerini gowy bilýändiginiň şaýadydyr. Ony ähli ýazyjylaryň döredijilik täleýi gyzyklandyrýardy. 3 Respublikan Assosatsiýa Pisatel... Respublikanyň ýazyjylar jemgiýeti. Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez ÝATLAMA II NAGYM AŞYROW (H. Çaryýewiň doglan gününiň 70 ýyllygyna4) 30-njy ýyllardaky türkmen ýazyjylarynyň içinde iň zähmetsöýer, iň öndümli işlänleriň biri merhum Hojanepes Çaryýew bolsa gerek. Wagt jähtden onuň edebiýat meýdanyndaky ykbaly örän gysga boldy, bary-ýogy on ýyl çemesi. Emma şu aralykda onuň bitiren işlerini göz öňüne getirseň, ýazyjynyň ýetişikliligine, işjeňligine geň galýarsyň we hormatlaýarsyň. Şahyryň edebi mirasynyň arasynda ýüze golaý goşgy, üç poema, iki pesa, bir powest, köp sanly terjime eserleri (diňe Puşkinden edilen terjime üç ýüz setire ýetýär), ençeme makala, doklad bar. Bularyň hemmesi ýazyjynyň öndümli we hertaraply işlänine güwä geçýär. Şonuň üçinem Hojanepes Çaryýewiň egindeşi, görnükli sowet şahyry Şaly Kekilowyň şo ýyllaryň gyzgalaňly işleri barada gürrüň açyp bir gezek «Bu günler ýazyjy-şahyrlaryň köpüsiniň hyjuwly işleýän döwri. Ýöne göwnüme bolmasa, Hojanepes Çaryýew bilen Ata Nyýazow has köp işleýän ýaly, olaryň haçan ýatyp, haçan turanyny bilip bolanok, haçan görseň iş bilen gümra» diýeni hakykata laýyk gelýär. 4 “Sowet Edebiýaty”, nr.12, 1976 Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez H. Çaryýewiň öz wagtynda bitiren işlerini ýazyjynyň işjeňligi we ýaşan döwrüniň aýratynlygy bilen kesgitlemek bolar. Hojanepes Çaryýew «beýik öwrülişik» ýyllarynda, sosialistik ykdysadyýetiň güýçli depgin bilen ösýän döwründe edebiýat meýdanyna geldi. Ykdysady durmuşyň güýçli ösmegi sosialistik medeniýetiň pajarlap ösmegine, çeper edebiýatyň jemgyýetçilik rolunyň güýçlenmegine mümkinçilik döretdi. Sosialistik edebiýatyň wekilleri — sowet ýazyjylary döwrüň talabyna mynasyp eserleri döretmeli boldular. Çalt depgin bilen ösýän, öňe gidýän halkyň medeni talaplaryny kanagatlandyrýan çeper eserleri döretmek üçin ýazyjynyň hyjuwly işlemegi, ýadaman zähmet çekmegi gerekdi. Hojanepes Çaryýew jepakeş we işjeňňir adamdy. Onuň bu häsiýeti ýaşlykdan döräpdi, ol çagalykdan agyr durmuşyň kynçylyklaryny çekipdi we zähmet bilen bişişipdi. Onuň kakasy/dädesi Çary aga bütin ömrüni pil depip geçiren adam. Suwuň gaty gyt wagytlaynda hem häňňek-zat gazyp, ýagyş-ýagmyr suwlaryny saklaýar we arpa-bugdaý, gawun-garpyz ekip, ölmez-ödi gün dolandyryp gelýär. Ýäne 16-njy 17-nji ýyllaryň açlygy we şol ýyllarda dörän garahassalyk, ençeme beýleki hojalyklar ýaly, Çary aganyň hojalygyny hem tozdurýar. Bu hakda H. Çaryýewiň maşgalasy Abadan eje şeýle diýýär: Pajygaly wakany maňa Hojanepesiň özünden uly aýal dogany Jeren eje aýdyp beripdi. — «Meni gaýyn öýümden alyp gaýtdylar, ýöne birbada hiç zat aýtmadylar. Diňe atam öýüme golaýlamda: «Siziň içeriňiz gutardy, ýöne gorkmagyň» diýdiler. Men ine, şondan, soň näme bolanyny bilip galdym. Gelip görsem diňe kakam bilen jigim Hojanepes galan ekeni. Ejem Ogultuwak. uýam Aýtuwak. doganym Hojamuhammet, onuň gelni Oguljahan dördüsi üç günüň içinde garahassalyk zerarly ýogalypdyrlar eken». Bu uly ýitgiden soň Çary aga esli wagtlap özüni tutup bilmeýär, hojalygyny dikeldip bilmeýär. Munuň netijesinde Hojanepes «bagt gözläp »Bäherden stansiýasyna gelýär, demir ýola işe geçýär. Onuň işe berdaşly ýigit bolandygyny men ilki tanyş bolan günümiz aňypdym. Biziň hormatly şahyr bilen ilkinji tanşan döwrümiz bolsa otuzynjy ýyllara düşýär. 1931-nji ýylyň iýul aýynyň ortalarydy. Biz Daşkentde institutda okaýardyk. Sagat iki töwereklerinde ýoldaşym merhum Hally Şahberdyýew ýanyma gelip: Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez Okuwyňy gutardyňmy?— diýdi. — Hawa, ýaňyja gutardyk. — Indi näme iş etmekçi bolýarsyň? — Öýe gaýdaýmasam. — Onda ýör, SAKU-a (Orta Aziýa Kommunistik uniwersiteti) gideli, men seni bir gowy adam bilen, talantly şahyrymyz Hojanepes Çaryýew bilen tanyş edeýin — diýdi. Meň onuň adyny eşipdim, emma özüni tanamaýardym. Şoňa görä, beýle teklibi üçin Halla minnetdarlyk bildirip, yzyna düşdüm. Hojanepes Çaryýew şol ýyllar Daşkentdäki Orta Aziýa Kommunistik uniwersitetiň metbugat bölüminde okaýardy. Biz baranymyzda ol öz jaýlarynda leksiýalaryny göçürip oturan ekeni. Bizi görüp, derrew ýerinden turdy, gadyrly görşüp, bize ýanyndan jaý görkezdi. Men oňa syn etdim: ol uzyn boýly, boldumlaç ýüzli, eginlek, sagdyn ýigitdi. Buýra saçlary togalak kellesini örtüp durdy, gözleri ýitidi, dykgatly seredýärdi, örän daşdan görýän ýalydy. Elleri uludy we gurjurlydy, men görşenimizde, birden onuň ellerine seredenimi duýman galypdyryn. Täze tanşym bolsa ony duýan ekeni. — Beýleki myhmanlar ýüzüne seredegen bolýar, sen bolsa, halypa, meniň ellerime seretdiň — diýdi. Onsoň özem ellerine seredip: — Hawa, bu eller zähmet bilen berkändir. 16-njy, 17-nji ýyllaryň kynçylygy we garahassalyk zerary ýüze çykan pajygaly ýagdaýlar bizi ýaman aljyratdy, uly maşgaladan diňe garry kakam ikimiz galdyk. Onsoň men şähere gelip, demir ýola işe geçdim. O ýyl gyşam agyr düşdi, egineşiklerimiz bolsa ýukady. Üşemejek bolup bütin gün hereket ederdik. Ýola düşelýän şalmanlary götermelidi, men bolsam entek ýaşdym. Iş gutaransoň, egnimi alyp bilmezdim, soň-soňlaram egnim awap duran ýalydy — diýip, sag çignine seretdi. Onsoň ýene sözüni dowam edip: — Ýöne weli onuň öwezine o ýerde men rus işçileri bilen tanyşdym, şolaryň kömegi bilen hatsowadymy çykardym, komsomola girdim, garaz durmuş ýoluna gadam basdym. Şonuň üçin men ol ýönekeý, mähriban adamlara hemişelik minnetdar — diýdi. Onsoň ol ýaňja demlän çaýyndan her haýsymyza bir käse guýdy-da: Hany indi, seniň gezegiň. Meni öz durmuşyň bilen biraz tanyş et—diýdi. Men beýle soraga garaşmandym, şonuň üçin bir- bada nähili başlajagymam bilmedim. — Meniň terjimehalym örän gysgajyk. Kakamyz daýhan, siziň kakaňyz ýaly, hemişe ýer depip, ekin ekip geldi. Bir käliň içinde tanap ýarym ýerimiz bardy. Ýerligi ýaman däldi, ýöne belentlipeslidi, suwarmak bir işdi. Kakam ony düzlejek bolup köp jepa çekdi, emma göwnejaý düzläp Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez bilmedi. Ýaňyrak traktor bilen düzlediler. Başda menem siziň ýaly atam-eneme kömekleşerdim. Soň bolsa internada okuwa girdik. Kakamyň inisi şäherde milisiýanyň naçalnigi bolup iş- leýärdi. Bir gün gulluk wezipesi bilen Mara gaýtdy, şonda dogan- oglanym Gurban ikimizem özi bilen alyp gitdi we Marydaky Kemine internadyna okuwa berdi. Bir ýyl okanymyzdan soň Tagta- Bazaryň özünde internat açyldy, bizem soňra şoňa geçdik. Ony gutaranymyzdan soň bolsa, Daşkende gelip, INPORSA girdik. Bu ýerde alty ýyl okap öten ýyl gutardyk. Ol meniň sözümi üns berip diňledi. Onsoň: — Ýok, seniň terjimehalyň kiçi däl, kyn şertlerde şunça ýyl jepa çekip okamak, bilim almak, ol tutanerliligiň alamaty — diýdi. Her bir zady başdan dogry başlamaly, ilki başda dogry başlanan işiň soňam köplenç gowy bolýar. Adam soňam şol başdaky asylly däbine uýjak bolup çalyşýar. Şu jähtden men-ä seniň ýagdaýyňy gowy gördüm. Geljekde hem işiň şowly bolsun — diýdi. Biziň gürrüňimiz şu ýerik gelende, Hally Şahberdiýew: — Näme diýseňizle, iň gowusy ýörüň bize gideliň. Meniň külbejigimem görersiňiz. Galan gürrüňlerem şo taýda edäýeris — diýdi. Biz üç adam bolup şähere çykdyk. Karl Marks köçesi bilen ýöräp barýarys, üçümiziňem boýumyz, göwrämiz bir deňräk bardy ýöne Hally bizden sähelçe uzyndy. Hywa köçesi bilen ýöräp, «Türkmen bazaryna» bardyk. Şo ýerden bir kilo et bilen bir azajyk käşir aldyk-da, Hally Şahberdiýewiň jaýyna bardyk. Onuň ýeke özi ýaşaýardy. Bir otagly kiçijik jaýy bardy, içinde «Meniňki bolsun» diýer ýaly zady ýokdy: bir demir krowat, kiçijik stol, iki sanam köne oturgyç. Ýöne bularyň deregine onuň kitaplary köpdi. Tekjeler, penjiräniň öňleri kitapdan doludy. Olaryň köpüsi sosiologiýa, filosofiýa, sungata we dil-edebiýata degişli kitaplardy. Kitaplaryň köpüsi rus dilindedi, ýöne tatar, özbek, türkmen, azerbaýdjan dillerinde ýazylanlary hem az däldi. Hally Şahberdiýew kitaby köp okaýardy, sowatly adamdy. Onsoň ol ýeňini çyzgap, palaw bişirmäge başlady. Birdenem oýunlyga salyp: — Hojanepes, ýa goşgy düz ýa-da sogan art — diýdi. Onda Hojanepes Çaryýew: — Iň gowusy men goşgy düzäýeýin, sogany aşpeziň özi dograsa gowy bolar — diýdi. Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez Halla geregem şody, ol Çaryýewiň «Ýüzüniň ugruna» goşgy düzýän şahyrlardandygyny maňa bildirmek isläpdi. Şeýdip, H. Şahberdiýew nahar bişirmäge başlady, men käşir dogramaga, H. Çaryýew bolsa goşgy düzmäge. — Haýsy temadan? — Öwüt-nesihat temasyndan, «Göroglydan», Magtymgulydaýa başlaber. Aradan bir sagat çemesi geçensoň, Hally daşarda nahar bişirip oturan ýerinden: — Hojanepes ne beýle köp oturdyň, ýa zat çykanokmy?—diýip gygyrdy. — Çykar-la, bir bendi galdy, ýene bäş-alty minut garaş — diýip, ýazmasyny dowam etdirdi. Birazwagt geçensoň bolsa, ine şu setirleri okap berdi: Bir kişi gapyňdan gelse, Habaryn alyjy bolgun, Ýa-ha uly, ýa-ha kiçi, Ýüz berip gülüji bolgun. Birisi ýagşylyk etse, Nanyn berip, etin kesse, Aradan kyrk ýyl hem ötse, Ýerine salyjy bolgun. «Ýagşy niýet-ýarym döwlet», Dostuň gelse etgin hyzmat, Eger duşaýsa bir bihezzet, Ýanyndan galyjy bolgun. Ýaşulular ýüzleşende, Içgin-içgin gözleşende, Laga-laga sözleşende, Manysyn biliji bolgun. Ýagşy gülüň burky bardyr, Aşygy nirde bimardyr, Görseň oňa dünýä dardyr, Derdini alyjy bolgun. — Munyň-a boljak. Ýöne, dogry, kapyýalarynda käbir büdür- südürlik bar, olaram soňra taraşlanyp giderd-ä. Goşgy arap harpy bilen ýazylypdy. Men bäş-alty gezek içimden okap, ýat etdim. Soň Hally Şahberdiýew: — Bu goşgy elmydam biziň bu duşuşygymyzy ýatladyp durar diýip,epläp jübüsine saldy. Goşgy okalýança naharam taýyn boldy. Hallynyň palawy oňat bolan ekeni, biz hezil edip iýdik we öý eýesine minnetdarlyk bildirdik. Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez Nahardan soň çaý içildi. Çaý başynda edebiýat barasynda hem gürrüň boldy. H. Şahberdiýew meşhur türkmen ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň ýaňyrak özbaşyna kitap edilip çykarylan “Amyderýa” poemasyny görkezip: — Okadyňmy?— diýip, Çaryýewden sorady. — Hawa, okadym. — Okan bolsaň, hany bu hakda seniň pikiriň nähili? — Umuman poema maňa ýarady, gowy düzülipdir. Ýöne kemçilikleri hem ýok däl. — Meselem? — Meniň pikirimçe, eserde şekillendirilýän döwrüň sosial äheňleri ýeterlik görkezilmändir. Ondan bu ýansynam, men ýörite bir zat ýazmak niýeti bilen okamamsoň, öz belliklerimi häzir gowy aýdyp bilmesem gerek. — Menem seniň pikiriň bilen ylalaşýaryn. Mundan başga-da poemany okanyňda, awtoryn natural şekillendirişe has köpräk üns berenini duýýarsyň. Onsoň Hojanepes Çaryýew: — Wagtam bir çen boldy, ertir bolsa hemmämiznň leksiýamyz bardyr, birneme taýynlansak nädýär?— diýip, öý eýesinden rugsat sorady. Ol bizi tramwaýa barýança ýola saldy. Ine, halkyň wepaly ogly, sowet edebiýatynyň görnükli wekili Hojanepes Çaryýew bilen meniň ilkinji tanyşlygym şular ýaly ýagdaýda doganlyk Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde 43 ýyl mundan öň bolup geçdi we ömürlik ýatda hem galdy. Soňra Hojanepes Çaryýewe birküç gezek gabat geldim. Hatda bir gezek bile teatra hem gitdik. Şu hakda birki agyz aýtmaly, çünki bu duşuşygymyzyň edebiýat bilen we şahyryň keşbini görkezmek bilen dahyly bardy. Men sapagymy gutaryp, SAKU-yň okuw jaýyndan çykyp barýarkam, gapynyň agzynda Hojanepes Çaryýew pete-pet geldi. Salamlaşdyk, saglyk-amanlyk soraşdyk. Onsoň ol: — Şu gün agşam biz teatra gitmekçi, belki bile gideris? — diýdi. — Gidäýeris. Agşam men belleşen wagtymyz bularyň ýanyna geldim we hemmämiz birlikde teatra ugradyk. Özbek döwlet drama teatry o döwürde köne şäherde bolýardy. Bize Hamza Hekimzadanyň «Baý we batrak» eserini görkezdiler. Men bu eser bilen öňden tanyşdym, şeýle hem bolsa üns berip diňledim, artistler örän taýýarlykly ekenler, biçak gowy oýnadylar. Teatrda otyrkak käwagt bir gözümiň gytagy bilen H. Çaryýewe seredýärdim. Ol dünýäni unudan ýaly, başdan-aýak gözüni gyrpman spektakla seretdi. Diňe käbir özbekçe düşünmedik sözlerini ýuwaşlyk bilen menden soraýardy. Oýun gutaransoň men ondan: Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez — Ýeri, nähili?— diýip soradym. — Örän gowy zat, uly täsir galdyrdy. Batragyň onuň gelinliginiň we baýyň obrazlary üýtgeşik işlenipdir, hiç ýatdan çykar ýaly däl. Umuman Hamza Hekimzada güýçli ýazyjy, men onuň käbir zatlaryny okadym — diýdi. Onsoň ýene sözüni dowam edip: — Şu hili zatlary biziň öz durmuşymyzdanam görkezmek boljak. Ýöne biziň gowy dramaturglarymyz entek gaty az — diýdi. Ýolda men ondan: — Siziň özüňiziň şular ýaly bütewi eserler ýazmak pikiriňiz ýokmy — diýip soradym. — Bar, ýazyjy hemişe geljekde ýazjak zatlary barada oýlanmaly bolýar. Ýöne olary haçan we nähili ýazjagymy entek açyk göz öňüne getirip bilemok. Geçmiş edebiýatymyzyň klassygy Mollanepesiň meşhur «Zöhre-Tahyr» dessanyny sahnalaşdyrmagy niýet edýärin. Onsoňam ýaşlykda adagly edilen bir gyzyň ykbaly barada eşiden bir sýužetim esli wagtdan bäri öz ugruma goýanak. Şulary ýazyp bolaýsady... Öňürti bilen, elbetde, okuwy gutaryp, sag-aman Aşgabada barmaly, galanyny hem şo ýerde görüberýäs-dä. Hojanepes Çaryýew Daşkentden 32-nji ýylda gaýtdy. Aşgabatda bolsa ol ýyllar edebiýat barada ägirt uly işler alnyp barylýardy. Mälim bolşy ýaly 32-nji ýylyň aprel aýynda partiýanyň Merkezi Komitetiniň «Edebi-çeperçilik guramalaryny üýtgedip gurmak hakyndaky» belli karary çykypdy. Bu kararyň yz ýanyndan bolsa türkmen ýazyjylary tarapyndan uly joşgun bilen garşy alnan Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň TSSR Sowet ýazyjylarynyň soýuzyny döretmek baradaky karary bolupdy. Partiýanyň kararlary we görkezmeleri sowet edebiýatyny mundan beýläk ösdürmek üçin ýazyjylaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde ägirt uly guramaçylyk we döredijilik wezipelerini goýupdy. Dessine ýazyjylaryň ýygnagy çagyrylyp, guramaçylyk komiteti düzülýär. Guramaçalyk komitetiniň sekretarlygyna şahyr Şaly Kekilow saýlanýar, başlyklygyna bolsa Hojanepes Çaryýew. Şeýlelik bilen H. Çaryýew türkmen sowet edebiýatyny ösdürmek barada şo ýyllarda alnyp barlan möhüm çöreleriň gyzgalaňly işleriň jümmüşine gelip goşulýar. Ol bir tarapdan Türkmenistan ýazyjylar soýuzynyň guramçylyk işlerine ýolbaşçylyk etse, ikinji tarapdan, güýçli depgin bilen ösýän sosialistik gurluşygyň talaplaryna laýyk çeper eserler döretmelidi. Bu Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez wezipeleriň hötdesinden gelmek üçin, ol öň hatardaky kommunist ýazyjy hökmünde tutanýerli işlemelidi. Men instituty gutaryp, Daşkentde ýene biraz wagt işledim, onsoň 34-nji ýylda bärik, Aşgabada çagyryldym. Bu ýerde ped-tehnikumda we pedagogiki institutda edebiýaty okadyp başladym. Aşgabada gelenimden soň ähli sowet halklarynyň edebiýaty ýaly, türkmen sowet edebiýatynyň hem bir tarapdan pajarlap ösýändigine akyl ýetirdim. Ilki Merkezi Komitetiň 32-nji ýyldaky karary, soňra ýaňy-ýakynda bolup geçen sowet ýazyjylarynyň Birinji gurultaýynyň kararlary, gurultaýda A. M. Gorkiniň we A. Ždanowyň çykyp geplemeleri-bularyň hemmesi sowet ýazyjylarynyň sosialistik realizm usuly esasynda sowet adamlaryna mynasyp eserler ýazmaklaryna mümkinçilik döredipdi. Türkmen ýazyjylary şu aralykda eýýäm ençeme çeper eserleri ýazýarlar. Bu döwrüde Hojanepes Çaryýew hem öndümli işleýär, ol köp sanly goşgular bilen bir hatarda, Ş. Kekilow we M. Gylyjow bilen şerikdeş «Garagum çöllerinde» diýen dramasyny döredipdi. Kolhoz gurluşygyna we Sowet häkimiýetine garşy baş göteren kulaklary, basmaçylary derbidagyn etmekde gahrymançylykly söweşen kommunistleriň, komsomollaryň we sowet esgerleriniň asylly işlerini wasp edýän bu drama öz wagtynda sowet tomaşaçylarynyň ünsüni özüne çeken eserleriň hataryna geçdi. Munuň yzy bilen H. Çaryýew özüniň köpden bäri arzuw edip gelýän temalaryna «Kohozçy gyzy» pesasyny we dramasyny (dramaturg B. Amanow bilen birlikde) ýazmaga girişýär. Ýaş wagtynda ata-enesi tarapyndan adagly edilen Doýduk diýen gyzy tymsal edip getirmek bilen täzäniň könä garşy arlyşyksyz çaknyşygyny görkezýän «Kolhnz gyzy» eserini awtor 36-njy ýylda gutaryp konkursa taşyrylýar. Ýaş höwesjeňler teatrlary üçin ýazylan eserleriň arasynda sylaga mynasyp bolan «Kolhoz gyzy» pesasy kolhoz we raýon teatrlarynda üstünlik bilen görkezilýär. Respublikanyň akademiki drama teatrynda uly üstünlik bilen görkezilen «Zöhre-Tahyr» dramasy bolsa 36-njy ýyllaryň ahyrlarynda ýazylyp gutarylýar. Şu aralykda awtor «Men garyp däl» poemasyn we ençeme liriki eserlerini ýazyp, köpçülige hödürleýär. H.Çaryýew proza žanrynda hem öz güýjüni synap görýär. Ýazyjy kolhoz durmuşyndan «Olara ölüm» diýen powestini ýazyp başlaýar. Şeýlelik bilen 33-nji — 37-njy ýyllar H. Çaryýewiň döredijiliginiň hertaraply ösen, kämilleşen ýyllary boldy. Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez Aşgabatda biz H. Çaryýew bilen birnäçe gezek duşuşdyk. Şolaryň birküç sanysynda edebiýat bilen baglanyşykly gürrüň boldy. 34-nji ýylyň dekabr aýlarynyň ortalarydy. Men Ors bazaryna gelýärkäm, tötänden H. Çaryýewe gabat geldim. Ol ýygnaga barýar ekeni. Biz salamlaşdyk. — Ýeri onsoň, Daşkent illeri niçik? — Oňatlyk, salam aýtdylar. — Salam getiren sag bolsun. Daşkent uly şäher, medeniýetli we çörekli. Bärden baran adamlarda oňat täsir galdyrýar. — Bu aýdanyňyz-a dogrudyr, biçak gowy şäher. Biz-ä onda köpem ýaşadyk, halys öwrenişen ekenik. — Ýeri, siziň ýagdaýlaryňy .nähili, işleriňiz gowumy? — Işler ýaman däl. Guramaçylyk işlerine ýetişer ýaly däl. — Döredijilik işleriňiz nähili? — Wagt boldugyndan-a ýazan bolýarys, ümsüm-ä oturamzok. Geçen ýyl goşgular ýygyndymyzy çykardylar, okap görensiňiz? — Hawa, okadym. —Ýeri nähili? — Birden aýtmak kyn, umuman, gowy täsir galdyrýar. Ylaýta-da «Garşylyk gansyz gutarmaz», «Hüjüm» goşgulary. Meniň düşünişim dogry bolsa, ýygyndydaky goşgular, dürli temalardan ýazylmagyna garamazdan, köne durmuşa garşy gönükdirilen eserler. Köneçillige garşy gönükdirilen pikirlerem bu ýerde ýöne bir sanalyp geçilmän, hüjüm edijilik häsiýetde berlipdir. Şu jähtden ýygyndynyň syýasy-terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Dogry, ýygyndyda pesiräk düzülen eserlerem ýok däl. — Seniň aýdýanlaryň dogry, ýygyndydaky goşgular hakykatdanam täzäniň artykmaçlyklaryny açyk görkezmekden, köne durmuşyň galyndylaryna garşy hüjüm etmekden ybaratdyr. Ýygyndyda birtopar eser ýerleşdirilendir. Köp zadyň içinde oňatlary bilen birlikde, guraksy ýazylanlarynyňam bolmagy tebýgydyr. Geljekde düzederis. Indi bolsa rugsat etseň, men gideýin. Ýygnaga barýaryn. Soň bir ine-gana gürleşeris. Biz hoşlaşdyk. H. Çaryýew bilen biziň ikinji duşuşygymyz, edebiýat baradaky ikinji söhbetimiz aradan bir ýyl geçensoň — 35-nji ýylyň ahyrlarynda boldy. 35-nji ýylyň ahyrky günleriniň birinde Aşgabat döwlet pedagogiki institutda edebiýatçylaryň giň mejlisi boldy. Şoňa institutyň mugallymlargadan, studentlerinden başga ýazyjylaryň hem bir Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez topary gatnaşdy. Şolaryň arasynda Oraz Täçnazarow, B. Kerbabaýew, H. Çaryýew, Ş. Kekilow, B. Soltannyýazow dagy bardy. Ýygnagy O. Täçnazarow açyp edebiýatymyzyň ýagdaýy hakynda. ýazyjylarymyzyň iş planlary barada gürrüň berdi. Soňra ýazyjylar çykyp, öz eserlerinden parçalar okadylar. B. Kerbabaýew «Ak altyn», O. Täçnazarow «Baýramaly», Ş, Kekilow «Azgyn» poemalaryndan bölek okadylar. Ýygnakda H. Çaryýew hem çykyş etdi. Ol ýokarda ady tutulan «Men garyp däl» poemasyny ýazmaga başlandygyny aýtdy we terbiýe meselesine bagyşlap düzen «Wellek han» poemasyndan bir bölek okap berdi. Ýygnakdan soň men H. Çaryýew bilen görüşdim. Edil şo wagt şahyr Ş. Kekilow hem onuň ýanyna geldi. H. Çaryýew meni Ş. Kekilow bilen tanyşdyrdy. Ol orta boýly, ak ýüzli, degişgen ýigitdi. Hojanepes Çaryýew bilen biziň soňky duşuşygymyz 36-njy ýylyň tomus aýlarynda, şahyryň «Men garyp däl» diýen täze poemasyny slýota/duşuşyga gelen kolhozçylara okap berenindeň üç gün soň bolup geçipdi. Öňküler ýaly bu gezek hem salamdan soň edebiýat barada söhbet başlanypdy. — Ýeri, işleriňiz niçik? — Işler ýaman däl ýaly. Kolhozlaryň bolşewik kolhozyna öwrülendigini, kolhozçylaryň günsaýyn gurplanyp barýandygyny görkezmek maksady bilen düzen poemamy köpçülige eltip okap berdim. Daşkentdäki arzuwlarymyzam birhili, hasyl bolan ýaly. «Kolhoz gyzyny» gutaryp, teatra tabşyrdym. «Zöhre Tahyram» tamamlap ýörüs. Bulardan başga, edebiýatymyzyň dürli meselelerine degişli käbir makalalaram ýazyldy. — Tankydy makalaryňyz birsyhly çykyp dur, bu gowy zat, ýöne bize çeper eserlerem gerek. Göwnüme bolmasa, siz bu ugurda soňky wagtlarda onçakly köp işlemeýän ýaly. — Ahmal, geljekde göz öňünde tutarys-da. Indi meniňem saňa bir maslahatym bar — sen ýazyjylaryň işine birneme ýakynlaşsaň nädýär? Men ýazmak-pozmak barada söz açýaryn. Sen biziň döredijiligimizi okaýarsyň, şolar boýunça gazet-žurnallaryň sahypalarynda çykyş ediberseň nädýär! — Men entek ýaş-la, başararmykam? — Näme başarman, hiç kimem muny enesiniň içinde öwrenenok. Ýazyberseň, bolubir. — Men pikirlenip göreýin. Onsoň men ýene özüm sorag berip başladym: — Siziň geljekki planyňyz nähili? Hojanepes Çaryýew Türkmeni Öwreniş Merkez — Edebiýat, barada käbir ýazjak zatlarym bar. Onsoňam şol powest («Olara ölüm») galyp barýar, şony bir gutaryp, aradan aýyrmaly. — Belki, siz ony roman edersiňiz? — Görmeli-dä. Ilki bilen-ä şol powesti bir gutarmaly, galanynam soň görüberýäris-dä. Emma ýazyja geljekki planlaryny iş ýüzüne geçirmek miýesser etmedi. Edebi-döredijilik işiniň şeýle mertebä ýeten döwründe ol şahsyýet kultunyň pidasy boldy. Halkyň wepaly ogly, talantly ýazyjy Hojanepes Çaryýewiň ölümi sowet edebiýaty üçin uly ýitgi boldy. ******