Türkmenistan Gysgaça maglumat
Transkript
Türkmenistan Gysgaça maglumat
Türkmenistan Aralyk Strategiýa Dokumenty (ASD) (Strategiýa) FY13-14 Ýurduň çäginde geçirilen maslahatlar Aşgabat,Türkmenistan Awgust 2-8, 2012 ý 1 Gysgaça maglumat Dünýä bankynyň ASD prosesi Aralyk strategik dokumenta degişli syn Türkmenistan – ýurda degişli maglumat. Türkmenistanyň milli ösüş strategiýasy. Dünýä bankynyň Türkmenistan bilen iş salyşmagy babatynda taryhy maglumat. Ösüş babatyndaTürkmenistanyň artykmaçlyklary we kynçylyklary. ASD – teklip edilen çemeleşme we nazarda tutulýan çäreler. World Bank Group Partnership Strategy Consultations 2 1 Dünýä bankynyň Strategiýa prosesi Aralyk Strategik Dokumenty (ASD): hyzmatdaşlyk ýola goýulýan mahalynda ulanylýar. 2012-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Dünýä bankynyň wise-prezidenti Philippe Le Houérou bilen duşuşygynda ylalaşylan giň ýörelgeler. Seljeriş we maslahat beriş boýunça ýardam bermekligi üns merkezinde goýmak (SMÝ/AAA) Durmuş-ykdysady ösüş babatyndaky milli strategiýa goldaw. Giňişleýin strategik we seljeriş okuwlary (Dünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýär). Meseleleri çözüp, karar almak boýunça özboluşly maslahatlaryň üpjünçiligi. (Töleg esasynda). Seljerişleri amala aşyrmakda gerek bolan maglumatyň elýeterliligi. Awgust aýynyň 2-8 aralygyndaky maslahatlaryň maksady Gyzyklanma bildirýän taraplardan seslenme almak 2014-nji ýylyň iýun aýy üçin çäreler maksatnamasyny anyklamak World Bank Group Partnership Strategy Consultations 3 Iki taraplaýyn çemeleşme Strategiýa we seljeriş nukdaý nazaryndan okuwlar Ösüşe degişlilikde mümkinçilikleri anyklamak we üýtgedip gurmak nukdaý nazaryndan artykmaçlyklar. Seljeriş okuwlaryň standart görnüşlerini öz içine alýar. Orta atylan meseleler giňişleýin öwredilýär. Dünýä bankynyň goýumlar býujetiniň hasabyndan maliýeleşdirilýär. Mysal: Maýa goýumlar durumyna baha bermek. Meseleleri çözüp, karar almak boýunça maslahatlar. Özboluşly reformalary “nähili edip” işläp düzmeli. Talapa laýyklyk. Aýratyn üns merkezi. Töleg esasyndaky hyzmatlar. Mysal: Tölegler ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy. World Bank Group Partnership Strategy Consultations 2 Dünýä banky Strategiýasynyň barşy ASD ýurduň çäginde hereket edýän orta ýa-da uzak möhletleýin tutuş durmuş-ykdysady ösüş strategiýany goldamak maksady bilen Dünýä banky tarapyndan işlenilip düzülen biznes plany öz içine alýar. Bu biznes plan dört sany esasy sütünden ybarat: Ýurduň öz strategiýasy – orta möhletleýin meýilnamalarda we geljekki 3-5 ýylyň dowamynda gaýry goýulmsyz diýlip kesgitlenen başugry; Bankyň hemme zady öz içine alýan wezipesi – ýaşaýyş derejesiniň has gowylaşmagyna ýardam bermek, ortaça girdejili ýurtlarda bolsa deň ösüşe aýratyn üns bermek, gurluş reformalarynyň oňaýsyz täsiriniň öňüni almakda, daşky gurşawa bolup biläýjek täsiri gowşatmakda, şeýle hem institusional mümkinçilikleri döretmekde ýardam bermek; Ösüş babatynda beýleki hyzmatdaşlar bilen utgaşdyrmak – Bankyň özi üçin bähbitliräk pudaklara üns bermegini we ösüş babatynda hyzmatdaşlarynyň beýlekileriniň durmuşa geçirýän çärelerine goşant etmegini üpjün etmek; we Esasy daşarky we içerki ösüşler – entek hem dowam edýär ýa-da garaşylýar we ösüş strategiýasynyň hem maksatnamasynyň tizligine we möçberine täsiri ýetmegi mümkin. World Bank Group Partnership Strategy Consultations 5 Strategik resminamanyň mazmuny Ýurduň ösüş babatyndaky strategiýasy Ösüş babatyndaky artykmaçlyklaryň we kynçylyklaryň seljerilşi Bank Topary tarapyndan teklip edilen maksatnama Gazanylan netijelere degişlilikde geçirmegiň we baha bermegiň binýady. World Bank Group Partnership Strategy Consultations monitoring 6 3 Maslahatlar we Strategiýa resminamany taýýarlamak Strategiýa (ASD) Dünýä bankynyň resminamasydyr, ýöne ol maslahat berijilik äheňde taýýarlanan. Gyzyklanma bildiren taraplaryň esasylary bilen ara alynyp maslahatlaşylan esasy elementler: Taraplar strategiýalaryň maksatlary barasynda gysgaça tanyşdyrylýar Bankyň işgärler topary gyzyklanýan taraplaryň seslenme bermegine şert döredýär Bankyň strategiýasy çeýe bolmak bilen wagtal-wagtal ara alyp maslahatlaşmalaryň geçirilmegine we özgertmeleriň edilmegine mümkinçilik döredýär Bankyň işgärler topary geçirilen maslahatlaşmalaryň dowamynda peýda bolan seslenmeleri hasaba alýar we olary strategiýa babatyndaky resminamanyň gutarnykly görnüşi taýýarlananda nazarda tutýar Seslenmeleriň gysga mazmuny köpçüligiň dykgatyna ýetirilýär Soňra strategiýa (ASD) Dünýä bankyna tabşyrylýar we onuň müdirler geňeşi tarapyndan ara alynyp maslahatlaşylýar. Diňe Dünýä bankynyň müdirler Geňeşi tarapyndan resmi taýdan ara alynyp maslahatlaşylyp, makul bilinenden soň strategiýa (ASD) gutarnykly diýlip hasaplanýar. Strategiýa (ASH/ ISN) ilat köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär. World Bank Group Partnership Strategy Consultations 7 Geljekki ädimler/ Berjaý edilmeli wagty Awgust aýynyň 2-8, 2012: Ýurduň çägindäki maslahatlar Awgust-Sentýabr, 2012: gyzyklanma bildiren taraplardan goşmaça seslenmeler almak we olaryň ýurduň öz hünärmenleri tarapyndan seljerilmegi Oktýabr 2012: ASD-yň Dünýä bankynyň ýerine ýetiriji müdirleri tarapyndan kabul edilmegi Şol bir wagtyň özünde, ASD-nyň çäreler maksatnamasy esasynda tölegli hyzmat babatyndaky ylalaşygy taýýarlamak. World Bank Group Partnership Strategy Consultations 8 4 Ýurduň durumy (1) JIÖ-niň ösüşi – 2010-njy ýylda 9.2%, 2011-nji ýylda bolsa14.7%. Ykdysadyýetde nebit we gaz pudagy agdyklyk etdi ( 2011-nji ýylda JIÖ-niň 55% tebigy gazyň paýyna düşmek bilen şol ýylky ösüşiň deň ýarysyny düzdi). 2007-nji ýyldan bäri JIÖ iki esse artan bolsa, 2005-nji ýyldan bäri JIÖ her adam başyna düşýän paýy üç esse artdy – 2012nji ýylyň aýagyna çenli bu görkeziji ortaça girdejili ilatyň ýokarky statusy üçin kesgitlenen $5,000 derejesinden geçer we soňky döwürde ösüş nukdaý nazaryndan ýagdaý şeýle bolmaklygyny dowam etdirse, 2016-njy ýyla çenli bu görkeziji ýene-de iki esse çemesi artyp, $11,000 ýeter diýlip garaşylýar. World Bank Group Partnership Strategy Consultations 9 Ýurduň durumy (2) Salgytdan gelýän girdeji, eksportdan bolýan düşewüntler, galyberse-de tutuş ösüş nukdaý nazaryndan ykdysadyýet we hökümet uglewodorodlara bagly bolup durýar — diýmek ykdysadyýeti we ösüş çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak zerurlygy bar. Orta möhletleýin ykdysadyýet nukdaý nazaryndan ýagdaý gowy görünýär, emma ýurduň nebitine we gazyna ýurduň çäginden daşda bildirilýän talapa we, öz gezeginde dünýä derejesinde ýüz berýän garaşylmadyk ýagdaýlara, hususan-da tebigy gazyň we işlenilmedik nebitiň nyrhlarynyň üýtgäp durmagyna bagly bolup durýar. Uly önümçilik we maliýe pudaklarynyň aglabasy entek hem döwlet eýeçiliginde bolmaklykda galýar, muňa garamazdan häzirki wagtda hususy eýeçilikdäki pudagyň uglewodorodlara bagly bolmadyk JIÖ-däki paýy ≥ 55% ybaratdyr. Ýurduň çäginde hojalyk hyzmatlary nukdaý nazaryndan tutuş ilata berilýän ýeňillikler döwlet býujetinden goýberilýän serişdeleriň hasabyna üpjün edilýär. World Bank Group Partnership Strategy Consultations 10 5 Ýurduň durumy (3) Türkmenistanda hemmetaraplaýyn durnukly ösüňe ýetmek üçin aşakda sanalyp geçilenler zerurdyr: Maliýe-býujet syýasaty – döwlet maliýe dolanşygyny pugtalandyrmak, döwlet tarapyndan edilýän maýagoýulmlaryň we hyzmatlar üçin edilýän çykdajylaryň netijeliligini artdyrmak we hilini gowylandyrmak . Maliýe pudagy – merkzi bank tarapyndan maksadalaýyk karz pul goýbermegi ýatyrmak, maliýe hasabatynyň halkara standartlaryny (MHHS/IFRS) girizmek, bank barlaglaryny pugtalandyrmak, karzlaryň hususy eýeçilikdäki pudaga elýeterliligini barha ýaýbaňlandyrmak. Ösüşiň barha artmagyna alyp barýan strukturalaýyn reformalar – işewirlik gurşawyny kämilleşdirmek (hususan hem kiçi we orta göwrümli şereketlerdir kärhanalar üçin), içerki we daşarky söwda ýardam bermek, hususy eýeçilikdäki pudagyň ösüşini çaltlaşdyrmak maksady bilen nyrhlar bilen kesgitlenilýän göterim derejesiniň arasyndaky tapawudy azaltmak Maglumat we hasabat – milli hasabaty halkara standartlaryna laýyk getirmek we hasabatlylygy we açyklykdyr mälimligi artdyrmak maksady bilen maglumat ýaýratmak. World Bank Group Partnership Strategy Consultations 11 Türkmenistanyň ösüş Strategiýasy, 2011-30 Ýakynda tassyklanan 2011-2030 ýyllar aralygynda durmuş-ykdysady ösüş boýunça Milli Maksatnamanyň (DYMM) esasy wezipeleri: uglewodorodlara bagly bolmadyk hususy eýeçilikdäki pudagyň ösmegini üpjün edýän ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak; • bazar gatnaşyklaryna esaslanan has kämil ykdysadyýete assa assadan geçmegi üpjün etmek; we • hemmetaraplaýyn durnukly ösüşe ýetmek. DYMM maliýe ulgamynyň ösmegini üpjün edýär, bu bolsa öz gezeginde hususy eýeçilikdäki pudagyň ösmegi üçin şertdir – netijede maksat hususy eýeçilikdäki pudagyň uglewodorodlara bagly bolmadyk JIÖ-däki paýynyň 2020-nji ýyla çenli 70 % barabar bolmagyny gazanmakdyr. Ilatyň durmuş ýagdaýy ykdysady we durmuş başugurlaryň utgaşdyrylyp durmuşa geçirilmegi netijesinde gowylaşar. Durmuş ýagdaýyny gowylaşdyrmaklyga niýetlenen başugry artdyrlan hemaýat we maksadalaýyk gönükdirilmek arkaly ilatyň orta synpynyň döredilmegini we ilatyň durmuş taýdan ynjyk gatlagynyň azalmagyny maksat ediner. Ýakynda tassyklanan Klimatyň üýtgemegi babatyndaky Milli Strategiýa milli başugurlaryň durmuňa geçirilmeginiň binýadyny üpjün edýär. • World Bank Group Partnership Strategy Consultations 12 6 DBT-yň geçen ýyllardaky hyzmatdaşlygy 1992-nji ýyldan bäri iki MAS (1997-nji ýylyň maý aýynda we 2001-nji ýylyň ýanwar aýynda), emma welin diňe üç sany karz – hukuk gatnaşyklary ýola goýmak/tehniki ýardam üpjün etmek, şäher transporty, suw üpjünçilik we lagym suwlar ulgamy üçin. 1998-2003 ýyllar aralygynda seljeriş we maslahat berijilik çäreleriniň 12 çemesi amala aşyryldy – bergileri dolandyrmak, oba hojalyk reformasy, nebit we gaz pudagynyň meseleleri (geçirijiler, üýtdedip abatlaşdyrmak, salgyt ulgamy), daşky gurşaw babatynda milli hereket meýilnamasy. Bankyň ýolbaşçy wezipesindäki resmileri 2006-njy ýylda Türkmenistana sapar bilen geldiler we möçber taýdan kiçiräk bir tehniki ýardam maksatnama boýunça ylalaşyga geldiler. Bu karz serişdeler esasynda maliýeleşdirilýän maksadalaýyk maksatnama bolmak bilen, guş dümewi (FY08), tölegler ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy (FY08), bilim pudagyna baha bermek (FY09), bank pudagyna syn (FY09), statistik hasabat mümkinçiliklerini kämilleşdirmek(FY09) şeýle hem garaşsyz gaznalara, hasabatlylyga we audite (ROSC) degişli syýasat boýunça maslahat bermek, gidrometi döwrebaplaşdyrmak , AML/CFT hukuk binýady we logistika ýaly komponentleri öz içine alýar. Şu çäreler kanagatlanarly geçirildi. 2012-nji ýylda bankyň ýolbaşçylarynyň Aşgabada resmi sapary mahalynda, Turkmenistanyň ygtyýarly wezipedäki resmileri DBT-y bilen hyzmatgaşlygyny ýaýbaňlandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir gezek nygtap aýtdylar. World Bank Group Partnership Strategy Consultations 13 Indiki hereketler… Türkmenistanyň ösüş strategiýalary we meseleler. ASD: teklip edilen çemeleşme we geçirilmegi mümkin bolan çäreler. World Bank Group Partnership Strategy Consultations 14 7